Gurban93
Sadap daşy we aýratynlyklary
Sadap daşy we aýratynlyklary
Sadap daşy organiki daş bolup, güýçli daşlar hataryna degişlidir. Topragyň energiýasyny özünde saklaýan bu gymmatly daşyň topragyň energiýasyny bedene berip, ençeme derde peýdalydygy ylmy hakykatdyr. Bu daş gadymyýetden bäri köp ýerlerde ulanylyp gelinýär.
Sadap daşy saglyk ulgamyndan başga...
Bir gyzyň ýatlamasy
Şol güni asyl şol wakany unudasym gelýär. Ýöne, unudyp bilemok...
Mekdep okuwçysy wagtym, 8nji synpdadym, mugallym bizi türkmen sähralyklarynyň biri Çüli jülgesini dynç almaga äkitjegini we onuň üçin belli bir mukdarda puluň ýygnanylýanyny aýtdy. Men begendim, ylgap diýen ýaly öýe bardym. Ejeme aýtsam:
-Gyzym, şu wagt bizin ýagdaýym...
Ballaryň derýa
Nury Annagylyç
(1911-1958)
Gülzara öwürer gözel meýdany,
Akyp gelýän mele silleriň, derýa.
Bize berer her günde köp peýdany,
Murguzarly gözel kölleriň, derýa.
Ozalky dek bolmaz suwlaryň zaýa,
Irýa bolup dagap gitmez her taýa,
Öwşünlep üstüňe saljakdyr saýa —
...
Dünýädäki diller barada
1. Dünýä dilleriniň Hindi Ýewropa topary: Muňa häzirki hindi,
eýran /pars/, ermeni, grek, alban, salawýan, baltika, german, kelt we roman
dilleri degişlidir. Bularyň-da aglabasy öz içinde ownukly-irili toparlara
bölünýärler.
2. Fin-ugr ýa-da ural diller topary: Muňa fin, karel, eston,
mordwa, perm, hanty, man...
Arap Gurbanowyň «Toprak» hekaýasynyň döreýşi
Anyk ýadyma düşenok, ýalňyşmasam, 2006-njy ýyl bolsa gerek. “Watan” radioýaýlymynyň “Ylham” bölüminde işleýärdim. Döredijilik edaramyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşinde abyrsyz köp işleri bitiren halypalarymyz bardy. Olaryň iş tejribesini öwrenmekden ötri, ýatda galyjy pursatlaryň, gyzykly ýatlamalaryň şaýady bolýardyk.
Bir geze...
Magtymgulynyň "Durupdyr" goşgusyna Çözgüt
Magtymguly:
Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin,
Ol ne humarbazdyr utup durupdyr.
Çüýrük saman eltip jahan bazarna,
Göwhere barabar satyp durupdyr.
Çözgüdi:
Ol humarbaz-mekir çarhy pelekdir,
Oýnany oýunda utup durupdyr.
Kimi gyzykdyrsa dünýä malyna,
Nebis üçin imanyn satyp durup...
Gözeller
Sazy: Akmuhammet Saparowyňky
Sözi: Ata Atajanowyňky
Aýdymy ýerine ýetirýän Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow
Gözeller gelýärler bu agşam çagy,
Gelýärler sonarlap al-ýaşyl bagy.
Gözeller soltany bir peri-peýker,
Men şonuň gurbany.
Wah, aldy jany.
Indi bir a...
Alber Kamýu we pelsepeleri
Alber Kamýu beýik fransuz ýazyjysy, filosofy we dramaturgydyr. Ol 1913-nji ýyldy Alžirde, Mondowi şäherinde dünýä inýär we 1960-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Fransiýanyň Sens şaherinde aradan çykýar. Ol 1957-nji ýyl Nobel edebiýat baýragy bilen sylaglanýar. Onuň "Saýry" romany Atajan Tagan tarapyndan terjime edilip, Dünýä Edebiýaty žurnalynda ilkinji...
Ýatyr
Aýdymy ýerine ýetirýär: Türkmenistanyň at gazan artisti Pälwan Halmyradow.
Tisginip oýandym gijäň ýarynda,
Bütin iller, ümsüm, parahat ýatyr.
Meniň ýüregimiň içki töründe,
Hasyl bolman, heniz arzuwym ýatyr!
Oturdum bu gije asmany synlap,
Öwüsdi şemalam çalaja gollap.
Mümkin bilen däl...
Beýik we gazaply Çingiz Han hakda gyzykly maglumatlar:
✅ Çingiz Han dogulanda, elinde doňan gan bilen dogulypdy. Bu bolsa onuň geljekde beýik hökümdar boljagynyň manysydy.
✅ Çingiz Hanyň hakyky ady Temuçin.
✅ Çingiz Hanyň ýewropa gany hem bardyr.
✅ Çingiz Han, Mongol Imperiýasyny Ýuwaş ummandan Gündogar Ýewropa çenli giňeldendir.
✅ Çingiz Hany...
Maksadyňdan dänme...
"Reňkleriň Piri" diýip tanalýan bir ökde suratkeşiň şägirdi okuwyny tamamlaýar. Uly ussa şägirdini ugradanda, çeken suratlaryny şäheriň iň bir köpüň gelýän-gitýän ýerinde ýerleşdirmesini we ýanynda-da bir gyzyl ruçka goýup, halkdan halamadyk ýerlerine x goýmalaryny haýyşt eden bir yazgy taşlamasyny isleýär. Ol şeýle hem edýär.
Okuwçy...
Android üçin Kitap ýasa
Bu gün men size Android sistemada "Kitap" ýasamagy öwretmekçi!
Munyň üçin size hiç hili kompýuter dillerini (Java, Python, C++, C# we.ş.m) bilmek gerek bolmaz. Diňeje şu temany ünsli okap düşünmek gerek.
Hany onda başlalyň munuň üçin size Android Book App Maker atly programma gerek bolar (indirmek üçin linki aşakda goýaryn).
Bu...
Aglaýan çagalary urmaň
"Çagaň iki aýa çenli aglamasy,
Şehadetdir.
Dört aýa çenli aglamasy,
Allatagala ynançdyr.
Sekiz aýa çenli aglamasy,
Pygambermize (s.a.w.) salawatdyr.
Iki ýyla çenli aglamasy,
Eje, kakasyna istigfardyr.
Hadysy Şerif.
Terjime eden Gurban Geldiýew.
Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhy
Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol esbaplar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi. 1897-nji ýylda taryhy wakalaryň esasynda Gökdepe muzeýi hereket edip başlady. 1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Za...
Atabaý Çarygulyýew Mekdep ýyllarynda
Sazy we sözleri Apbas Mämmedowyňky
Mekdep ýyllarynda sen mejnun etdiň,
Nä günlere salyp maksada ýetdiň.
Bu gün bolsa özgäň hyýalna gitdiň,
Ýa hazan urdumy hatlaryň seniň?
Sen namart, sen namart, meni aldadyň,
Süýji arzuwlaryma böwet bagladyň.
Bu gün bolsa göz ýaş bilen agladyň,
Marynyň taryhda agzalyp geçilýän atlary
1) Merw.
2) Marguş.
3) Maru Şahu Jahan.
4) Mawru.
5) Mauri.
6) Margiana.
7) Marwerrut.
8) Mare Şahjan
9) Mare Şah Jahan.
10) Margaw.
11) Antiohia.
12) Mouru.
13) Maru.
14) Marz.
15) Marwirot.
16) Mrum.
17) Mawera.
Ýagşydyr
Biderek manysyz goşgy okandan
Kuran açyp aýat okan ýagşydyr
Şeýtanyň äkitjek egri ýolundan
Beýik Allaň dogry ýoly ýagşydyr.
Çilim çekip arak içip mes bolup
Nä görgiň adamzat saralyp solup
Namazyňy oka Allaha uýup
Boş ýatandan namaz okan ýagşydyr.
Pikirlen adamzat pikirlen il...
Sapar aýy barada
Bismillähirrahmänirrahyým.
Sapar aýynyn atlarynyñ manylary:
1. Sapar aýy boş diýen manyny berýär ( ýagny araplar Gurban aýynda, Aşyr aýynda, Rejep aýynda, Remezan aýlarynda... mübärek aýlarda uruşmaklygy haram edipdirler. Ýurt daşyna çykypda söwda etmeýän ekenler. Onsoñ azyk harytdan boşalan aý diýip, jeñe giden jeñe,...
Beýniňizdäki ähli mümkinçiligi ýerlikli peýdalanyň!
Adamlary beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy görkezijileriň biri olaryň beýnisiniň artykmaç mümkinçilikleri peýdalanyp bilmegidir. Ýagny adam beýnisi dogry we paýhasly ulanylanda birnäçe artykmaç ukyba eýedir. Soňky döwürlerde ynsanlaryň durmuşynda duş gelýän rowaçlyklar akylly-başly pikirlenmegiň netijesidir.
Pikir ýöretmek,...
Gyzlar nädip göwreli bolýar. Tegelek stolyň başynda aç-açan söhbetdeşlik
Mowzugy ýazmagyma sebäp bolan gyz 1999-njy ýylyň gyzy ýagny 10 - njy synpyň okuwçysy .
Bu gyz bir ýigit bilen internetdiň üsti bilen tapyşyp, bazara gitjek bahanasy bilen öýden birnäçe gezek gidip bazarda görşüp, tanşyp we 3 aý töweregi söýşüpdir.
Oglan hem 10-njy synpyň okuwçysy
Ýaşlaryň arasyndaky s...
Zäherli çörek
Her näme dograsaň aşyňa, ol hem çykar garşyňa (nakyl)
Gaýta-gaýta öýüniň gapysyny kakyp bir zatlar dileýän aýaldan ýadap, mazaly birahat bolan öýüň hanymy, bir gün ýene şol dilegçi gapysyny kakanda şondan halas bolmaly diýen karara gelýär. Dilegçä biraz garaşmagyny aýdyp aşhanadan bir çörek alyp arasyny açyp içine peýnir, zeýtun sal...
Öýlenen ýigit we täze gelin
Iner ogul, tumar gelin! Eger az salymlyk ünsüňizi berip, ulyňyzy diňlemegi özüňize müwessa bilseňiz, size diýjek kelam agyz sözüm bar.
Ogul, saňa diýjek sargytlarym.
Sen indi öýlendiň, öýli-işikli bolduň. Bir bendäniň göz guwanjy, dünýäsine deňäp oturan gyzy bolsa seniň duluňy bezäp otyr. Ol indiki galan ömrüni seniň...
Gudaçylyk gatnaşyklary
Gudaçylyk gatnaşyklary babatda gürrüň edilende şol gudaçylyk gatnaşyklaryny açmakdan başlansa gowy bolar.
1. Ogul öýermekçi bolnanda bilip goýaýmaly ýörelgeler.
2. Ozaly bilen niýet-päliňi düzüwle. Şöhratdan peýdalanmak, ar almak kemsitmek, onuň şöhratyndan ýa-da onuň ejizlän wagtyndan peýdalanjak bolmak ýagşy däl. Ed...
Gurbannepes Ata ogly barada
Kerim Gurbannepesow şo döwüriň çen bilen hasaplamaklaryna görä, resmi dokumentlere esaslanyp aýdanymyzda 1929-njy ýylda şol wagtky Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda, häzirki Türkmenistan daýhan birleşiginde eneden doglan. Onuň kakasyna Gurbannepes Ata ogly diýer ekenler. Ýeri gelende aýtsak Gurbannepes aga hem degişli äheňde tankytly goşgy düzýän...
Swetoforyň reňkleri näme üçin gyzyl, sary we ýaşyl?
Ilkibada swetoforlar ulanylmaga başlananda, demirýollardaky otlynyň gözegçiligi üçin bar bolan yşaratlar ulanylypdyr. Şol wagtlar gyzyl reňki “dur” diýmegi aňladýardy.
1830-njy ýyllarda demirýollaryň adam durmuşyna aralaşanda “duýduryş” yşygynyň reňki ýaşyl, “geç” yşygynyň reňki bolsa ak bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ak reňkiň yş...