Bäşim serdar – Türkmenistanda Graždanlyk urşuna, Buharada sowet häkimiýetini gurmaga işeňñir gatnaşyjy. Ol (familiýasy Seýitnazarow) Buhara emirliginiñ Çärjew begliginiñ Merýe obasynda (häzirki Saýat raýonynda) garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Çärjew bolşewikleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, rewolýusion ideýalary köçülige ýaýradýar. 1920-nji ýylyñ 23-nji awgustynda öz düzen otrýady bilen Buhara emirligindäki halk rewolýusiasynyñ başyny başlaýar. Otrýad düzüp, komadirlik edeni üçin, oña Bäşim serdar lakamy galýar. Gozgalañyñ gidişinde döredilen Bütin buhara rewolýusion komitetiniñ başlyklygyna saýlanýar.
Rewolýusia ýeñenden soñ, Bäşim serdar Buharada sowet häkimiýetini berkitmäge, kontrrewolýusion güýçleriñ soñuna çykmaga iñ soñky demine çenli gatnaşýar. 1922-nji ýylyñ 18-nji ýanwarynda ol burjuaz milletçiler tarapyndan atylyp öldürilýär.

Alynan çeşme: Türkmen Hanlary. Dekabr 2002 ýyl.

Taýýarlan: Gurban Geldiýew.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir