Şöhratyň almasy

Ýaş ýigit elinde gyrmyzy, ter almany saklap durdy.
- Ony iý! - diýip, Ruh aýtdy. - Ol durmuşyň almasydyr.
-Durmuşyň almasyny iýmäge wagt taparyn. Maňa şöhrat, baýlyk gazanmak gerek.
- Onda ýör, gideli, yzyma düş. Men saňa şöhratyň almasyny görkezeýin - diýip, Ruh aýtdy Olar dag ýodalaryndan ýöräp başladylar. Çarkandakly dag...

Dowamy »

1482 1
Edebiýat, 6 years ago


Gorküýze

Çarwalar haýsydyr bir kişini magtanlarynda, galapyn, ony gorküýzä meňzetmegi halaýarlar. Meselem, «Görküýze kimin lebzi päk», «Görküýze deýin halal», «Görküýze zeýilli süňňi arassa» we ýene-ýeneler. Sebäbi görküýze düýedarlaryň içeňde gaňşyrawugyňy kükedýän, müň bir derdiň dermany düýe çalynyň agaranyny kemala getirýän ak bulak, mukaddes gözbaş.

Dowamy »

1550 1
Bilim, 6 years ago


Serime gelen pikirler

Göwün bir akyp barýan suwdyr
Öýke kine bilen kirletme ony.

Bahyl malyny gysganar, garasöýmez öýüni.

Ýersiz ýere gabanýan
Şer, isleýän kişidir.

Ýalanlary öwmäge,
Ýyrtyk ýüzüm ýok meniň.

Gurban Geldiýew.

Dowamy »

1446 1
Edebiýat, 6 years ago


« NEJMEDDIN KUBRA (Üç ýüz altmyş pirli Köneürgenjiň welisi)

Beýik türkmen akyldarlarynyň, keramatly öwlüýäleriniň biri Nejmeddin Kubra Abuljennap Ahmet ibn Omar Hywaky Horezmi, taryhy maglumatlara görä, 1141-nji ýylda gadymy Köneürgençde dogulýar. Şyh Nejmeddin Kubra ýaşlygyndan birnäçe ylymlary çuňňur özleşdirip başlaýar. Hususanda, hadys ylmy, fykh, tefsir we ýene birnäçe ugurlary ymykly özleşdirýär. Sopu...

Dowamy »

1636 1
Bilim, 6 years ago


Ökündirýän ötegeçmeler

Her kimiň özboluşly dünýäsi, özüne mahsus dünýägaraýşy bar. Her kim akylyna görä gürleýär we akylyna görä amal edýär. Ähli kişini bir galyba salyp bolanok, çünki adamzadyň barlygy dört sany gapma-garşy elementlerden düzülen. „Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da pelsepäniň bardygy” juda köp ýaňzydylan söz. Adamzat daşky keşbi bilen, şahsyýet bolsa...

Dowamy »

1815 4
Bilim, 6 years ago


Gadymy Hytaý hekaýalary

Üç hozmy ýa dört

Saň ýurdunda bir adam işi-pişesini maýmyn saklamak edinipdir. Ol maýmynlara, maýmynlar hem oňa düşünýän ekeni. Maýmynçy öz maşgalasynyň agzyndan kesip, maýmynlaryna iýdiripdir. Ýöne bir ýyl guraklyk bolup, öýdäki azyk-suwlugyň aňyrsy görnüp başlapdyr. Onsoň maýmynçy maýmynlarynyň iýmitini kemmäge mejbur bolupdyr. Ýön...

Dowamy »

1573 1
Edebiýat, 6 years ago


Atajan Tagan

Atajan Tagan....

Özüniň durmuş hakykatyny çeper beýan edýän, many ýüki ýetik ajaýyp çeper eserleri bilen diňe bir türkmen okyjylarynyň däl, daşary ýurtly edebiýaty, sungaty söýüjileriň arasynda-da ýakyndan tanalýan meşhur ýazyjymyz Atajan Taganyň döredijiligi baradaky maglumatlar hemmeleri gyzyklandyrsa gerek. Şonuň üçinem biz, özi...

Dowamy »

2240 1
Edebiýat, 6 years ago


Birden aldaýmasynlar

Gaty ajam bolma gyz
Birden zyňaýmasynlar
Gaty süýjem bolma gyz
Birden iýäýmesinler.

Söý sen ýöne saýlama
Ençä özüň taýlama
Saýlap gijä galaýma
Görüp oňaýmasynlar.

Gözellige sen guwanma
Owadan diýip öwünme
Söýesize söýenme
Birden ýykaýmasynlar.

...

Dowamy »

1610 3
Edebiýat, 6 years ago


Ýüzüň dili

1. Maňlaýyň giňligi bilen äňiň giňligi meňzeş bolan gönüburçly dörtburçluk şekilindäki süýri ýüzli adamlar.
Olar köplenç, ýolbaşçy, işlemäge ukyply bolýarlar. Olar duýgurdyrlar, öňden görüjidirler, adalatlydyrlar, erkin häsiýetlidirler. Bular ýaly şekildäki adamlar guramaçylyk işlerine ezber, adamlar bilen işleşmegi başarýan, maksadaokgunly...

Dowamy »

1720 1
Bilim, 6 years ago


Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk ýokary okuw jaýy

Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk ýokary okuw jaýy 1992-nji ýylda döredildi. Bu ýokary okuw jaýymyz - Watanymyzyň ähli ulag we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan merkezidir.

1. Bölümler we hünärler:
Awtomobil ulagynyň ulanylyşy
hünär: awtomobiller we awtomobil hojalygy.
2. Howa ula...

Dowamy »

1735 4
Bilim, 6 years ago


Kitap näme?

Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary bir-birine baglaýan köprüdir. Ol ençeme derdiň dermanydyr. Diwarlary medeniýet kerpiçlerinden galdyrylan binadyr, taryhda yz galdyran beýik akyldarlaryň dürdäne set...

Dowamy »

1618 0
Bilim, 6 years ago


Yhlasgeldi Orazow Nygmaty bolar

Bäş günlik dünýe bu göz açyp synla,
Bu dünýe kapyryñ Jenneti bolar.
Ynsan içre her nadana iş buýrsañ,
Işe goýulmazdan minneti bolar.

Kiramen, Katibin sagy-soluñda
Her iş, sözüñ ýazar galam golunda
Namaz okyp panyñ dogry ýolunda
Ýöräne Allanyñ rehmeti bolar.

Nämährem ýigit, gyz...

Dowamy »

1456 0
Edebiýat, 6 years ago


Harplaryň astyndaky häsiýetler

Grafologiýa ylmy (hat üsti bilen häsiýet öwrenýän ylym) has giçki döwürlerde kemala gelendigine garamazdan, IX-XII asyrlarda-da golýazmada adamyň häsiýetiniň şöhlelenýändigi barada azda-kände garaýyşlar bolupdyr. Şeýle-de bolsa,grafologiýa diňe XX asyrda rowaçlanypdyr. Golýazmadan ony ýazan adamyň erkek adamdygyny ýa-da zenandygyny anyklamak, häsiý...

Dowamy »

1636 3
Bilim, 6 years ago


Magtymguly adyndaky türkmen döwlet ýokary okuw jaýy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet ýokary okuw jaýy – Türkmenistanyň iň uly we köpden bäri işläp gelýän öňde baryjy uniwersitetleriniň biri. Uniwersitet 1950-nji ýylyň 14-nji iýulynda açylan. Ilkinji ady M. Gorkiý adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, 1931-nji ýylda açylan Aşgabat pedagogik institutyndan öwrülen. 1989-njy ýyldan bäri Ýewroaziýa uni...

Dowamy »

4402 0
Bilim, 6 years ago


Halkara gatnaşyklary ýokary okuw jaýy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen döredildi.

2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Institutyň täze binala...

Dowamy »

1789 0
Bilim, 6 years ago


Türkmenlerde kitap okaýan barmy

Bir Ýapon bir ýylda ortaça 25 kitap okaýar.
Bir Şwes bir ýylda ortaça 10 kitap okaýar.
Bizde ýagdaýlar nähili???

Dowamy »

1759 14
Sorag-jogap, 6 years ago


Aşyr Salyh ogly Görmäge geldim

(Eýranly doganlarymyzyñkyda okalan goşgy)

Köpetdagyñ her derisin gulaçlap,
Mähribanlar sizi görmäga geldim.
Ýürek biýre baglap, bar işim taşlap,
Derdu ahwalyñyz sormaga geldim.

Gözden uçsañyzam ýūrek zary siz.
Dogalarymyñ heñi çekilen tary siz
Ýarym göwräm onda,galan ýary siz
...

Dowamy »

1441 1
Edebiýat, 6 years ago


Jelaletdin Rumy Hökümdar hem halypa (hekaýa)

Ýurduň hökümdary günleň bir güni
Öz halypasyndan soranmyş şuny:

«Kemiň bolsa iýmek-geýmek babatda,
Maňa duýduraýgyn ýagdaýyň hakda.

Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa,
Meniň üçin batma gaýgy-endişä,

Iki sany gul bar meniň elimde,
Olar ykbalyňy çözýär seniň-de!»

Ş...

Dowamy »

1441 2
Edebiýat, 6 years ago


Nowruz Güýjowden iki goşgy

Akar suw

Şirrildisi şirin mukam,
Durna göz suw akyp barýar.
Badyn gowşatman elmydam,
Teşneleri ýakyp barýar.

Janly-jandaryň arzuwy,
Bütin dünýäde arzyly,
Wada berip bol hasyly,
Menzilleri söküp barýar.

Topraga bagş edip baryn,
Ösdürip alma-enaryn,
G...

Dowamy »

1403 3
Edebiýat, 6 years ago


Halyl Kulyýew Kepemeýär derýalaryň suwlary

Kepemeýär derýalaryň suwlary,
Belent - belent daglar olaň gözbaşy.
Daglardanam beýik ýürekden çykýar,
Eneleriň egsilmejek gözýaşy.

Bu gözýaşlar köp döküldi ozallar,
Bu garabagyrlar öňdenem kebap.
Indi berin bir bolgusyz zat üçin
Onuň dökülmegne bolmalyň sebäp.

Olar ynjasa...

Dowamy »

1322 0
Edebiýat, 6 years ago


Mustafa Welläýew Aýdyşyk

Gara ýolly ( Şyhmyrat Abdyllaýew):

Joýanyñ çetine çyzyk çekiler,
Tohum taşlap hatar-hatar ekiler,
Boý ýetirse guwanç bilen bakylar,
Şahyr, bu ekine näme diýiler?

Daýhan ýigit ( Mustapa Welläýew):

Joýanyñ çetine çyzyk çekilen,
Tohum oklap hatar edip, ekilen,
Boýy ýetse g...

Dowamy »

1511 1
Edebiýat, 6 years ago


Italmaz Nuryýew Unutma

Aldandyñ ezizim, ýalñyşdyñ çensiz,
Ýöne soñra biljegiñi unutma!
Saña durmuş juda kyn düşer mensiz,
Günleñ agyr geljegini unutma!

Mejnunyñ Leýlini söýşünden zyýat
Söýüpdim men seni, wah, özüñ şaýat!..
Sen şeýle söýgini bilmediñ aýap,
Ahmyr bolup dömjegini unutma!

Hoş gal, gidýän...

Dowamy »

1782 0
Edebiýat, 6 years ago


Abdylla Arypowyň nesihaty

Men uzak döwürler garakçy boldum,
Şu ýolda taplandy akyl we ýürek.
Özümden dänenim bir özüm bildim,
Seň neden garakçy bolmagyň gerek?

Men ýapyk binada ýaşadym gorka,
Delalat diwarna dyrmaşdym uzak.
Sen neden bu dünýä bakýarsyň ürke,
Sen neden dowuldan gurunýaň duzak?

Ýalançy dü...

Dowamy »

1604 0
Edebiýat, 6 years ago


Baýmuhammet Garryýew (1914-1981) barada

Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistan YA-nyň akademigi, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew 1936-njy ýylda Aşgabat döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Ol A.P. Poseluýewskiniň ýolbaşçylygynda türkm...

Dowamy »

1964 3
Edebiýat, 6 years ago


Lew Tolstoý Çaganyň güýji (Hekaýa)

- Öldürmeli!..Atmaly!..Bu nejisi häziriñ özünde atmaly!..Öldürmeli!..Ganhoruñ kellesini kesmeli!..Öldürmeli, öldürmeli! - diýip, mähelläniñ içinden erkek kişileriñ we aýal maşgalalaryñ sesleri eşidilýärdi.
Halkyñ uly mähellesi köçe bilen eli dañylgy adamy alyp barýardy. Ol uzyn boýly, gös-göni adamdy, başyny dik ýokary tutup, gujurly gada...

Dowamy »

1568 1
Edebiýat, 6 years ago