Her zadyň özüne mahsus bezegi, zynaty bolýar. Guşda ganat, atda aýak, balykda ýüzgüç... adamda bolsa göze gelüwli ýaradylan on iki synadan daşary arassa ahlak, ynam-iman, zähmet... Adama beýle artykmaçlyklaryň bol berilmegi tötänden däl. Her bir zadyň iň oňat taraplaryny özüne siňdirip bilmäge ukyplydygy üçin ol iň kämil barlyk hasap edilýär. Ynsany ajaýyp görkezýän zatlaryň ýene biri hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik. Bilegiňe güýç berip, ýüzüňe nur çaýýanam, süňňüňi taplap, saglyk paýyny bol berýänem, alysy ýakyn edip, ýoluňa ýagty saçýanam zähmetdir. Owal-ahyrda bir hünäri bolmadyk, bir işiň hötdesinden gelmedik, amaly-emeli bilen il derdine ýaramadyk adamlardan hiç kesiň göwni suw içen däldir. Hatda aňyrsynda haýsydyr bir hünäriň, zähmetsöýerligiň bolmagyny talap edýän “işlemedik-dişlemez” diýen ýörgünli söz baryp müň ýyl mundan ozalky kitaplarda gabat gelýär. Hünärsizlik, iş oňarmazlyk türkmende juda aýyp hasaplanylýar. Taryhy rowaýatlaryň süňňüni süzeniňde, beýik-beýik adamlaryň halal zähmete, el hünärine, akyl başarnygyny peýdalanyp bilmeklige uly ähmiýet berendigini görýäris. Hökümdarlyga ýaňy geçen wagtlary Dawut pygamber ýüz - keşbini üýtgedip, il-günüň özi hakdaky pikirini bilmek üçin günde-günaşa diýen ýaly ýollary, çölleri söker eken. Şeýle günleriň birinde ol çöl gyrasynda mesgen tutan bir gojanyň öýüniň bosagasyndan ätleýär. Ondan-mundan gürrüň açyp, ahyry Dawut hakyndaky pikirini soraýar. Goja-da onuň Dawutdygyny bilenok, biläýeninde-de ol gönümel, öz edýän hak pikirini ýaşyrjaklardan däl: “Dawudyň birje bolmaýan ýeri bar, şoňa göz ýumsaň, gaty gowy adam ol, ýöne şol häsiýetine welin, göz ýummak gaty gelşiksiz” diýipdir. Dawut gojanyň nämäni göz öňünde tutýandygyny sorapdyr. Goja: “Dawudyň hünäri ýok. Iň halal we datly lukma öz kesbiňden gazanylan zatdyr. Dawut bolsa iýjek-içjegini öz zähmetinden gazanmaýar” diýipdir. Şondan soňra Dawut Alladan , özüne bir hünäri öwretmek sorapdyr. Oňa demirlere erk etmeklik, demirden dürli esbaplary ýasamak ukyby bagyş edilipdir. Doga körzehin dogulýan adamlar örän seýrek, belki ýokduram. Ýerine ýetirip ýören işlerimiziň haýsy birine aýratyn ýykgyn edýändigimizi, döredijilikmi, guramaçylykmy, oýlap tapyjylykmy ýa-da sport oýunlarymy – anyk saýgaryp bilsek, iň bolmanda, şol ugurdan bir artykmaçlygyň bardygyny kesgitlemek mümkin. Onsoňam zehini zähmet açýar. Tebigatyň özüňe haýsy zehini agdyk guýandygyny birbada aňşyryp bilmeseň, mümkinçiligiňde bolan dürli ugurlary çagalykdan, oglanlykdan synap görübermeli. “Hünäri öwrende, ýigren” diýilýär. Öwrenilen her bir zat durmuşyň haýsy hem bolsa bir ýagdaýynda dadyňa ýetişýär. Ýüregiň diýýänine diňşirgenip, hörpünden gopup bilmek hak ýoluňy tapyp bilmekdir. Ykbal bizi näme üçin ýaradan, nähili işleri, ýumuşlary bitirmek üçin ýöriteleşdiren bolsa, ýöne bizem ýüregimiziň sesine gulak gabartman, öňde goýan maksadymyzyň düýp manysyna çuňňur düşünmän hereket etsek, sazlaşyk saklanmaz. Birbada özüne çekiji görnen amallar köp wagt geçmänkä, oňaýsyz duýgulary döredip başlar. Işe janyň-teniň bilen girişmekden saklaýan bu duýgular barha berkäp gider. Ilki bilen ýüregimiziň diýýän we öz başaryp biljek asyl maksadymyzyň nämedigini kesgitlemek zerur. Maksadyň çürt-kesik anyk we aýdyň bolmalydgy onuň ilkinji şerti hasaplanylýar. Ölçerip- seljerip anyk ýoluňy saýlanyňdan soň, oňa bolan ynam ýüregiňde berkese we höwesiň artsa, haýal etmän, oňa amal etmäge girişmeli. Öňüňde anyk maksat barka, haýal-ýagallyga ýol bermek zelelli ýagdaý. Durmuşda arzuwyna ýetip bilmeýänleriň aglabasy ýa-ha asyl ýoluny, ugruny tapmaýanlygyndadyr ýa-da ýeterlik yhlas, perwaý etmeýänligindedir. Her bir zadyň haýry-gymmaty özüňe we özgelere, ile-güne degjek peýdasy bilen ölçelýändir. “Şu ugry saýlap alanymda, maňa nähili bähbidi bar we ilim, ýurdum üçin nämeler edip bilerin?” diýen sowal elmydama ör-boýuna galyp durmalydyr. Bu ýagdaý her kime-de degişli. Biziň bu günlerimizde, ylym-bilime aýratyn sarpa goýlup, ýaşaýşy gözelleşdirmek üçin dürli bilim ugurlarynyň açylýan zamanasynda ýaşlarymyza has dahylly bolup dur. Olar diňe ugur däl-de, ömür, hünär däl-de, ykbal saýlap alýandyklaryny unutmaly däldirler. Nesibedir, belki, kähalatda maksadyň ugrukman biler. Bu ýagdaý şowsuzlyga ýorulsa-da, betbagtçylyga ýorulmaý‎ar. Ol seniň ömürboýy bagtly ýa-da betbagt çagadygyň hakdaky kesgitleme däl. Her bir şowsuzlyk, säwlik ýatdan çykmajak sapak berýär. Indiki üstünliklere ynam etmelidigini, nähili taýýarlanmalydygyny, ugruňy nähili kesgitläp bilmelidigiňi öwredýär. Her bir zatda bähbit bardyr. Belki, ykbal seni başga-başga ugurlar üçin niýetländir. Ýa-da durmuş seniň juda taýýarlykly gelmegiňe garaşýandyr. Belki-de, be‎ýleki ugurlarda has aja‎yp üstünlikleri gazanyp biljeksiň. Onsoňam gülden gözel Watanymyz, baldan datly durmuşymyz barka, lapykeçlige düşmek oňlanylýan häsiýetem däl. Biziň her birimiz Watanymyz üçin juda köp zatlary başarmaga ukyplydyrys. Esasy zat – ynam etmeli, yhlas etmeli. Okamaly, öwrenmeli we özleşdirmeli. Özleşdiren zadymyzy herekete getirmeli. Akyldarlaryň sözünde bar: her kimiň başarnygy onuň goşa ganatydyr. Galkmasaň, galkynmasaň, ganatyňy açmasaň, gökde ganat ýaýyp uçmak ýokdur. Bil‎‎‎‎ýäniňi ýüregiňde bukup, boldugyndan amal we yhlas etmeseň, täzeçe çemeleşmäge döwtalap bolmasaň, ganatyňy synyňda ýygryp gezseň, döwürden yza galdygymyz bolar. Onsoň ol her näçe ajaýyp arzuw bolaýsyn, açylmadyk ganatlaryň ajaýyplygy bilinmeýär. Adam her näçe zehinli bolaýsyn, yhlas we zähmet siňdirilmese, zehinem açylmaýar, ynsanam öz mertebesini gazanyp bilmeýär. Her ýerde bolmaly, ýöne Watan öňündäki perzentlik borjumyzy halal zähmetimiz, yhlasymyz bilen ödemelidiris. Bu ilkinji nobatda biziň öz bähbidimizedir.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir