Garyp maşgaladan bolan Annajamal ýaşlygynda özünden uly adama durmuşa çykarylýar. Olaryñ üç çagasy bolup, güzeranyny ýykma-ýykylma dolandyrýar. Beýik Oktýabrdan soñ Annajamal ilkinjileriñ biri bolup ýygnaklara, köpçüligiñ arasynda geçirilýän syýasy-terbiýeçilik işlere gatnaşýar. 1923-nji ýylda Gökdepe wolost komitetiniñ aýal-gyzlar arasynda iş alyp barmak baradaky guramaçysy bolýar. 1924-nji ýylyñ maýynda partiýa çlenligine kabul edilýär. 1924-nji ýylyñ martynda ol Orta Aziýa zenanlarynyñ Daşkentde bolan ülke gurultaýyna gatnaşýar. Türkmenistan Sowetleriniñ birinji gurultaýyna delegat bolup gatnaşmak hem Annajemalyñ paýyna düşýär. Annajemal köpçülige özüni aldyrýar. Obalara aýlanyp, täze durmuşa işeññir gatnaşmak barada aýal-gyzlar bilen yzygiderli gürrüñ geçirýär. Sowet häkimiýetini berkitmekdäki işeññirligi üçin üstünden gülünmelere, “kapyr”, “dinden çykan” diýen masgaralamalara döz gelmeli bolýar. Täzeligiñ duşmanlary munuñ bilen-de çäklenmeýär. Olar 1925-nji ýylyñ 6-njy apreline geçilýän gije Annajemaly wagşylarça gynap öldürýärler – tenine 34 ýerinden tyg ýarasy salynýar. Onuñ bilen birlikde adamsyny-da suwasalma ýençýärler. Kiçi ýaşly gyzjagazyny ýaralap, bir gyzynyñ nerwlerine bitniksiz zeper ýetirýärler. Ganhorlar tutulýar. Aşgabatda sud bolup, olara atuw jezasy berilýär.
Türkmenistanda aýallar hereketiniñ ilkinji pionerleriniñ biri Annajemaly jaýlamak prosesi uly demonstrasiýa öwrülýär. Şonda ilkinji gezek türkmen zenanlary gonamçylyga barýarlar. Bu bolsa şerigatyñ kada-kanunlaryna garşy gelýärdi.
Alynan çeşme: Türkmen Hanlary. Dekabr 2002 ýyl.

Taýýarlan: Gurban Geldiýew.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir