Allaýar Gurbanow Türkmenistanda Graždanlyk urşuna işeññir gatnaşyjydyr. Ol 1888-nji ýylda Garrygala raýonynyñ Gerkez obasynda orta daýhan maşgalasynda dogulýar. Özünden başga 9 dogany bilen uýasy bolýar. Kakasy Gurban Hojamämmedow (oña “Gurban çaşy” hem diýipdirler) üç gezek oba arçynlygyna saýlanypdyr. Diñe 1912-nji ýylda ol 1905-nji ýyldaky ýaragly çykyşlar bilen baglylykda aýyplanyp, işden boşadylýar.
1900-02-nji ýyllarda Garrygaladaky rus-ýerli mekepde, 1904-05-nji ýyllarda Aşgabatda gimnaziýada işleýär. Oba dolanyp gelenden soñ, hojalyk işleri bilen güýmenýär. Allaýaryñ ýaşlygy, ýetginjek ýyllary obalarynyñ golaýyndaky Tumonowsk (häzirki Saýwan) we Nikolsk (häzirki Duzlydepe) rus obalarynyñ ilaty bilen ýakyn gatnaşykda geçýär. Öñde baryjy pikirleri üçin Allaýar ýerli adminstrasianyñ, has takygy, pristawyñ “gara spisogyna” düşýär.
Hatda öz obasyny taşlap gitmäge mejbur bolýar. 1912-nji ýylda ol Samara guberniýasynyñ İwanowsk pasýologynda dosty N.Bausowyñ garyndaşlarynyñkyda ýaşaýar. 1913-nji Ýylyñ aýaklarynda Allaýar pristwayñ gidendigi, kakasynyñ keseldigi (ol 1914-nji ýylda aradan çykýar) barada habar alyp, öz mekanyna dolanyp gelýär. Şol döwür onda uly täsir galdyrýar. Ol indi köp zada – dowam edýän deňsizlige, synpy zuluma, patyşalygyñ ýerlerde alyp barýan milli syýasatyna akyl ýetirýär.
1914-nji ýylda Allaýar oba arçynynyñ mürzeligine, 1916-njy ýylda arçynlyga saýlanýar. Obadaşlarynyñ aladalary, barha çuñ ornaşýan rewolýusiýon meýil ony progressiw pikirli rus dostlary bilen has ýakynlaşdyrýar. Şolaryñ biri-de Allaýaryñ geljekki egindeşleriniñ biri Sergeý Şerbakow eken. Sergeý (oba adamlary Döwletgeldi diýip tutupdyrlar) türkmen dilini suw ýaly bilipdir. Türkmençe geýnip, dutarda türkmen sazlaryny çalmagy başarypdyr.
Allaýar Gurbanow Oktýabr rewolýusiýasyny begençli garşy alýar. Sowet häkimiýetini berkitmäge işeññir gatnaşýar. Gerkez oba Şurasynyñ başlyklygyna saýlanýar. Graždanlyk urşy ýyllarynda Allaýar kontrrewolýusionerlere, ak gwardiýaçylara, iñlis interwentlerine garşy göreşde özüni görkezýär. Zakaspide häkimiýeti öz eline alan kontrrewolýusionerler we ak gawardiýaçylar Garrygaladan goşun üçin bir müñ adam mobilizlemegi talap edýär. Şonda ol buýrugy ýerine ýetirmejegini ýañzydýar. Beteri-de, pikirdeşleriniñ birnäçesini toplap, ak gwardiýaçylaryñ şeýle maksat bilen gelen bir otrýadyny ýaragsyzlandyrýar. Allaýaryñ töweregine toplanýanlaryñ sany barha köpelýär. 1918-nji ýylyñ iýulynda onuñ topary ak gwardiýaçylaryñ bir otrýadyny söweşde derbi-dagyn edýär. Bu bolsa geljekde “Gerkez” diýen otrýadyñ döremeginiñ başy bolýar. Otrýadyñ çlenleriniñ ýörite formasy bolmandyr. Olary ilat egin-eşik, çörek we beýleki zatlar bilen üpjün edipdir. Ýaraglary köplenç olja alnanlar eken. Otrýadda tertip-düzgün berk saklanypdyr. Esgerler onluklardan (başynda onbaşylar) durupdyr. Otrýad ak gwardiýçylaryñ, ýerli barly elementleriñ eden-etdiliklerinden ilaty gorapdyr. Şeýle hereket Zakaspiý oblastynyñ duşmandan azat edilýän döwri has-da ähiýetlidi.
Zakaspiý frontunda umumy ýagdaýyñ sowet häkimiýetiniñ peýdasyna üýtgemegi “Gerkez” otrýadynyñ wezipesini artdyrýar. Otrýad serhet ýakasyny berkitme, ol ýerleri ak gwardiýaçylardan arassalamak barada köp iş bitirýär. Partizan toparlaryñ bir bölegi Garrygala baran Aýratyn ekspedisiýon otrýadyñ (komandiri Ý.W. Teleş) sostawyna girýär, beýleki bölegi Allaýar Gurbanowyñ söweşjeñ otrýadynda galýar we Gyzyl goşun komandowaniýesiniñ buýruklaryna görä hereket edýär. Ekspedisiýon otrýada ýakyndan kömek berýär. 1919-njy ýylyñ awgustynda Garrygala etrabyny duşmandan azat edýär.
Dogry, Tumanowsk posýology ugrunda, Bamy deresinde söweşler köp ýitgili bolupdyr. Zakaspiý frontunyñ komanduýuşisiniñ 1919-njy ýylyñ 6-njy noýabryndaky buýrugy bilen “Gerkez” atly otrýadynyñ esgerleri Gyzyl goşunyñ hataryna kabul edilýär. Şol spisokda 120 esgeriñ, şol sanda 20 sany rus ýigidiniñ ady we familiýasy bellenipdir. Otrýad Goç (1919-njy ýylyñ 7-nji oktýabrynda), Gyzylarbat (16-njy oktýabrda), Gazanjyk (6-njy dekabrda) we Aýdyñ (17-nji dekabrda) stansiýalaryny duşmandan azat etmäge gatnaşýar. Görkezen edermenligi üçin Allaýar Gurbanowa hormatly sylag – hut öz adyna gylyç berilýär. Şol gylyç häzir Garrygaladaky ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýar. Soñra Allaýar Gurbanowyñ baştutanlygynda bu otrýad Garrygala etraplarynda Eýran bilen araçägi gorap saklamaga ugradylýar. 1921-nji ýylyñ başynda ol ýerli wolost Sowetiniñ ispolkomynyñ başlyklygyna saýlanýar. 1924-33-nji ýyllarda Aşgabatda milisiýanyñ ýolbaşçy organynda işleýär.
1933-nji ýylyñ oktýabrynda Allaýar Gurbanow “halk duşmany” diýlen esassyz töhmete sezewar edilýär. Üstesine-de Allaýara: “Kakañ arçyn bolan wagty, baýlary gollapdyr, özüñ-de arçyn wagtyñ “han” adyny alyp, garyplary süteme sezewar edipsiñ” diýen “günä” ýüklenýär. Allaýar bilen birlikde onuñ dogany Döwledýar hem bigünä ýerden tussag edilýär. Oña “Eýranda bolanlygy, bolşewiklere garşy propaganda işini alyp barandygy” barada töhmet ýöñkelipdir. Allaýar Gurbanow ilki ýerli türmede saklanýar, soñ Döwledýar dagy bilen Samara sürgün edilýär. “Akyly üýtgänligi üçin” diýlip, ol 1935-nji ýylyñ başlarynda sürgünden boşadylýar. Bilelikde boşadylan Döwledýar öz doganyny obalaryna aşyrýar. Birnäçe wagtdan A. Gurbanow sagalýar. İşe ýaramly bolýar. Diñe 1939-njy ýylda ol pensiýa çykýar.
Beýik Watançylyk urşuny Allaýar aga 53 ýaşynda garşy alýar. Onuñ fronta meýletin gitmek baradaky arzasy kanagatlandyrylmaýar. Şonda-da ol fronta maddy hem dil kömegini ýetirmegi başarýar. 1957-nji ýylyñ 21-nji awgustynda uzaga çeken agyr keselden soñ Allaýar Gurbanow 69 ýaşynyñ içinde, öz obasynda aradan çykýar. Türkmenistanda Graždanlyk urşuna işeññir gatnaşan Allaýar Gurbanowyñ ady, görkezen gahrymançylygy ýurduñ taryhyna mydamalyk girendir. Adyny ebedilşdirmek üçin Gerkez obasynda onuñ ýadygärlik heýkeli oturdyldy, Garrygaladaky merkezi köçeleriñ birine, Gerkez oba Sowetine degişli Magtymguly obasyndaky 35-nji 8 ýyllyk mekdebe, Ýuwangala obasyndaky 3-nji orta mekdebiñ pioner družinasyna onuñ ady dakyldy.

Alynan çeşme: Türkmen Hanlary. Dekabr 2002 ýyl.

Taýýarlan: Gurban Geldiýew.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir