Täze ýola goýulýan mekdeplerde esasy mesele, rus medeniýetiniñ, däp-dessurynyñ bir söz bilen aýdylanda «beýik halkdygyny» görkezmek we olary, ýaş Türkmenleriñ añyna guýmakdy. Aýry tarapdan beýik döwlet şaunizimini ýöretmek üçin, Türkmenlere öz däp-dessurlaryny unutdyrmakdy.

Britan ofiseri H.Moser bilen duşuşan «Bäş serdar» oña Gökdepe gyrgynçylygyndan soñra Türkmenleriñ Ruslara başbütin boýun bolandyklary, olaryñ ruhlaryñ öldürlendigini gürrüñ beripdir. Bäş serdar oña: «Al señki bolsun, indi ozalky döwür geçdi, bize gymyldara mydar galmady, ýaraglarymyz akpatyşanyñ gullugynda» diýip, basmaçylykda ulanýan zynjyryny beripdir.

«Biz Hywa hany, Buhara emiri, parslaryñ şasy bilen uruşdyk, hiç birsinden ýeñilmedik, biziñ azlygymyza garamazdan, erkimize goýsalar, paýtagty ýumurarys. Orslar ýaraglary bilen üç ýylda bizi boýun egdirmegi başardylar, biziñ batyr ata-babalarymyzy öldürindiklerini biz asla unutmarys, ýöne häzir biz olara janymyz-tenimiz bilen ýürekden hyzmat edýäris, sebäbi biz olara öz ýeñijilerimiz diýip, baha berýäris.» diýip, Bäş serdar Mosere gürrüñ beripdir.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir