Ýolda-yzda, okuwda-işde, toýda-tomguda, has gönüläp aýtsak, iki adamyň başy çatylan ýerde, sözden söz, gürrüňden gürrüň çykanda, ýa-da biri beýlekä içini dökende, «Aý, şeý diýdim-de, aldap goýberdim» ýa-da «ýöne diýip goýberdim» diýilýän jümleler, daşyňa çykarylmasa-da, aldanylyp ýörlen ýagdaýlar käteler has ýygjam eşdilýän ýaly bolup dur. Belki, bu başyňdan sowmaklykdyr, belki, öz bähbidiňi bilmeklikdir, belki-de, özümize bähbidi ýok ýerinde özgä-de bähbit islemezlikdir. Bu sözi ulanmaga endik eden adamlar aglaba Magtymguly atamyzyň «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga kişi gerekdir» ýa-da «Ýalançy Taňrynyň duşmany diýrler, Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr» diýen jümlelerini tumar edip ulanýarlar. Durmuş bilen baglanyşykly zatlary her kimiň özi dürlüçe kabul edýär, döwrany özüçe görýär, özüçe sürýär. Bu garaýyşlaryň biri beýlekisine sähel meňzäbem bilýär, düýbünden tapawutlanybam. Şonuň üçin olaryň haýsydyr birini, sebäbini düşündirmezden, düýpgöter inkär etmek pikiriň kemsidilmegine eltýär. Her bir şahsyýet bolsa özboluşly pikiri bilen tapawutlanýar, ýöne Magtymgulynyň aýdýan «Ýalanyň jaý ýeri» bilen ýalanyň biziň göwnümize jaý ýeri köp babatda üzňedir. Biz käteler kimdir birinde özümiz hakda ýagşy ýatlamalar, süýji täsirler galdyrmak niýeti bilen ýüzümizi-gözümizi güldürip, kalbymyzda-köňlümizde ýok zady şelaýynlyk we ýalan söz bilen gabat gelene ýaňzydyp ýöris. Birini birbada monça edip goýbersek, «Käbäni dikeldençe» ýa-da «müň hajyny doýrança» görýäris. Ýöne nusgawy edebiýatyň her jümlesini, aňyňa dolaşan pikiriň her damjasyny, kitapdan okap, durmuşdan görüp öwrenen her bir zadymyzy, munuň üstesine, durmuşyň kagyza sygmaýan kanunyny öz göwnümize, diňe öz bähbidimize laýyk getirjek bolmak ikiýüzlülikden, garasöýmezlikden, gorkaklykdan, namartlykdan we şuňa meňzeş ýaramaz gylyk-häsiýetlerden habar berýär. Eger ol ýerde köpüň bähbidi göz öňünde tutulýan bolsa aýybam däl. Adam pahyr hoş sözüň ýesiri, ýöne höş söz ýalan bolmaly diýlen zat ýok ahyry. Soňy «jennete» direýän wadalar, «eşrete» kepil geçýän lebizler, maksadyň bitmegine boýun bolunýan sözler... örňedi gitdi. Biz söz diýilýän gudratyň hormatyna kembaha garaýarys. Sözi diňe özümizi «halas» etmek ýa-da özümize «bendi» etmek üçin ulanýarys. Boýun bolnan şol iş bitýänçä, her bir sözüň aňyrsynda bir melegiň wagtal-wagtal böwrümize dürtüp, ýatladyp durandygyna bolsa biparh garaýarys. Ahyrsoňy näme, melek görgüli bitmedik ol işi ynsabyň ygtyýaryna geçirýär, ynsap welin, adalatly ar alýar. Ol käteler ukyňa gatyşyp, biynjalyk etse, käteler bir ugursyzlyga duçar edýär. Niýet bilen söz - adamyň ýanýoldaşy. Şol ikisi düz bolsa, süňňüň ýeňil, ruhuň belent bolýar. Niýetiňe bir garalyk ýokaşsa, bir bedre süýde daman bir damja sirke ýaly, saňa bagly işler terse gönügip bilýär. Onsoňam durmuşda aldap goýberäýmeli zat ýok. Musulmançylykda, umuman, adamkärçilikde ýalan sözlemäge ygtyýar berlen üç sany pursat bar. Şolaryň ikisinde ýalan sözlemäge ygtyýar berilse-de, şertine boýun bolup, talabyny ödemek hökmany hasaplanýar. Ol şert bolsa, gysgaça ýaňzydanyňda, şundan ybarat: şol ýalan söz iki tarapyň hiç birine-de zyýan bermeli däldir, hiç bir tarapyň bähbidine ters gelmeli däldir. Gaýta iki tarapa hem peýdaly bolmalydyr. Durmuşda ýalan sözlemäge idin berilýän üç ýer: söweşde we şuňa meňzeş ýerlerde öz duşmanyňy, garşydaşyňy aldamak; iki sany öýkeli kişini ýaraşdyrmak üçin, birek-birege ynamy, söýgini we sarpany oýarýan sözleri aýdyp aldamak; är-aýalyň arasynda mähir-muhabbetiň, söýginiň, agzybirligiň dowamly bolmagy üçin gerek ýerinde (ýerlikli) aldamak. Söz, wada, lebiz, kasam, äht, ant ýaly zatlar her bir adam üçin iň beýik we gymmatly, iň bir üýtgewsiz zat bolupdyr. Köne döwrüň ýagdaýyndan habar alsaň-a, bularyň yzynda durup bilmezlik aňrybaş biabraýlyk, masgaralyk, ýüzigaralyk hasaplanypdyr. Şonuň üçin olary oýnabam aýtmandyrlar, aýnabam. Ýöne haýsydyr bir ýetmiş ýylky ýat terbiýäniň döwründe süňňümize salynmaga, ganymyza garylmaga edilen synanyşyklaryň täsiri bilenmi ýa-da bu ahwalata başyny ýaýkap, ony «akylyň ýukalyp, adamlaryň ownamagyna ýorýan», ýöne jemgyýetiň aňly bolmagy üçin, özünde bar zady bermäge bogny ysmaýan adamlar zerarlymy, söz diýilýän zadyň gymmaty möwriti öten haryda döndi. Emma Kerim şahyryň «Döwri döwür edýän Adamdyr» diýen sözlerini welin, orta mekdepde bilim alan her bir adam ýatdan bilýändir. Her nesil özünden soňkulara köpri hem nusga. Öýüňde ýok zady myhmanyň öňünde goýup bolmaýşy ýaly, özümizde ýok zady indiki nesillere galdyryp bilmeris. Millet diňe özüniň ruhy terbiýesindäki geleňsizligi zerarly ownap bilýär. Döwür adamyň diňe öz pikirini dogry saýyp, beýlekä sarpa goýup bilmeýän çagynda ownap bilýär. Biz ruhy terbiýede hiç bir zada biparh garamaly däldiris. «Uly günäler ownuk düzgünbozmalardan, uly ýalňyşlyklar ýönekeý biperwaýlykdan gözbaş alýandyr» diýen jümle bar. Durmuş meselesinde-de, ahlak-söýgi meselesinde-de berlen wadalaryň, lebziň yzynda durulmasa, ygrara wepa berilmese, sözüň ahy tutsa, hernä beterinden Hudaý saklasyn welin, ömürlik betbagt bolup galaýmagyň hem mümkin. Hakyň hasaby ýöräp durandyr, hasapsyz zat ýokdur. «Aldap goýberäýmeli» pursatlaryň durmuşda her gün gabat gelmeýändigi üçin, aýdýan zatlarymyza, berýän sözlerimize seresap çemeleşsek gowy bolardy. Her kimiň ýüzünden geçmek ýeňil dälem bolsa, başarmaýan bolsaň, «başaramok» diýmek aýp zat däl. Ile-güne başarýan zadyňy bagyş edip bilmek hem uly mertebe. Ýalany ýok sözler bilenem ýardam edip bolýar. Her bir häsiýet bolsa indiki nesillere iki esse bolup geçýändir. Şonuň üçin bir pursatlyk başdansowmalyk we bir günlük göwünawlamaklyk üçin, soňabaka endige öwrülýän her bir ýaramaz häsiýetden gaça durulmagy gerek. Bu biziň mundan bu ýana-da işlerimiziň ugrukmagyna, garaşmaýan ýerimizden gowulyklar we şowlulyklar bilen gurşalmagyza getirer. Iň bolmanda, berlen sözleri mümkinçiligimize görä hasyl etmäge bir synanyşalyň. Oýnalyp ýa-da ýerliksiz aýdylan ýalan söz bolsa tä kylmyşyňa toba edýänçäň, ýesir eder ýörer. Şonuň üçin hem durmuşda gabat gelýän ownuk-iri şowsuzlyklaryň aglaba sebäbini ýerliksiz aýdylan ýalan geplerimizden, söz berip, yzynda durulmadyk wadalarymyzdan gözläliň.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir