Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilkinji nobatda ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem şu ýylyň 22-nji iýunynda iş sapary bilen Mary welaýatyna baran Milli Liderimiz mukaddes Oraza aýy mynasybetli “Gurbanguly hajy” metjidinde agzaçar sadakasyny berdi. Mukaddes Oraza aýynda berjaý edilýän gadymy agzaçar däbi aýratyn parasatly, çuňňur mana eýedir we onda milletimiziň gadymdan gelýän tämizlige, rehimdarlyga hem-de adalata ymtylmasynyň ruhy mazmuny bardyr. Bu asylly türkmen däbi ynsana diňe bir beden tämizligi däl-de, ahlak arassalygyny, ruhy täzeleniş bagyş edip, häzirki wagtda ýagty geljege umydy pugtalandyryp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň ýolunda täze belentliklere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Mukaddes Oraza aýy türkmen halky üçin örän sogap aý bolmak bilen asyrlaryň dowamynda halkymyzy ynsanperwerlige, haýyr-sahawata ruhlandyryp gelýär we halkymyzyň medeni mirasy bolmak bilen geçmişden biziň günlerimize ýetip gelen ruhy gymmatlygydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ynsany ruhy tämizlige, arassa ahlaklyga, hoşniýetli işlere gönükdirýän mukaddes Orazanyň ähmiýeti örän uludyr. Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen çagalar «Ýaremezan» aýdyp, her bir öýe-ojaga, ýagşy arzuwlar edýärler we rysgal-döwlet, bereket dileýärler. Bu aýda milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, ýurdumyzyň şäherdir obalarynda, her bir öý-ojakda saçaklar giňden ýazylýar we agzaçar sadakalary berilýär. Agzaçar sadakasynda raýatlarymyz goňşy-golamlary, kowum-garyndaşlary we dost-ýarlary bilen bereketli saçaklaryň başynda il-günümiziň abadançylygy, berkarar Watanymyzyň asudalygy we rowaçlygy üçin ýagşy doga-dilegleri edýär. Haýyr-sahawatly bu mukaddes aý ynsany ruhy taýdan kämilleşdirýär, onuň kalbyny täzeleýär we köňlüni nurlandyrýar. Şoňa görä-de, halkymyz Oraza aýyna, sahawatly Gadyr gijesine ruhubelentligiň we adalatyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Köneler, Mirab tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir