Biz ýitmesek,
Sen ýitmersiň dünýäde,
Biziň barlygmyzda — bolarsyň senem.
Seni maňa süýde garyp beripdir
Çagakam ak süýdün emdiren enem.

Ata-babalarmyň sözlän dili sen,
Sen — hüwdi,
Sen — aýdym,
Sen — datly kyssa.
Men seň bilen gam-gussamy unudýan
Uzak ülkelerde ýüregim gyssa.

Seniň bar baýlygyňy,
Gözelligiňi
bolmaz asla başga dile geçirip.
Baýlyk ýerne maňa miras goýupdyr
Taryh seni şu günlere getirip.

Beýik Magtymgulyň dana sözi sen,
Ajap dessanlaryň namasy sensiň.
Sen meniň halkymyň akyl-paýhasy,
Hem halkymyň ary-namysy sensiň.

Ýer ýüzünde beýik dilleň barlygyn
Men inkär edemok, Edibem bilmen.
Ýöne meni hiç zat dönderip bilmez
doglamda ganyma giren bu dilden.

Özüm bilýän,
Çagalarym öwrenýär
rus, iňlis, nemes, fransuz dilin.
Dilleň şeýdasyna öwrülmek üçin
Çagalar köp dilde alýarlar bilim.

Emma olar ömürylla unutmaz
gadymlardan gelýän türkmeniň dilin.
Öz diliňi bilip, özgäň dilinem
öwrenmek — ullakan baýlygmyz biziň.

Başga dilde okap-ýazyp bilsem-de,
Başga dilde goşgy ýazyp bilmerin.
Siz dogry düşüniň, goşgy ýazamda,
Ene dilim seresidir dilleriň.

Goý, dünýäde ähli diller ýaşasyn,
Yaşasyn içinde türkmeniň dilem.
Men dünýäniň bar baýlygyn çalyşman
Dil baýlygym — uly mirasym bilen.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir