Ýaşlaryň ruhy dünýäsine, ahlak we edep kadalaryna degişli gürrüňler bizde uly täsir galdyrýar. Şol gürrüňlerde, her kimiň öz dünýäsindäki agyryly, ünjüli şatlykly, şowhunly ýerler bizde hem ýüz dürli pikir döreýär. Bu pikirler biri-birimiziňkä gabat hem gelenok. Belki pikirleriň dürli-dümenligi her kimiň özboluşly dünýäsiniň bardygyndan habar berýändir. Ýaşlaryň aglaba meselesi söýgä syrygýar: ýandym-bişdimler, örtendimler, Mejnun-Leýliler, Tahyr-Hemralar esasy mesele bolup durýar. Ýöne men bu gün söýgi hakda däl, ençeme wagtdan bäri ýüregime ynjalyk bermeýän başga bir mesele dogrusynda içimi dökesim gelýär. Biziň firmamyzda bizden dört-bäş ýaş uly bir oglan işleýär. Bir edaradan birnäçe ýyllap girip-çykamyzsoň, ýaş tapawudyna hem känbir parh goýman, durmuşyň käbir taraplary hakda gönümel söhbetdeşlige hem giriberýäris. Özüniň gürrüň bermegine görä, ol ilkibaşda orta hal, pukararak oglan eken. Soňra şu edarada işleýän başga biriniň goldawy, goragy, hemaýaty bilen özüni tutupdyr. Üçegi ýok eken, jaýly bolupdyr. Ulagy ýok eken, maşynly bolupdyr. Bu gün esasy işiniň gapdalyndan telekeçilik edip, iş örüsini giňeltdi. Onuň bu yhlasyna ýaşlaryň ählisi „tüweleme“ diýýär, ýöne ... bir ýyl mundan ozal, onuň „dadyna ýetişen“ şol adam biziň firmamyza iş dolandyryjy bolup geçdi. Ol hem gele-gelmäne öz düzgünlerini girizdi. Elbetde ýolbaşçy adama gulak asmaly welin, ýöne käteler ters hereket edýändigine gözüň ýetip durka, her kim öz ýanyndan ýokuş gören pikirini aýdyp galýar. Bu sözler bolsa biziň ýaňky ýoldaşymyza asla ýaranok. Ol elmydama şol dostunuň tarapyny tutýar. Bir gün gürrüňden gürrüň çykanda, biz ondan näme üçin käbir hereketleriniň ýalňyşdygyna düşünip durkaň hem, ony aklamaga çalyşýaň diýsek, ol asla müýnürgemän: „Onuň pikiri ýalňyş hem bolsa, dogry hem bolsa, men elmydama şonuň tarapyny tutaryn. Sebäbi ol maňa örän uly ýagşylyk etdi. Bir özüm bolanlygymda men bu derejelere ýetmezdim, jaýly, ulagly bolmazdym. Ol maňa bahasyna ýetip bolmajak ýagşylyk etdimi, diýmek men oňa ömürboýy borçly. Hat-da ol telek gürlese-de, nähak hereket etse-de, elmydama şonuň tarapyny tutaryn, ynamyny ödemäge çalşaryn, ýalňyşdygyny bilip dursamam, şonuň sözüne dogry diýerin. Sebäbi ol maňa sizden has köp ýagşylyk etdi. Men özüme ýagşylyk edenleriň öňünde bergidar“ diýip jogap berdi. Garaz, ýa biz oňa, ýa-da ol bize düşünmedi. Her kim öz pikiri bilen galyberdi. Ol ýoldaşymyzyň henizem şol pikirlerine wepalydygyny görýäris. Kim bilýär, biziň öz pikirlerimizi aýdýandygymyzy ol „ýagşylyga düşünmezlik, gadyrbilmezlik, ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermeklik“ hökmünde kabul edýän bolmagy hem ahmal. Dogry „Ynsan – haýyr-yhsanyň guly“ diýilýär. Kim ilki ýagşylyk etse, ömürboýy üstün bolýar. Meni biynjalyk edýän sowal bolsa şeýle: Ömrüňde bir ýola ýagşylyk edenler, soňlugy bilen ters hereket edýän bolsalar, eden ýagşylygynyň gaýtargysy hökmünde olaryň bu hereketini goldap gezmelimi ýa-da özüne ýaňzydyp bilmesegem, iň bolmanda öz aňymyzda bir ýaman hereketi ýazgarmalymy? Bir ýagşylygyň gadyryny bilmeklik näme bolýar? Ony nähili ödemelikä? Bir ýagşylyga ömürboýy bergidarlyk diýen düşünje aga ak, gara gara diýmek hukugyny ýatyryp bilýärmi? Ýa-da haýsydyr bir mesele dogrusynda onuňka laýyk gelmeýän öz pikiriňi aýtmak, dogrudanam, gadyrbilmezlikmikä? Ýogsam-da şunuň ýaly ýagdaýlarda gadyrbilmezlik bilen hakykaty ýoýmazlygyň arasyny nähili seljermeli?

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir