III Halk arasynda terezi hakyny egismek oňlanylmaýan häsiýetleriň biri. Muňa garamazdan, käteler ynsan nebsi dury paýhasdan rüstem gelende, gazanjyň berekedine däl-de, düşewündiň artyklygyna ähmiýet berilýän pursatlary-da bolaýýar. Ol şu günki pygyl-päliniň gaýtargysyny hut şol günüň özünde görmese, kada-kowahada sygmaýandygyna garamazdan, ynsan her bir hereketi özüne ýokýan mysalynda kabul edýär, çalt baýamagyň, dessine gurply-gurbatly bolmagyň yşkynda gezýär. Nebsiň hem bir aýratyn tebigaty bar, ol hiç wagt öňki dereje bilen kanagat etmeýär, oňa öňküden-de has köp gerek. Wagtynda oýanyp bilseň, diňe özüňi däl, bala-çagaňy hem bir agyr ýükden halas edip bolýar. Çünki nähak gazanylan zat ahyry bir ýerden urup çykýar. Bütin ömrüni söwda-satyk bilen geçiren bir ýaşuly uly ogluny ýanyna çagyryp, maslahat beripdir: «Indi bazara çykyp, söwda edere rowgatym galmady. Ertirden başlap, mellekde ýetişen bakja önümlerini satmaga özüň gidersiň. Bazara baranyňda, duldegşir söwdagärler bardyr. Her bir harydyňy gala satmaga dyrjaşarlar. «Bazaryň nyrhyny bozma» diýip, sendenem ýokary baha goýmagyňy talap ederler, ýöne sen zähmetiňe düşýän hakyňy algyn. Artyk gazanjak bolma we hiç wagt terezini egsik ölçemegin. Berenini, berekedi bilen berse, ýeterlik bolýandyr» diýipdir. Ertesi daň bilen uly ogly bazara rowana bolupdyr. Atasynyň ýerine geçip ornaşypdyr. Gök bakja önümlerini tertipläp goýupdyr we datly miweleri müşderilere mazamlap ugrapdyr. Sähel salymda harytlaryny ýerläp bilipdir. Onuň ýanynda oturan söwdagärler bu ýaş ýigide maslahat beripdirler: «Inim, harydyň ýokary bahadan geçýärkä, ujypsyz haka dözüp oturma. Bu ýeri bazar, geçýän bahasyndan beribermelidir. Bazaryň göterýän nyrhyna görä hereket etseň utulmarsyň» diýipdirler. Ýaş ýigit bir salym oýurganypdyr: «Bu aýdylanlaryň jany bar bolmaly. Geçýän bahasyndan bermegim gerek. Atam bir ýaşuly adam, ol köne düşünjeli bolup biler. Onsoňam men terezini kem ölçämok ahyry, galan ähli hereketimem halal» diýipdir we ertirki söwdasyny has ýokary bahadan satmagy pugta ýüregine düwüpdir. Ol şol günki gazanjyny atasyna getirip beripdir. Agşamara ähli maşgala saçak başyna jem bolupdyr. Ýöne, näme üçindir bir meseläniň üstünde iki sanysynyň sözi çatak düşüp, biri-birinden öýkeläpdirler. Mundan öň bu öýde asudalyk, huzur höküm sürýän ekeni. Atalary bu ýagdaýa hiç akyl ýetirip bilmändir. Kimdir biriniň hyýalynda bir näsaz pikirleriň öwrüm edýänliginden çen edipdir. Ähli balasyny ýanyna çagyryp, şol günki bitiren işleri we indiki etsem-goýsamlary hakda sorapdyr. Ahyry uly oglunyň sözüni, matlabyny bileninden soň, oňa hälki niýetlerine görä hereket etmezligi, diňe halallyga per bermegini ýene bir ýola ündäpdir. Uly ogul ertesi bazara baryp, harytlaryny geçýän bahasyndan däl-de, ýene-de öz düşýän gymmatyna görä satypdyr. Gaýta, her satan zadynyň üstüne birlän-ikilän halallyk hakyny hem guýupdyr. Tereziden asla egisjek bolmandyr. Ýanyndaky söwdagärler oňa gyýa göz bilen garapdyrlar, hüňürdäp, aňyrsyna bakanlaram bolupdyr. Hudaý her kimiň rysgyny ýetirip dur: arzan bahalynyňky hem alynýar, gymmat satýanyňkam geçýär. Ýöne olaryň gazanjyndaky bereket welin deň bolmaýar. Birnäçe aýlardan, belki-de ýyllardan soň adamlar bir hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýar: halalyň ojagynda agzybirlik höküm sürýär, iýjek-içjegini Hudaý ýetirip dur, zada zar bolanok, minnetlä mätäç edenok. Çagalary aňly-düşünjeli, edenli, hereketli, il ýumşuna ýarap, sogap gazanyp ýörler. Gazanjyna nähak gatanlar bolsa, daşyndan asuda-parahat görünýändigine garamazdan, ruhy ejirleriň, nähilidir bir ýeter-ýetmezligiň içinde günlerini aýlapdyrlar. Danalaryň paýhasly pikirlerine gulak gabartsak «Halal lukma gözlere röwşenlik çaýyp, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk çaýýar. Işleriň ugrukmagyna, rowaçlanmagyna sebäp bolýar. Maşgalada agzybirlik, arkalaşyk, asudalyk höküm sürýär. Gazanjyna nähak gatanyň öýünde welin hergiz asudalyk bolmazmyş. Nähak hereketiniň mukdaryna barabar muşakgatlar hem hemişe ýol üstünde garaşar durarmyş». IV Biziň her birimiziň eý görýän adamlarymyz, ýakynlarymyz, tanyşlarymyz bar. Olaryň bize ýetirýän habarlary, aýdýan sözleri hem juda gymmatly we ähmiýetli. Biz olara şeýle bir ynanýarys, aýdýan zatlaryny makullaýarys, tassyklamaga çalyşýarys, hemişe özümize ýakynlaryň tarapyny tutýarys, ýa-da käteler bir wakanyň habaryny bize ilki bolup aýdanlara güpbe ynanýarys, derrew öz garaýşymyzy mälim edip, meseläni dessine «çözüp berýäris». Ýöne… beýleki tarapy diňlemelidir, meseläni köp taraplaýyn öwrenmelidir, derňemelidir, bilmelidir öýdemzok we olar babatda düýbünden nädogry düşünjelere duwlanyp galýarys. Günlerde bir gün Dawut pygamberiň ýeke özi otyrka, birden birnäçe adam onuň huzurynda peýda bolupdyr. Dawut pygamber muňa geň galyp, aljyrapdyr. Sebäbi onuň gapysyndaky garawul Dawudyň rugsady bolmazdan, hiç kimi içeri salmaz ekeni. Ol iki adam Dawut pygamberden özleriniň dawasyny çözüp bermegini sorapdyrlar. Dawagärleriň biri Dawut pygambere ýüzlenip: «Ine, şu meniň doganym. Onuň 99 sany goýny bar. Meniň-de birje goýnum bar. Doganym «şol birje goýun hem sende bolmasyn, getir goýnuňy, meniňkä goş. Ol goýun hem meniňki bolmaly» diýip, dawa edýär. Bize adalatly höküm çykaryp, dawamyzy çözüp ber» diýipdir. Ol adam arzyny aýdyp gutaran dessine, Dawut pygamber: «Bu adam seniň goýnuňy almak bilen saňa zulum edipdir, nähak çemeleşipdir» diýipdir we beýleki tarapy diňlemezden kararyny mälim edipdir. Onuň doganyna bakyp: «Bu ýerde sen günäkär. Goýny eýesine ber. Heý-de 99 goýnuň barka, uly süriň eýesikäň, onuň ýekeje goýnuna göz dikýärmiň? Sende kanagat ýokmy?» diýipdir. Dawut pygamber kararyny mälim eden dessine ýaňky dawagärler gözden gaýyp bolupdyrlar. Şol pursatda Dawut pygamber özüniň synalandygyny bilip galypdyr. Bu işde goýberen uly säwligini ýatlap, toba edipdir. Sebäbi, iki dawagär gelen wagtynda, ikisiniň hem gepine gulak asmalydy. Birini diňläp, derrew höküm çykarmaly däldi. Belki-de, bu ýerde dawany ilki mälim eden adamyň özi günäkärdir, anygyna ýetmelidi. Şeýle ýagdaý aglaba adamzat nesline mahsusdyr. Köplenç halatda habary ilki aýdanlaryň ýa-da özümize ýakynlaryň tarapyny tutup, beýlekiler babatda galat pikirlere, ýalňyş düşünjelere eýerýän pursatlarymyz bolýar. Soňra şolar hakda ýagşy-ýaman näme ýaňzydylsa, biz her bir maglumaty aňymyzda berkän düşünjeler arkaly süzüp kabul edýäris. Bu bolsa biziň hakykaty doly görüp bilmezligimize we kimdir biri hakda nähak netije çykarmagymyza sebäp bolýar. V Daş-töwerek, tebigat, adamzat durmuşy özara sazlaşyk esasynda ýaşaýar. Bu sazlaşygyň özeninde hem her bir zada halal çemeleşmek, ýagşylyk etmek, ýardam goluny uzatmaklyk ýaly ýagşy häsiýetler ýatyr. Gabahat bir hereket etseňem, ahyry üsti açylýar. Akyldarlaryň aýtmagyna görä, «Ýaramaz işiň paş bolmagy üçin ynsanyň öz päli ýeterlikdir. Haçandyr bir wagt ol öz etmişiniň jogabyny alar» diýilýär. Ir döwürlerde ýol urup ýören galtamanlaryň biri kerweniň öňüni bekläpdir. Ählisiniň goş-golamlaryny talapdyrlar, kerwendäkileriň bolsa janyna galmak üçin, südenekledip başlapdyrlar. Kerwenbaşy bu galtamanlara özelenip ýalbaryp: «Her kimiň yzynda bala-çagasy, gözüni dikip oturan perzentleri, ene-atalary, söwer ýarlary bar. Zadymyzy alsaňyzam, janymyzy halas ediň» diýipdir. Emma birehim galtaman it ýylgyrşyny edipdir, gözlerinde welin bir zerre şepagat ýylpyldysy peýda bolmandyr. Hernäçe ýalbarsa-da, bolmajagyna gözi ýetensoň, kerwenbaşy baýryň depesindäki iki sany käkiligi görkezip «Goý, onda ho-ol duran iki käkilik siziň adalatsyzlygyňyzyň, zalymlygyňyzyň şaýady bolsun» diýipdir. Galtamanbaşy bu ýagdaýa haha-haýlap gülüpdir «Haý, sen-ä paňkelle ekeniň, heý-de käkiligem bir şaýat tutularmy?» diýipdir we olara zabun darap, oljalary sürüp äkidipdir. Aradan birnäçe ýyllar geçipdir. Bir gün şol sebitiň sözi ýörgünli emiri uly toý tutupdyr. Hemmeleriň hökman toýa görünmegini towakga edipdir. Uludan saçak ýazylypdyr. Ýaşlygynda ýol urup ýören şol galtamanbaşy hem toýda bar ekeni. Dürli-dümen naz-nygmatlar orta goýlupdyr. Saçakda datly tagamlar, süýji naharlar, göwün küýsän zatlaryň bar eken. Şol wagt saçaga iki sany gowrulan käkilik getiripdirler. Bu käkilikleri görüp, galtamanbaşy ýene gülmäge başlapdyr. Emir bu ýagdaýa geň galypdyr, munuň sebäbini sorapdyr. Galtamanbaşy: «Ýaşkam ýol urup ýörkäm, bir kerwene sataşdyk. Şonda kerwenbaşy «Malymyzy al, janymyza degme» diýip, hernäçe ýalbarsa-da, üns bermändik. Şonda ol tentek baýryň depesindäki iki sany käkiligi görkezip, «Şu ikisi bize şaýat bolsun» diýipdi. Şu wagt iki sany käkilik gördüm-de, şony ýatlaýdym» diýip, gülküsini dowam edipdir. Emir bu zalymlyga sebäp bolan galtamanbaşyny, onuň ähli hemşerilerini tutdurypdyr we jezalandyrypdyr. Halk Hudaýyň adalaty hasyl edişine haýran galypdyr.

Köneler, Mirab tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir