Mirab
Türkmenistanda atçylyk pudagynda durmuşa geçirilýän işler
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär“ diýip, buýsanç bilen belleýşi ýaly, türkmen bedewiniň gadymy şan-şöhraty bu gün täze ruhda, täze öwüşginde halkara derejesinde dabaralanýar.
...
Mukaddes haj aýy
Ynha ýene sanagly günlerden halkymyzyň giňden belläp geçýän bayramy bolan gurban bayramy ýetip gelýär. Yslam dinimiziň esasy baýramlarynyň biri bolan we ata babalarymyzdan bize miras bolup gelen bu baýramçylyk bütin dünýä musulmanlary bilen bir hatarda biziň türkmen halkymyzda hem uly dabara bilen bellenip geçilýär. Bu aýda ýagny ذو الحجة – Gurban...
MÜHERREM AÝY, HIJRI ÝYLBAŞY, AŞURA GÜNI BARADA.
Muharrem aýynyň aýratynlygy.
Muharrem aýynyň onunjy gününe “Aşure güni” diýilýär. Dilimizdäki aşyr we aşure sözi arap dilindäki “on” sany bolan “aşrun” sözünden dörändir. Halkymyzyň arasynda bu aýyň Aşyr ady bilen meşhurlyk gazanmagy onunjy güni bilen baglanşyklydyr.Haram aýlaryň içinde Muharrem (Aşyr) aýynyň aýratyn orny we ähmiýeti bardyr....
Ibn Sina – Lukman Hekim barada söhbet
Bu günki gün bilimde, medeniýetde, sungatda, lukmançylykda uly sepgitlere ýetilýär. Taryhda yz galdyran alymlaryň döredijilik ýoly öwrenilýär.
Dünýä taryhynyň sahypalarynda öçmejek yz galdyran, adamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan beýik alymlaryň biri Lukman Hekim adyna mynasyp bolan Abu Aly al-Huseýin ibn Abdullah bin Aly i...
TELEWIZOR WE AHLAK TERBIÝESI (Rahmet Gylyjowyň “Telewizor, telefon, internet we ahlak terbiýesi” atly makalasyndan gysgaldylan)
Ynsanyň asyrlar boýy el, aýak, dil bilen bitirip gelen gymyldy-hereketlerini bu gün ýörite enjamlar ýerine ýetirýär. Ýöne, ýasama zatlar tebigy barlyklar ýaly täsir etmeýär. Ýasama zatlar hökman ikuçly bolýar: olaryň aglabasynda haýyr we şer deň derejede saklanýar. Ýeterlik üns berilmese, tehnikanyň işjeňligi ynsanyň kadaly beden we aň işjeňligin...
HALALLYK KYSSALARY (dowamy)
IX
Hakyň we halkyň halamaýan häsiýetleri: tekepbirlik, ulumsylyk, özüňe hetdenaşa buýsanmak, özgeleri kemsitmeklik. «Tekepbiri Taňry söýmez» diýen türkmen pähiminiň döremegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Çünki tekepbirligiň soňy düzgün bozmalara, azgynlyga ýazýar. Barha beleň alyp gidýän ynsan nebsini mugyra getirmek üçin durmuş ony ga...
HALALLYK KYSSALARY (dowamy)
VI
«Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen nakyl halk arasynda juda ýörgünli. Pederlerimiziň pendi siňen eserlerde bolsa, «Ýagşylyk et — Halyk biler, şunuň özi ýeterlik» diýilýär. Ýene bir pendi-nesihatlarynda bolsa «Ýagşylyk et we unut» diýip, eden ýagşylygyňy ýatlap ýörmezlik, diliňe almazlyk, minn...
HALALLYK KYSSALARY (dowamy)
III
Halk arasynda terezi hakyny egismek oňlanylmaýan häsiýetleriň biri. Muňa garamazdan, käteler ynsan nebsi dury paýhasdan rüstem gelende, gazanjyň berekedine däl-de, düşewündiň artyklygyna ähmiýet berilýän pursatlary-da bolaýýar. Ol şu günki pygyl-päliniň gaýtargysyny hut şol günüň özünde görmese, kada-kowahada sygmaýandygyna garam...
HALALLYK KYSSALARY
(2015-2016-njy ýyllarda “Adalat” gazetinde çap edilen)
I
Nesilleri belent ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemegi ileri sürýän Gahryman
Arkadagymyzyň hasyl edýän her bir amaly, hemmelere nusgalyk ýoly, agzybirlik, jebislik, halallyk hakyndaky pähim däneleri, paýhas dürleri we hikmetiniň hoşboý gülleri biziň...
WATAN MUKADDESLIGI
Halkymyz üç mukaddeslige aýratyn sarpa goýýar. Olar: Ynanç-iman, ata-ene we Watan. Bu üçüsini ähli gowy we beýik zatlara deňeýärler, emma hiç bir zady bular bilen deňeşdirjek bolmaýarlar. Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Ol hatda behişdi hem başga ýerden gözlänok, onuň hut öz ülkesindedigine ýüregi bilen ynanýar. Bagtyň yzynda ýat ülkelerde...
Paýhasdan gözbaş alan ýörelgeler
Dünýäniň beýleki halklarynda bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem özüne mahsus yrym-ynançlary bar. Ýöne häzirki döwürde biziň käbirimiz olara biperwaý seredýäris. Muňa garamazdan milli yrymynançlarymyzyň many-mazmunyna, döreýiş taryhyna, sebäplerine ýüzleneniňde, ata-babalarymyzyň ummasyz durmuş tejribesine, pähimparasadyna haýran galýarsyň.
Ola...
"ÇILIMSIZLIK" DEREJESINI GAZANMAGYŇ NETIJELI USULLARY
Temmäki adamlaryň durmuşyna aňsatlyk bilen ornaşýan we şol bir wagtda öz ulanyjylaryny ýuwaşlyk bilen öldürýan serişdedir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, temmäki-сilim her ýyl 5 million adamyň ölümine sebäp bolýar. American Cancer Society guramasynyň görkezmelerine görä, çilimiň tüssesinde 7000-den gowrak zäherli him...
Ýurdumyzda mukaddes Oraza aýy
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilkinji nobatda ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem şu ýylyň 22-nji iýunynda iş sapary bilen Mary welaýatyna baran Milli Liderimiz mukaddes Oraza aýy mynasybetli “Gurbanguly hajy” metjidinde agzaçar sadak...
Watan mukaddesligi
Meşhur ,,Görogly’’ eposynda Jygalybeg öz agtygyna şu sözleri wesýet edýär.
Ýalňyz balam,algyn pendim,
Ýurdy terk ediji bolma.
Özüňden gaýry namardyň
Minnetin çekiji bolma
Adam balasy üçin dogduk depeden mährem ýer hiç ýerde ýok bolsa gerek. Ata babalarymyz ,,Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar,ýurdun...
DÜNÝÄNIŇ GÖRKI
Ene... Durky bilen mähribanlyga ýugrulan bu eziz ynsan hakda köp-köp goşgular düzülip, sansyz aýdymlar aýdylandyr. Emma enelerimizi näçe wasp etsegem, bärden gaýdýar. Emma ene mähribanlygy ähli şirin sözlerden üstün gelýändir. Çünki bize ilkinji sözleri öwredýän hem öz enelerimiz ahyry! Çaganyň ýaşlykda öwrenen diline «Ene dili» diýilmegi-de ýöneli...
AÝ, GÜN WE ÝYLDYZ HASABY
Dünýä, durmuş, tebigat babatda türkmeniň öz garaýşy, öz hasaby bar. Bu hasap-garaýyş üstünden müňýyllyklaryň aşandygyna garamazdan özüniň takyklygy bilen haýran galdyrýar. Gadym döwürlerden bäri Gün, Aý we ýyldyzlar wagty hem-de tarap-ugry kesgitlemek üçin giňden peýdalanylypdyr. Şonuň netijesinde uzak taryhyň dowamynda halkymyz takyk aý we ýyldyz...
ÝALANYŇ JAÝ ÝERI
Ýolda-yzda, okuwda-işde, toýda-tomguda, has gönüläp aýtsak, iki adamyň başy çatylan ýerde, sözden söz, gürrüňden gürrüň çykanda, ýa-da biri beýlekä içini dökende, «Aý, şeý diýdim-de, aldap goýberdim» ýa-da «ýöne diýip goýberdim» diýilýän jümleler, daşyňa çykarylmasa-da, aldanylyp ýörlen ýagdaýlar käteler has ýygjam eşdilýän ýaly bolup dur. Belki,...
ÝAŞAÝŞYM SAŇA SÖÝGIMDIR..
Watana bolan söýgi türkmeniň ganynda bar häsiýet. Ol ähli ýakymly duýgularyň gönezligi, kalbyň-köňlüň gönençligi . Pederlerimiziň paýhas dürlerinde her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçin hem ilki bilen Watan söýgüsiniň zerurdygy nygtalýar. “Ynsanyň aslynyň halaldygy Watanyna bolan söýgüsi, küýsegi bilen kesgitlenilýär” d...
Wepalylyk we gadyrbilmezlik
Ýaşlaryň ruhy dünýäsine, ahlak we edep kadalaryna degişli gürrüňler bizde uly täsir galdyrýar. Şol gürrüňlerde, her kimiň öz dünýäsindäki agyryly, ünjüli şatlykly, şowhunly ýerler bizde hem ýüz dürli pikir döreýär. Bu pikirler biri-birimiziňkä gabat hem gelenok. Belki pikirleriň dürli-dümenligi her kimiň özboluşly dünýäsiniň bardygyndan habar berýä...
Ýaranjaňlyk – kim oňarýar, kim oňaranok
Zannyňda bolmasa, ýaranyp gün görmek örän kyn. „Işiň bitýänçä doňuza daýy diýmegi” ýa-da haýsy tarapa sypalasaň, şol ýana ýatyberýän „towşantüý” bolmagy öwredýänlerem bar, ýöne bu eýýäm ikiýüzlülik bolýar. Her gezek ýumşuňy bitirtmek üçin beýle mekirlige ýüz ursaň, ol ýaramaz endige öwrülýär we oňlanylmaýan häsiýetiň özüňi ymykly eýeländigini duýma...
KITAP OKAMAGYŇ ÄHMIÝETI
Ähli döwürleriň iň gyzykly we arzyly zady – okamak. Okyjylara gowşan täze kitap bolsa iň uly sowgatlaryň biri. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän dürli ugurlara degişli ylmy we edebi kitaplar bezegi, hili we mazmuny babatda hemmäniň ünsüni çekýär. Kitap okamaga endik eden adam sähel maý tapdygy kitaba göz aýlap başlaýar. A...
Hüşgärlik sapaklary
Çagyryş boýunça gulluk döwrümde, meýilnama esasynda geçilýän beden taýýarlygy sapaklary we irki maşklarda edýän hereketlerimiz ösýän, sagdyn ýaş beden üçin kemterlik edýärdi. Şeýle bolansoň, gullukdaşlarymyň käbiri boş wagtlary agyr agramlyklar göterse, käbiri gazet-žurnallardan her hili maşklaryň ýerine ýetirilişiniň suratlaryny gyrkyp alyp, synal...
Açylmadyk ganatlaryň ajaýyplygy bilinmez
Her zadyň özüne mahsus bezegi, zynaty bolýar. Guşda ganat, atda aýak, balykda ýüzgüç... adamda bolsa göze gelüwli ýaradylan on iki synadan daşary arassa ahlak, ynam-iman, zähmet... Adama beýle artykmaçlyklaryň bol berilmegi tötänden däl. Her bir zadyň iň oňat taraplaryny özüne siňdirip bilmäge ukyplydygy üçin ol iň kämil barlyk hasap edilýär. Ynsan...
Bu hekaýaty nireden eşitdiň?
Ýaňy-ýakynda bir adam bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Daşoguzly ekeni. Ol maňa täsin bir wakany gürrüň berdi: “Daşoguzly bir adam Käbä haja gidende, ol ýerde melekmeňiz, nurana ýüzli bir adama gabat gelipdir. Ol nurana ýüzlüniň bu ildeşimize syny oturypdyr. Onsoň ýanyndan bir düwünçek çykarypdyr-da, ildeşimize uzadyp: “Bu düwünçegi pugta sakl...
DOLLARA DAHYLSYZ YKBAL
Her kim Täze ýylda nähilidir bir üýtgeşiklige garaşýar. Garaşylýan we garaşylmaýan wakalar biziň durmuşymyzyň tagamy. Käbir wakalar süýjä meňzeýär, käbiri turşy duza. Duzy şeýle datsaň tursy, ýöne şol bolmasa nahar-şorda tagam bolmajagy düşnükli. Garaşýan zatlarymyz bilen birlikde, garaşylmaýan wakalaryň hem ýüze çykmagy bolup biljek ýagdaý. Megere...