Ýaňy-ýakynda bir adam bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Daşoguzly ekeni. Ol maňa täsin bir wakany gürrüň berdi: “Daşoguzly bir adam Käbä haja gidende, ol ýerde melekmeňiz, nurana ýüzli bir adama gabat gelipdir. Ol nurana ýüzlüniň bu ildeşimize syny oturypdyr. Onsoň ýanyndan bir düwünçek çykarypdyr-da, ildeşimize uzadyp: “Bu düwünçegi pugta sakla we diňe öýňüze baranyňyzdan soň aç. Şonda tutuş iliňiziň rysgal-bereketi ösüp-örňäp gider. Eger-de howlugyp ýa bilesigelijilik bilen ondan öň açsaňyz, hemişe kösenip gezmeli bolarsyňyz” diýipdir. Birdenem gözden gaýyp bolup gidipdir. Ol adam ep-esli wagtlap bu düwünçegi açmandyr, ýöne nebis diýip bir zat bar, bilesigelijiligi halys gününe goýmansoň, heniz öýüne gelmänkä, düwünçegi açyp görmek isläpdir. Açyp görse, içinde bir ýazgy bar eken: “Heniz açmaly däldiň.. barysy harap boldy” diýlip, ýazylan ekeni. Ol adam sabyrsyzlygyna ökünipdir, ýöne eýýäm giçdi. Ana şondan bärem biziň ýerlerimizde bereket ýok, ýerler şor..” diýip, gürrüň berdi. Ol adam menden 15-20 ýaş çemesi ulurakdy. Men oňa: “Agam, beýle zatlara ynanma, bu bir toslama hekaýat, düýbünde bir hakykatam ýok. Tutuş iliň rysgal-bereketini açylyp-açylmadyk bir düwünçek bilen baglap oturmaly däl. Rysgy berýän Alladyr. Yhlasyňyza görä eçilip durka, beýle toslama gürrüňlere gulak gabartmaň. Bu diňe ýagşy işlerden eliňi sowatmak üçin toslanan hekaýatlar. Şeýle zadyň bolandygyna asla ynanamok, bolanam bolsa, bir betpäliň tapan hokgasy bolmaly” diýdim. Men bu gürrüňiň üsti bilen başga bir zady aýtmak isledim. Halkyň arasynda haýyrly işden eliňi sowadýan ýa-da agzybirligimize tagna salýan gep-gürrüňler, taryhy rowaýatlar seýregem bolsa, setanda-seýranda gozgalyp dur. Birje mysal, on dokuzynjy asyrdaky taryhy wakalarymyz hakynda düýbünden nädogry maglumatlar bar - toslama gürrüňler, hiç bolmadyk, ýöne “hakykatda bolan” ýaly görkezilýän “söweşler, uruşlar, dawa-jenjeller..” hakdaky hekaýatlar hem bar. Sowet döwründe on dokuzynjy asyr bilen bagly bize öwredilen taryhda galp maglumatlar agdyklyk edýär. Ýekeje bir zady deňeşdirip göräýiň - SSSR döwründe bize öwredilen şol taryh bilen häzirki döwürde Ýewropanyň dürli kitaphanalarynda saklanylýan, on dokuzynjy asyrdaky türkmen durmuşyny giňişleýin açyp görkezýän taryhy maglumatlar, türkmen tire-taýpalarynyň ýerleşiş kartasy we olaryň agzybirlikli hereketleri.. hakda ýazgylar bar. Ine, şol maglumatlar sowet döwründe bize öwredilen, aňymyza guýlan taryha düýbünden gabat gelenok. Şol döwürde biziň topraklarymyza nazaryny diken gaýry ýurtlularyň “agzyny alart-da, höküm sür” diýen gadymy söze görä hereket edendiklerini bilip bolýar. Bu dine türkmenleriň agzybirligini syndyrmak üçin tapylan hokga-pirimler bolmaly. Sebäbi “agzala ili awlamak aňsat bolýar”. Türkmenler hemişe-de agzybirlikli hereket edipdir, sebäbi hemmesi bir dogan ahyry. Ýa-da rysgal-bereketlilik babatda, geçen ýylyň tomus paslynda özüm Daşoguz welaýatynda, Görogly etrabynda bolup gördüm. Şeýle bir bagy-bossanly, arassa oba ekeni. Edil ertekidir dessanlardaky bossanlyklar, gözellikler ýadyma düşüp gitdi. Topragy bereketli ekeni, alýan hasyllary bilen gyzyklanyp gördüm, hiç bir ýeriňkiden peslär ýaly däl. Işjanly ilaty bar ekeni. Ine, ýylyň ahyrynda hem Görogly etrabynyň ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde saýlanmagy bu pikirlerimizi doly tassyklady. Görogly etraby, dogrudanam, şol at-abraýa, sylag-mertebä doly mynasyp. Ine, bereketli Daşoguz topragynyň hekaýaty däl-de, hakykaty şeýle. Şonuň üçin hem her bir hekaýata, gep-gürrüňe gulak gabardyp ýörmeli däl. Ýagşy işden eliňi sowadýan, beýik maksatlaryňyzdan alyp galýan, il bähbitli haýyrly işe başlamakdan saklaýan, il-halkymyzyň agzybirligine, howpsuzlygyna sähelçe-de bolsa şikes ýetirýän, iňkise gidirýän toslama hekaýatlara asla ynanmaly däldir. Öňüňde asylly maksadyň bolsun, özüňi hem şir saý. Kiçijik mör-möjekler, çybyn-çirkeýler ýolbarsyň ýüzüni çokjalap, azar bermäge synanyşýar, ýöne ýolbars olara ähmiýet bermän, diňe öz maksadyny nazarlaýar. Durmuşymyzda käýarym peýda bolýan “kiçijik” gepler bizi asylly maksatdan alyp galmaly däldir.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir