Muharrem aýynyň aýratynlygy. Muharrem aýynyň onunjy gününe “Aşure güni” diýilýär. Dilimizdäki aşyr we aşure sözi arap dilindäki “on” sany bolan “aşrun” sözünden dörändir. Halkymyzyň arasynda bu aýyň Aşyr ady bilen meşhurlyk gazanmagy onunjy güni bilen baglanşyklydyr.Haram aýlaryň içinde Muharrem (Aşyr) aýynyň aýratyn orny we ähmiýeti bardyr. Bu aýratynlygy “Muharrem” adyndan hem tapawutlandyrmak mümkindir. Çünki “muharrem” söziniň, haram edilen, hormata laýyk ýaly manylary bardyr. Bu aýyň ähmiýeti Yslam medeniýetinde we taryhynda hem dowam edip gelipdir. Çünki Yslam, hezreti Ybraýymyň (a.s) çagyran Hanyf dininiň esaslarynyň dowamy hökmünde bolmagynyň sebäbi bilen ol adatlaryň gymmatynyň hem eýesidir. Yslam dini orta çykandan soň hem Muharrem aýy dini, sosial we taryhy ähmiýetli wakalaryň bolan aýydyr. Bu ýagdaýlar Muharrem aýyny, Yslam medeniýeti nukdaý nazaryndan has öňe çykarypdyr. Muharrem (Aşyr) aýyny ähmiýetli eden aýratynlyklary gysgaça şeýle agzamak mümkindir: 1.Hijri ýylbaşy Muharrem aýy 12 aý we 355 gün bolan kamary ýylyň ilkinji aýydyr. Adyndanhem belli bolşy ýaly kamary ýylda günüň däl-de aýyň hereketleri esas alynýar. Hijri taryhy hezreti Pygamberimiziň (S.A.W) Mekkeden Medinä göç edişi bilen başlaýar. Hijretiň kalendar başlangyjy hökmünde kabul edilmegi hezreti Omar (a.s) döwründe bolup geçýär. Tä onuň döwrüne gelinçä, araplarda tertipli bir şekilde ýyl ýazgylary ýokdy. Pil wakasy ýaly hadysalary esas edip ulanýardylar. Hezreti Omar (a.s) döwründe hezreti Pygamberimiziň (S.A.W) Mekkeden Medinä hijret eden ýyly (milady 622) Yslam kalendarynyň başlangyç ýyly (hijri 1) bolup, Muharrem aýy hem bu kalendaryň ilkinji aýy edilip kabul edildi. 2.Aşure güni (on muharrem). Bilinişi ýaly hezreti Pygamberimiz (S.A.W) Medinä hijret edeninde ol ýerde araplar bilen bile ýaşaýan ýahudiler/ jöhütler bardy. Bu ýahudiler hezreti Musa (a.s) bilen Ysraýylogullarynyň Fyrgunyň zulmundan Aşura güni halas bolandyklaryny aýdan ýahudileri Serwerimiz (S.A.W) makullapdyr. Hezreti Pygamberimiziň (S.A.W) hem pygamberlikden öň we soň bu günlerde agzyny bekländigi barada aýdylýar. Medine döwründe bu orazany musulmanlara ündändigi bilinen bir hususdyr (Buhari, Sawm, 69, II, 250). Ibn Abbasdan rowaýat edilşine görä hezreti Pygamberimiz Muhammet (S.A.W) Medinä geleninde ýahudileriň oraza tutýandygyny gördi we: “Bu nämedir?” diýip sorady. Ýahudiler: “Bu haýyrly bir gündir. Bu Allanyň Ysraýylogullaryny duşmanlaryndan halas eden, şu sebäpdenem Musanyň oraza tutan günidir” diýdiler. Mundan soňra Pygamberimiz (S.A.W): “Men Musa sizden has laýykdyryn” buýurdy we hem özi oraza tutdy hem-de başgalaryna oraza tutmaklaryny emir etdi. (Buhari, Sawm, 69, II, 251) Pygamber Serwerimiz (S.A.W) Aşura güninde oraza tutulmagyny ündäpdir we şeýle buýrupdyr: “Aşura güniniň orazasynyň öňki ýylyň günälerine keffaret bolmagyny Alladan umyt edýärin.” (Tirmizi, Sawm, 48, III, 126) Remezan aýy we Aşura güni. Aşura güniniň oraza tutulmagy wesýeti, Remezan orazasynyň parz kylynmagyna çenli dowam etdi. يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُواْ كُتِبَعَلَيْكُمُ الصِّيَامُ كَمَا كُتِبَ عَلَى الَّذِينَ مِن قَبْلِكُمْلَعَلَّكُمْ تَتَّقُونَ “Eý, iman getirenler! (Siziň günä işlerden saklanyp) takwalardan bolmagyňyz üçin sizden öňkülere parz edilişi ýaly, size hem sanalgy günlerde oraza tutmak parz edildi.” (Bakara sür. aýat 183) Bu aýat inenden soňra aşura orazasy islege bagly bolup galdy. Hezreti Äşe (r.anhä) muny şeýle gürriň berýär: “Resulullah (S.A.W) aşura güni oraza tutulmagyny emir etdi. Remezan orazasy parz bolanda, islän aşura güni oraza tutdy, islän tutmady.” (Buhari, Sawm, 69, II, 250) Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) Muharrem aýynyň 9, 10 we 11-nji günlerinde oraza tutulmagyny ashabyna ündäpdir. Bir hadysda şeýle buýrulýar: “Resulullah (S.A.W) aşura güninde oraza tutanda özüne; “Eý Allanyň resuly, bu gün ýahudileriň we hristiýanlaryň hormat goýan günleridir” diýdiler. Muňa Pygamberimiz (S.A.W): “Geljek ýyl Inşallah Muharremiň dokuzynjy güninde hem oraza tutarys” diýdi. Indiki ýyla aşmazdan Serwerimiz (S.A.W) aradan çykdy.” (Müslim, Syýam, 133, I, 797-798) Halkymyzyň arasynda hem köneden gelýän aşura güninde kokun kesilip, dürli tagamlar taýýarlanylyp goňşy – golamlara, ýakyn garyndaşlara hödür – kerem edilýär. Bular ýaly zatlar bolsa milletimiziň agzybirligini has-da jebisleşdirýär.

Köneler, Mirab tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir