Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Rize welaýatynda 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda dünýä inýär. 1965-nji ýylda Stambul şäherindäki Kasympaşa Piýale başlangyý mekdebine, soňra 1973-nji ýylda Stambuldaky Ymam hatip orta mekdebini tamamlaýar. 1981-nji ýylda Stambuldaky Mermer uniwerstetiniň Ykdydadyýet we söwda bilimler fakultetini tamamlap, ýokary bilime eýe bolýar. Ärdogan ýaşlyk ýyllarynda sportyň futbol ugryna uly gyzyklanma bildirýär.1969-1982-nji ýyllar aralygynda futbol oýnaýar. 1994-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Stambul däheriniň häkimi wezipesine saýlanýar, 2001-nji ýylda Adalat we Ösüş partiýasyny (Ak parti) esaslandyrýar. 2002-nji ýylda geçirilen saýlawlarda uly ýeňiş gazanan Adalat we Ösüş partiýasy ýurdy dolandyrmak işine girişýär. 2003-nji ýylyň 15-nji martynda Ärdogan ýurdyň Premýer-ministri wezipesine bellenilýär. Rejep Taýyp Ärdogan ýolbaşçylyk döwründe türkiýe respublikasy häzirki ösen derejesin eýe bolýar. 2014-nji ýylyň 10-njy awgustynda geçirilen prezident saýlawlarynda sesleriň uly bölegini mynasyp bolan Rejep Taýyp Äedogan Türkiýäniň 12-nji Prezidenti bolýar. Rejep Taýyp Ärdogan öýlenen we 4 çagasy bar.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir