IX Hakyň we halkyň halamaýan häsiýetleri: tekepbirlik, ulumsylyk, özüňe hetdenaşa buýsanmak, özgeleri kemsitmeklik. «Tekepbiri Taňry söýmez» diýen türkmen pähiminiň döremegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Çünki tekepbirligiň soňy düzgün bozmalara, azgynlyga ýazýar. Barha beleň alyp gidýän ynsan nebsini mugyra getirmek üçin durmuş ony garaşylmaýan külpetler bilen ýüzbe-ýüz edýär. Eger şonda-da, sagdyn pikirlerine dolanmasa, olaryň kyssasy nesillere ybrat bolup galyberýär. Bu hekaýat taryhda bolup geçen wakalaryň biri hasap edilýär. Allatagala sebe kowumyna akyl, baýlyk, bolelinlik, garaz, gowy zatlaryň ählisini bagyş edipdir. Gereginden artyk nygmat bolçulygy soňlugy bilen adamlaryň göterinip bilmezligine, öz akyllaryna juda artyk ynam etmeklerine, öz güýçlerine bil baglamaklaryna we özgeleri unutmaklaryna getiripdir. Olar ylym-bilim babatda şeýle bir okumyşlyga ýetipdirler welin, hatda öz ülkeleriniň alakalar zerarly harap boljakdygyny hem öňünden bilipdirler. Olar bir uly maslahat üýşürip, alakalardan dynmagyň alajyny gözläpdirler. Alaka-syçanyň ganym duşmanynyň pişikdigi üçin ýörite pişikleri okatmaklygy, alaka tutmagy öwretmekligi öňe sürüpdirler. Şeýdip ezelden wadaly gün gelýänçä, sebe kowumy pişik baryna tälim beripdir. Her daragtyň, her gülüň düýbünde birlän-ikilän pişik garawullap ýatan eken. Ýöne alakalar görnübermändir. Sebe kowumynyň çökmeli güni bolsa, barha golaýlaşypdyr. Şol pursatda suw alakalary peýda bolupdyr. Olar deňziň içi bilen gös-göni topraga urup girer ekenler-de, daragtlaryň, ösümlikleriň köküni iýip, ýene-de yzlaryna-suwa dolanar ekenler. Şeýdip, köki gemrilen bag-bossanlyklar, çemenzarlyklar gysga möhletiň içinde gurap galypdyr. Topragyň süýji suwy çekilipdir. Ýerleri zeý alypdyr. Ülkeden bereket göterlipdir. Adam hernäçe baý, akylly, güýçli, zor bolsa-da, öz başarnygyna artykmaç ynam etse-de, hiç wagt özünden göwnihoş bolup, belentligine baýrynmaly däldir. Pederlerimiz şeýle diýýär: «Ykbal azgynlary we tekepbirleri oslamaýan ýerinden urýar». X «Size ynanylan her bir zat amanat» — bu öten-geçen eždatlarymyzyň sözi. Amanata hyýanat etmeklik, hakyny ödemezlik bolsa halk arasynda iň ýek ýigrenilýän häsiýet. Syrly söz, wezipe, borç ýa-da kimdir biriniň garamaty, hemaýaty, mahlasy, bize ynanylan her bir zada ygrarlylyk, wepalylyk bilen çemeleşmek gerek. Her bir zady öz hak-hukugynda berjaý etmek wajyp. Biriniň ynamyny ödemekden uly zat ýokdur. Kimdir birini aldamak we ynamyna kast etmek pikirini seriňe salmazlyk ündelýär, hatda rysgyny dürli ýol bilen gazanýan adamlaram amanata wepalylyk bilen oňa kast etmekligiň arasynda uly parh goýýar. Bir gün gijaralar goltugy pully düwünçekli bir adam hammama gidip barýan ekeni. Gözi bilen her kesiň ýagdaýyny, gurbuny ölçäp bilýän ogrularyň biri garama-garama onuň yzyna düşüpdir. Amatyny peýläp, sähel bir maý bolsa, oljasyny alyp, sumat bolmak ekeni. Ahyry bu adam hammamyň gapysyna ýetipdir. Ogry hem onuň edil yzynda duran ekeni. Birdenkä ol adam yzyna öwrülipdir-de: «Eger-de siz hammama girmek niýetiňiz ýok bolsa, men girip çykýançam, şu düwünçegimi saklap berseňizläň» diýip, pully düwünçegini ogra gowşurypdyr. Pul eýesi birhaýukdan soňra hammamdan çykypdyr we ýoluny dowam edipdir. «A-how, ýaşuly, aýak çekseňizläň!» diýen sese ýalta yzyna bakypdyr. Görse, hälki düwünçegini ynanan adamsy. «Ýaşuly, düwünçegiňizi unutdyňyz, me, alyň» diýip, ony uzadypdyr. «Taňryýalkasyn inim! Içki pikirlerime gümra bolup, geçip gidenimi hem duýmandyryn. Uly ýagşylyk etdiňiz, sag boluň, siz kim bolarsyňyz?» diýip, ýaşuly sorapdyr. Ol: «Men ogry» diýip, jogap beripdir. «Ogry diýýäňizmi? Aý, goýsana, degişmesene» diýip, ýaşuly ýylgyrypdyr. «Ýok, ýaşuly, men hakykatdanam ogry, gündelik rysgymy ogurlyk edip gazanýaryn» diýip, ol müýnli başyny aşak egipdir. «Onda näme üçin bu düwünçegi ogurlap gidibermediň?» diýip, ýaşuly geňirgenip sorapdyr. «Men şu düwünçegi ogurlamak üçin sizi yzarlap gaýtdym. Ýöne hammama girmeziňizden ozal siz menden muny saklap bermegi haýyş etdiňiz. Eger-de men şondan owal muny ogurlan bolsam, özümi az-kem ynjalykly duýardym, ýöne ynam edilen zady ogurlamak, ynama kast etmek uly hyýanatdyr. Ogurlygyň hem ynsaba berýän yzasy kän, ýöne amanata hyýanatyň ejrini wyždan asla çekip bilmeýär. Ol hemişe örtenmeler içinde gezýär» diýipdir. «Munuň ýaly düşünjeleriň barka, saňa ogurlyk etmek gelişmez. Göwneseň, bir teklibim bar, meniň hyzmatkärim bol. Rysgyňy-harjyňy ýeterlik ödärin» diýip, ýaşuly ol ogra teklip edipdir. Ogry hem şol pursat ähli etmişine toba edip, mundan buýana rysgyny halal gazanmagy ýüregine düwüpdir. awtory Rahmet GYLYJOW.

Köneler, Mirab tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir