Ene... Durky bilen mähribanlyga ýugrulan bu eziz ynsan hakda köp-köp goşgular düzülip, sansyz aýdymlar aýdylandyr. Emma enelerimizi näçe wasp etsegem, bärden gaýdýar. Emma ene mähribanlygy ähli şirin sözlerden üstün gelýändir. Çünki bize ilkinji sözleri öwredýän hem öz enelerimiz ahyry! Çaganyň ýaşlykda öwrenen diline «Ene dili» diýilmegi-de ýönelige däl. Beýle diýilmeginiň düýp sebäbi, janyndan jan berip, bizi dünýä getirip, söýgi we mähir bilen ulaldyp, muhabbet garyndysy bilen birlikde öz dilimizde gürlemekligi öwreden beýik ynsanyň enelerdigi üçindir. Çagalyk döwrümde okan bir rowaýatym ýadyma düşýär. Bir jahankeşde syýahatçy öz dogduk ýurdundan alyslarda syýahat edip ýörkä, ykbal ýazgydy bilen uzak ülkede ýaşaýan öz ildeşine duşýar. Ýaňky ildeşi ýaş ýetginjek mahaly keseki ýurda düşüp, şol wagt orta ýaşdan geçen ekeni. Özge ýurtda ýaşaýan mysapyr adam, jahankeşde ildeşini öýüne çagyryp, hezzet-hormat edýär. Bir salym söhbetdeş bolýar. Haçanda jahankeşde öz Watanyna gaýdarman bolanda, mysapyr bende garyndaşlarynyň salgylaryny berip, köp-köp dogaýy salam ýollaýar. Syýahatçy ýurduna gelen dessine, mysapyryň dogan-garyndaşlaryny idäp başlaýar. Geň göräýmeli, ýaňky mysapyryň enesi-de bar eken. Jahankeşde oňa duşup, oglunyň ýollan salamyny ýetirýär. Enesi hamraklyk bilen gaýry ýurtdaky oglunyň hal-ýagdaýlaryny birin-birin soraýar. Iň soňunda garry ene jahankeşdeden: «Oglum seniň bilen öz ene dilimizde gürleşdimi?» diýip oslagsyz sowal berýär. Jahankeşde: «Ýok, biz terjimeçiniň üsti bilen gürleşdik, men-ä ene dilimde, ol bolsa şol ýeriniň dilinde gürledi» diýýär. Muny eşiden garry ene bada-bat ýüzüni gara ýaglyk bilen ötýär. Jahankeşde garry enäniň nämüçin beýdendigini soranda, ene: «Çagalygynda meniň öwreden dilimi unudan bolsa, ol meniň üçin bireýýäm dünýeden ötendir» diýýär. Biz ümbilmez bäbejikkäk, has takygy aglamakdan başga zady bilmeýän wagtymyzda-da enelerimiz biziň näme isleýändigimizi bilýärler. Galyberse-de, enelerimiz durmuşyň gaýtalanmajak terbiýe mekdebiniň mugallymlarydyr. Maşgalada çaga terbiýesiniň aglaba bölegi enelerimiziň paýyna düşýär. Enelerimiziň aýdýan hüwdüleriniň özem uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Deňizdir ummanlarda çäk bardyr, emma ene mähir-muhabbetiniň çägi ýokdur. Eneler bagyşlaýjydyr. Olar öz jigerbentlerini kemçiligi bilen bile söýýärler. Balalarynyň aýyplaryny garaňky gije ýaly örtýärler. Eneleriň perzentlerine bolan buýsanjy başy garly daglar ýaly beýikdir. Eneleriň ýylgyryşy sapaly bahar pasly ýaly mylaýymdyr. Hatda käýände-de mähir, söýünç bilen käýeýändir. Ýogsam-da, eneler şeýle çäksiz mähir-muhabbeti nireden alýarkalar? Megerem, öz perzentlerine bolan bimöçber söýgüden alýan bolsalar gerek. Söýginiň näderejede güýçli ylahy duýgudygyna ene mähriniň, ene söýünjiniň üsti bilen has gowy göz ýetirýäris. Hawa, şahyryň: «Dünýäniň bar görki enedir – ene» diýşi ýaly, dünýämiziň görki, durky, berki mähriban enelerdir! Hut şonuň üçin-de eneler mukaddesdir. Şol mukaddesligiň öňünde baş egmek, oňa tagzym etmek bolsa, her birimiziň perzentlik borjumyzdyr.

Köneler, Mirab tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir