Ynsanyň asyrlar boýy el, aýak, dil bilen bitirip gelen gymyldy-hereketlerini bu gün ýörite enjamlar ýerine ýetirýär. Ýöne, ýasama zatlar tebigy barlyklar ýaly täsir etmeýär. Ýasama zatlar hökman ikuçly bolýar: olaryň aglabasynda haýyr we şer deň derejede saklanýar. Ýeterlik üns berilmese, tehnikanyň işjeňligi ynsanyň kadaly beden we aň işjeňligini bozup, olary barha ýaltalyga iterýär. Durmuşymyza mazaly ornaşan, giň gerim bilen ýaýran tehniki tilsimatlardan: telewizor, telefon we kompýuter hakda gürrüň açylsa, olaryň gyzykly, täsirli, özüne çekiji söhbetlerine soňlanma ýok. Häzirki zaman maglumat berijilik ulgamynda, habarlar ummanynda bu üçüsiniň orny-ähmiýeti örän uly. Dünýäniň ol ujunda bolýan wakalardan oturan ýeriňden habarly bolmak, sözüňi, sesiňi sekuntsalymdan dünýäniň islendik künjüne ýetirip bilmek, maglumatlary gözlemek, tapmak, öwrenmek we özleşdirmek üçin, ine, elýeterli hazyna, giden mümkinçilik. Susaklap däl, çanaklap alanyňda hem egsiljek gümany ýok. Bularda berilýän habarlar, wakalar, kyssalar dünýäni özgertmäge ukyply. Iň bolmanda, köpe täsirini ýetirip bilýär. Bu bolsa ilkinji nobatda adamy üýtgedip bilýändigini görkezýär, çünki adam özgermese, älem özgermeýär. Dumly-duşdan dürli-dümen habarlaryň, maglumatlaryň äpet tupan ýaly gomaýan, möwjeýän zamanasynda, şeýle oýunlaryň täsirine berilmän, özlügiňi ýitirmän saklamak, milli we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy goramak, ata-babalarymyzyň Watanperwerlik we adamkärçilik ýoluna wepaly bolmak howa ýaly zerur. Bizi şeýle harasatdan Nuhuň gämisi deýin halas edip biljek ilkinji zat bolsa arassa ahlak gymmatlyklarymyz. Ruhy-ahlak terbiýesi başyny başlan her bir işimizde ýoldaşymyz. Özümiziň duýgy-düşünjämize laýyk hereket edip, eken daragtymyzyň miwesini ýolýarys. Eger gazanan hasylymyz garaşýan zadymyz bolup çykmasa, onda biziň başda nebsimize gowy görnen, ýöne aslynda düýbünden gerekmejek zady ekendigimizi aňladýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly, çuňňur düşünjeli, ylym-bilimli bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Milletiň Lideri döwlet syýasatynda ileri tutýan esasy ugurlaryň biri we jemleýjisi hökmünde ahlak meselesini saýlap almagy ahlak terbiýesiniň halkyň genofonduny arassa saklamakda nähili ornunyň bardygyny subut edýär. Bu terbiýä çynlakaý üns berilmelidigini görkezýär. *** Bu gün telewizorsyz öý-ojak bardyr öýdülenok. Sähralyklaryň jümmüşinde goýun bakýan, daglaryň gerşinde dowar otladýan çopanlarda hem telewizor bar. Agy-garany saýgaryp başlandan, telewizoryň uzakdan dolandyrylýan abzalynyň düwmeleri hem çagalara gyzykly oýunjak. Telewizorda görülýän zatlaram olar üçin şeýle bir gyzykly, çagalygynda gören zatlarynyň suraty beýnisine mäkäm ornaşsa, eşden zatlary bilen gulagy mazaly ganýar. Emma, çaga çaga bolýar, gündogar akyldarlarynyň biriniň aýdyşy ýaly, ýylanyň owadanlygy çagany özüne şeýle bir imrindirip biler, emma onuň zäherlidigini, jana howpludygyny bilmez we onuň bilen oýnasy geler durar. Bu telewizor babatda hem örän dogry. Dürli öwüşginli, reňki goýy berlen multfilmler, kinofilmler, mahabatlar şeýle bir kän, olaryň aglabasyny çaga görkezmeklik düýbünden nädogry. Haýsy zadyň haýyr ýa-da şerdigini saýgaryp bilmeýän wagtlary islendik zat olar üçin aň iýmiti. Ynsan gözi bilen gören zadyndan has ýiti täsirlenýär. Ol çagalaryň terbiýesine ornaşýar, aňyna siňýär. Şeýle halatda ynanja, messebe, ahlaga gabat gelmeýän, ýaramaz nysakly filmleriň ýa-da telegepleşikleriň yzygider köp görülmegi näme oklasaň, dessine gögerdýän çaga beýnisini özüne ýesir edýär. Tapawudy ýok, jyklap gör, jiňkerip gör, görýän islendik zadyňa soňabaka gözüň öwrenişýär. Göz öwrenişensoň, gadagan zatlaram dura-bara adaty bolaýmaly zat hökmünde kabul edýärsiň. Ene-atalaryň käbiri çagalaryna islendik telekanaly açmaga, tomaşa etmäge, “dünýägaraýşynyň” giňemegine, köp zatlara “düşünmegine” uly mümkinçilik döredýär, esasy zat, ene-atalaryna päsgel bermän, öz başyna güýmenseler bolýar. Gije ukusyndan galyp, gorkunç filmlere tomaşa edýän ýa-da haýsy ýerde näme görkezseler gözüni aýyrman görýän çagalar az däl. Olar görýän zatlarynyň täsirine şeýle bir berilýärler, ýaramaz ýa ýagşydygyna garamazdan, özlerini şol dünýäniň baş gahrymany hökmünde göz öňüne getirýärler. Olaryň huşy hem, düýşi hem şeýle darkaşlardan, ýiti wakalardan doly. Olar durmuşda hem diňe şeýle wakalaryň gözleginde bolýarlar. Onsoň, on bäş ýyllap diňe gorkunç, eýmendiriji, ahlaksyz filmleri, telegepleşikleri synlan çaga bilen şonça wagtyň dowamynda kesp-hünär öwredýän, ruhy-ahlak taýdan has kämilleşdirýän filmlere, gepleşiklere tomaşa eden adamyň duýgy-dünýäsi, öňünde maksat goýuşy, maksadyna ýetmek üçin edýän yhlasy deň geler öýdýäňizmi? Biz çagalarymyzyň özümize bir salym “päsgel bermezlikleri” üçin olary nähili bitertiplige iterýändigimizden, uzagyndan netijesini görkezýän geleňsizlige, ulyny sylamazlyklaryna, diňe öz bähbidini bilýän nesil bolup ýetişmegine gapy açýandygymyzdan habarlymykak? Biz olary telewizoryň öňünde erkin goýmak bilen olary niçiksi uçudyň gyrasynda goýýandygymyz hakda pikir öwremzok. *** Telewizor aňa ýiti täsir edýär. Ol adamlary birek-birekden üzňeleşdirýär. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlaryň biri okuwçylaryna özleriniň isleg-arzuwy, näme bolasy gelýändikleri, Alladan näme dileýändikleri hakda düzme ýazmagy tabşyrypdyr. Sapak gutarandan soňra, mugallym okuwçylaryň ýazan ähli düzmesini öýde okamak üçin ýany bilen alyp gaýdypdyr. Okuwçylaryň ýazan her bir düzmesi mugallyma ýiti täsir edipdir. Olaryň arzuwlary, islegleri, göwün ýüwürtmeleri sadadan aýdyň, şol bir wagtda hem ýürek gozgaýjy ekeni. Mugallym şol düzmeleriň birini okanda welin, gözüne ýaş aýlanyp gidipdir, aglap başlapdyr. Şol wagt gapydan giren ýanýoldaşy onuň aglap durmagynyň sebäbini sorapdyr. “Ine, şu ýazylan düzme meni aglamaga mejbur etdi. Ony özüň okap gör” diýip, elindäki düzmäni ýanýoldaşyna uzadypdyr. Düzmäniň mowzugy: “Meniň telewizor bolasym gelýär”. Ol okamaga başlapdyr: “Eý, Alla jan, men saňa şu gün ýörite aýratyn haýyş bilen ýüz tutýaryn. Meniň telewizor bolasym gelýär. Telewizora öwrülesim gelýär. Telewizor ýaly ýaşasym gelýär. Men öz öýmüzde telewizoryň ornuny tutasym gelýär. Goý, biziň maşgalamyz meniň töweregimde halkalaýyn, tegelenip otursyn. Men olaryň esasy üns merkezinde bolaýyn, olar başga tarapa ýüz öwürmän, sözümi bölmän diňe maňa üns bersinler, diňe meni diňlesinler. Meniň her bir aýdýan sözümi çynlakaý kabul etsinler. Hat-da telewizoryň öçük wagty hem onuň daşyny, ýüzüni süpürişdirip, serenjam berip, alada bilen gurşaýyşlary ýaly maňa hem ähmiýet bersinler. Kakam işden ýadap gelende, onuň ýanynda men bolaýyn. Ejem darygyp ýa-da bir zada gynanyp, gyýylyp otyka, onuň ünsüni bölýän men bolaýyn. Doganlarym we jiglerim meniň bilen ýoldaş bolmak üçin, meniň bilen oturyşmak üçin dawalaşsynlar. Men maşgalamyzyň ähli zerur işlerini bir ýana goýup, hut meniň üçin ýanymda oturýandyklaryny duýaýyn. Men olary ýadawlygyndan açaýyn, ynandyraýyn, begendireýin, dem-dynç bereýin. Eý, Allam, men durmuşdan kän zat hantama däl, ýekeje haýyşym, öýmüzde telewizora öwrülesim gelýär, telewizor ýaly bolasym gelýär!”. Ýanýoldaşy bu düzmäni okapdyr-da, başyny ýaýkapdyr: “Her ýerde çagasyna üns bermeýän, geleňsiz ene-ata bar-ow” diýipdir. Mugallym aglamjyrap oturyşyna şeýle diýipdir: “Ýöne, bu biziň öz oglumyzyň ýazan düzmesi...”. *** II bölek Eýsem, özümize başgaçarak görünýändigine garamazdan, çagalar ýa-da körpeje jiglerimiz ýanymyza gelende, “dursana, päsgel berme”, “bar, soňurak gel”, “aýryl öňümden”, “şuny bir görmäge goýuň”, “ýürege düşdüňiz-aý”, “ýuwaş boluň-how” ýaly sözler bilen, olary lapykeç goýup, dogrusyny aýtsaň, känbir haýry bolmadyk ýazgylara tomaşa edýändigimiz hakykat. Hiç kimiň ünsümizi bölmegini islämzok, hatda şol wagt daşardaky siňegiň wyzzyldysy hem beýnä ýük ýaly görünýär. Tapawudy ýok, ol her sagatda gaýtalanyp we täzelenip duran dünýä habarlary bolsun, soňy ýok teleseriallar bolsun, oýny bilen dünýäni kökerýän “Barselona” bilen “Realyň” arasyndaky futbol sahnalary bolsun.. çagajyklaryň ýa-da beýleki maşgala agzalarynyň ýüzüniň alynmagyna, soraglarynyň jogapsyz goýulmagyna asla degenogam. Türkmen üçin maşgala uly gymmatlyk. Onuň terbiýesi hem, aladasy hem üns merkezinden düşürilmeli däl. Muňa garamazdan, dünýä çempionatynda janköýerlik edýän futbol toparynyň utulandygy sebäpli, nahardan-tagamdan ýüz öwrüp, gamgyn gezýän, oýunçylaryň her bir hereketini seljerip, janyny ýakýan, halys bolmasa, bar günäni bekewüliň üstüne ýükleýän, kino gahrymanlarynyň şowsuzlygyna örtenýän... adamlar az däl. Aslynda gerekmejek zatlara gynanyp-gyýylmak we ýürege artykmaç agram salmak saglyga zyýanly täsirini ýetirýär. Birnäçe wagtdan soň ýüz berýän ýarawsyzlyklaryň we sökellikleriň şol zatlar sebäpli hasyl bolýandygy hakda asla pikir edemzok. Jan köýdüreniňe degýän zada janköýerlik etseň, başga gürrüň. Telewizoryň uly-kiçi hemmäniň duýgy-düşünjesine, ruhy terbiýesine, saglygyna täsir edýändigini nazara alsak, ol ýerde goýberilýän gepleşikleri, filmleri, dürli mahabatlary seljerip görmelidigi, kähalatda hemra kanallarynyň käbirini tutuşlaýyn aýryp taşlamagyň zerurdygy aňyňa dolýar. *** Daşary ýurtda neşir edilýän gazet sahypalarynyň birinde şeýle waka beýan edilýär: “Bir gün bize alys ýerden myhman geldi. Kakam dagy ony mähir-hormat bilen garşyladylar. Öýüň töründe oturtdylar. Bu gelen myhman gepe-söze örän çeper ekeni. Ol dünýäde bolýan-bolmaýan, bolan we we asla bolmajak zatlar hakda agyz dolduryp gürrüň berýärdi. Biz onuň beýle köp zatlary bilşine, gürrüň berşine haýran galardyk. Kakam-a ir ertirden giç agşama çenli onuň sözüni bölmän, söhbetine gulak gabardardy. Ejem bolsa: “Siz öz myhmanyňyz bilen boluberiň” diýip, öz işini etmäge giderdi. Käteler öýde adam ýok wagty, bir özüm wagtym ol meni ýanyna çagyryp, heniz meniň oý-hyýalyma sygmaýan zatlary hem gürrüň bererdi. Dogrusy men arak içmegi, çilim çekmegi, özüňe gerekli zady dürli ýollar bilen gazanmagy, diňe özüňi bilmegi... şondan öwrendim. Ol gürrüň berende özümi şol wakalaryň içinde ýaly duýardym. Bu myhman bir gelensoň, bizden asla gitmedi. Bilýäňizmi, bu gelen myhmanyň ady – telewizor...”. Häzirki zaman ösen jemgyýetçilik dünýäsinde telewizorsyz oňmak mümkin däl, emma ol ýerde goýberilýän gepleşikleriň sagdyn terbiýä we paýhasa laýyk gelmelidigi hökmany. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, milli we ruhy-ahlak gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýan ýurdumyzyň ähli teleýaýlymlarynyň adamzat bähbitli wezipäni ýerine ýetirýändigine buýsanjyň artýar. *** Uzakly gün telewizoryň öňünde daňlyp oturmagyň çaganyň psihikasyna ýiti we ters täsir edýändigi mälim. Wakalara we hadysalara berilýän çözgüt çaganyň netije çykaryp bilijilik we özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny gowşadýar. Zehin ýaltalygyna ýol açýar. Ynsan beýnisini işjeňleşdirýän, ösdürýän esasy zatlaryň biri bolsa her bir zat hakda özbaşdak pikiriň, özbaşdak pikirlenmäniň bolmagydyr. Uzak gününi telewizoryň öňünde geçirýän çaga gören, eşiden zatlary bilen kanagatlanyp otursa, onuň sözleýiş we pikirleniş güýji gowşak hereket edýär. Kähalatlarda diňe telewizory synlap, diňläp oturmak beýlekiler bilen sözleşmäge, gürleşmäge zerurlyk goýmaýar. Bu bolsa käbir ýaş çagalarda sözleýiş ukybynyň pese gaçmagyna, hat-da “klip sindromy” diýilýän ýagdaýa uçramagyna getirýär. Ol dört ýaşyna ýeten çaganyň telebaglylyk zerarly gürläp bilmezligidir. Käbir maşgalalar çagalaryny zyýanly, ýaramaz täsirlerden goramak, telebaglylygyň öňüni almak üçin asla öýe telewizor salmaýar, satyn almaýar, tomaşa etmäge rugsat bermeýär. Emma bu hem düýbünden nädogry hereket. Perzendiň aň-düşünje taýdan deň-duşlaryndan asgyn bolmazlygy üçin olaryň ýaşyna we aňyna laýyk gelýän gepleşiklere tomaşa etmegi gerek. Emma gerekli zatlaryň içinden hem ilkinji nobatda has zerurlaryny saýlamagy başarmaly. Günüň dowamynda daşaryň ýagtysyny görmän, Günüň gerekli çoguny süňňüňe siňdirmän, dört diwaryň arasynda diwana ýa ýassyga daýanyp, başga gymyldy-hereket etmän oturan çaganyň köpçülige garylyp-gatylmagy kyn bolýar, süňňi gowşaýar. Daş-töwerekde, açyk tebigatda öz deň-duşlary bilen gülüp-degşip, oýun oýnaýan çagalar ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent we maksada okgunly bolýar. Öýde telewizor hiç bir halatda maşgala agzalaryndan öňe geçmeli däldir. Ene-atalaram, perzentlerem ilkinji nobatda özlerine zerur bolan telegepleşiklere tomaşa etmegi ýerlikli görünýär. Telewizorda goýberilýän gepleşiklere, teleseriallara gyzygyp, gündelik ähmiýetli işleri we çaga-perzent terbiýesini gaýra goýmak, soňa süýşürmek oňlanylmajak ýagdaý. Çagalaryň günüň dowamynda ähmiýetli telegepleşiklere 1-2 sagat tomaşa etmegi ýeterlik. Galanlaryny kitap okamak, dürli sport oýunlaryna meşgullanmak, ene-ata kömek etmek bilen geçirmek juda ähmiýetli. Şeýdilende beden we ruhy terbiýe has kämil bolar. Manysyz, iň bolmanda ömrüňe birje many çaýmajak, zerre haýry bolmajak filmlere, gepleşiklere tomaşa edeniňden, owadan suw çüwdürimler bilen bezelen seýil baglaryna, Saglyk ýollaryna, teatrlara, köpçülikleýin medeni çärelere maşgalaň ýa-da deň-duşlaryň bilen gitmek ruhy taýdanam, beden taýdanam ähmiýetli. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmaklary üçin ummasyz uly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzda we ýerlerde gurulýan sport desgalarynyň sany gün-günden artýar. Ýurdumyzyň tele we radioýaýlymlarynda arassa ahlaga muwapyk gelýän gepleşikler, sözler, söhbetler, aýdym-sazlar goýberilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu aladalarynyň sakasynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan halkymyzyň ömrüne bagyş edilen bereket we dowamat ýatyr.

Köneler, Mirab tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir