Alyslardan belent bolup görünýär,
Ençe asyr bäri duran, Bedirkent.
Şöhraty hupbaty ýaň salan dünýä,
Adalata ýüzün öwren, Bedirkent.

Abraýy bar, şöhraty bar, şany bar,
Belent serkerdesi Jüneýit hany bar.
Annagylyç Ata gahrymany bar,
Duşmana gurt oýnun guran, Bedirkent.

Pelek gerdişinde, jahan gerşinde,
Arslan kimin Watan gorap durşunda.
Garaw bardyr Gazawadyň urşunda,
Şehit gandan ataş körän, Bedirkent.

Şu mekandan niçe ussat pir geçen,
Niçe merdan geçen, niçe şir geçen.
Käte sadranç göçümi deý ýalňyşyp,
Heňňam zulmy jebir gören, Bedirkent.

Wäşi degişgenler toýlary bezän,
Kethudalary bar märekeý düzän.
Elliden, altmyşdan... ataryp gazan,
Çoh ajap döwranlar süren, Bedirkent.

Goşgy gazal okan Durdy Gylyçdan,
Ýitidigni biliň tüpeň, gylyçdan.
Beki Seýtek kitap yazdy nagyşdan,
Eserleriň keýpi zaraň, Bedirkent.

Watan üçin, il gün üçin ary bar,
Ojagyna wepadar zülpi tary bar.
Balyş Öwez ýaly gerçek zory bar,
Hak sylamyş bagy erem, Bedirkent.

Pälwan bagşy Aşyk Aýdyň şägirdi,
Kimler bilmez Öre Şyhy ägirdi,
Joşa gelip "Tyllam" diýip gygyyrdy,
Tyllanyň yşgynda köýen, Bedirkent.

Göroglyň Gyratly gezen ýerler,
Gylyç urup, şerap süzen ýerleri,
Pirden pata alyp ozan ýerleri,
Göroglyň adynam alan, Bedirkent.

Beýik Zamahşary Hak erenleri,
Han işandyr Äraly işan pirleri,
Ysmamyt, Lälejan, Büdrük... zorlary,
Alladan ýetipdir kerem, Bedirkent.

Sesin goşup dutar- gyjak heňine,
Köp garaşdy Garaşsyzlyk daňyna,
Döl geldi musallat taryh çaňyna,
Arzuwlary miwe beren Bedirkent.

Dutaryň sazyna giren Bedirkent,
Gadym Bedirkent... Gadym Bedirkent...

Türkmenistanyň at gazan bagşysy Kerwen Ýowbasarow.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir