Ilkinji elibiýimiz Göktürk (men) elipbiýi.

Ilkinji Türk sözi agzalýan we ilkinji ýazuw ýadygärligi: Orhon ýazgylary.

Ilkinji Türk hatdady - ýazyjysy: Ýolly Tegin.

Mälim bolan ilkinji Türk şahyry: Aprynçur Tegin.

Ilkinji mesnewi, aruz ölçegli, didaktik we syýasatnama eseri: Ýusup Has Hajyp - Yusup Balasagunlynyň "Kutadgu Bilig" eseri.

Ilkinji türk dili sözlügi: Mahmyt Kaşgarly "Diwan-y Lugat at Türk"

Ilkinji türkçe sözlük: Şemsetdin Sami "Kamus-y Türki"

Ilkinji Tezkire (Biografik eser): Mejalisün Nefais - Alyşir Nowaýy.

Ilkinji Hamsa Ýazyjysy: Alyşir Nowaýy.
Ilkinji Ýatlamalar kitaby: Babyr Şa "Baburnama"

Ilkinji Syýahatnama: Seýdi Aly Reis "Miratul Memalik"

Ilkinji milli şahyr: Magtymguly Pyragy.

Sufist edebiýatynyň milli edebiýatda esaslandyryjysy: Magtymguly Pyragy.

Tasawwuf mowzukly ilkinji şygyrlar Tekke (Sufizm) edebýatynyň düýbini tutujy: Hoja Ahmet Ýasawy "Diwan"

Fabl görnüşinde ýazylan ilkinji eser: Şeýhi "Harnama".

Ilkinji Türk dessany: "Alp Är Tunga"

Türkleriň Ilkinji Yslam täsiri bilen ýazylan dessany: "Manas".

Ilkinji diwan Şahyry: Dehhany.

Neşir žanrynda ilkinji estetiki aýratynlyklary ulanan: Sinan Paşa

Ilkinji bibliografiýa: "Keşfüz Zünun" Kätip Çelebi.

Ilkinji Taryh we geografiya ensiklopediyasy: "Kamusul Alem"

Ilkinji roman terjime eseri: Ýusup Kamil Paşa, Fenelon "Telemak" .

Ilkinki ýerli roman: Şemsettin Sami " Taaşşuky Talat we Fytnat" 1872 ý.

Ilkinji edebi roman: Namyk Kemal "Intibah" 1876 ý.

Ilkinji taryhy Roman: Nabizada Nazym "Karabibik".

Ilkinji Realist roman: Recaizade Mahmut Ekrem "Araba Sewdasy".

Ilkinji psihologiki roman: Nabizada Nazym "Zehra".

Realist romanlary bilen saýlanan ilkinji türk ýazyjysy: Halit Ziýa Uşaklygil.

Ilkinji Zenan Roman ýazyjysy: Fatma Aliýe Hanym.
Ykrar edilen, üstünlik gazanan psihologiki roman: Peýami Safa "Harijiye Koguşu"

Azat edijilik hereketi (Halas boluş söweşi) barada ilkinji roman: "Ateşden gömlek".

Ilkinji Naturalist eser: Nabizada Nazym "Zehra"

Günbatar edebi tilsimlerine laýyk gelýän ilkinji eser: Halit Ziýa Uşaklygil "Aşky Memnu"

Taýýarlan: Rahym Esen

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir