Watana bolan söýgi türkmeniň ganynda bar häsiýet. Ol ähli ýakymly duýgularyň gönezligi, kalbyň-köňlüň gönençligi . Pederlerimiziň paýhas dürlerinde her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçin hem ilki bilen Watan söýgüsiniň zerurdygy nygtalýar. “Ynsanyň aslynyň halaldygy Watanyna bolan söýgüsi, küýsegi bilen kesgitlenilýär” diýilýär. Ata-babalarymyzyň döreden her bir uly eserinde dogduk depe, Ata Watan, ýurt, Watan küýsegi çeper suratlandyrylýar. Şahyryň döreden goşgusy ýa kyssasy bolsun, halkyň döreden eposy ýa dessany bolsun, elmydama il-ýurt, Watan, dogan-gardaş küýsegi bar zatdan ýokarda goýulýar. Hut şonuň üçin hem orta asyrlarda ýaşap geçen arap alymy Amr ibn Bahr al-Jahyz “Bir türkmen öz watanyny küýsände, ony hiç bir zat bökdäp, saklap, ýolundan alyp galyp bilmez” diýip ýazýar. Dessanlarymyzda hem hakyky bagtyň diňe öz diýaryňda, öz iliňde tapylýandygy gaýta-gaýta ýaňzydylýar. Hat-da Kap dagyndan tapan arzyly perizadyny hem öz iline alyp gelýär, bagtyň kämilligini diňe dogduk diýaryňda hasyl edip bolýandygyny wakalaryň üsti bilen teswirleýär. Bu zatlar pederlerimiziň aňyna, ganyna, ykbalyna ymykly ornaşan düşünje. Nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemeklige aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi, söýgi diýilýän düşünje has gowy zatlary döretmäge, ýasamaga, işlemäge itergi berýär. Hakyky söýgi nämedir bir zat döretdirip bilmäge ukyplydyr. Dünýäde edilýän uly-uly täsin açyşlaryň, hasyl edilýän beýik maksatlaryň, süýji arzuwlaryň aňyrsynda hem nämedir bir zada bolan söýgi ýatyr. Watan söýgüsi iň hasylly we iň süýji söýgidir. Ol ömrümize many çaýjak amallary düşünjämize salgy berýär. Işe, zähmete yhlasly ýapyşmaklyga iterýär. Watan söýgisi ukyby şineledýän, zehini pyntykladýan, işleri ugrukdyrýan gudratdyr. Netijeli zähmet bilen döwri, döwleti we beýik zamanany has-da beýgeldip, ösdürip bolýar. Munuň üçin her kimiň öz ornunda durup, halal zähmet çekmegi, yhlas etmegi, gijesini-gündizini, ukusyny-oýalygyny il-ýurt, Watan bähbidine bagyş etmegi wajypdyr. Ýerine ýetirilýän işlerde, oýlanyp tapylýan zatlarda, döredilýän eserlerde döwrümiziň keşbini şu ajaýyplygynda janlandyrmak, onuň döwre we geljegebaplygyny şöhlelendirmek hemmämize borç, buýsanç hem mertebedir.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir