Türkmenistanyň Prezidentiniň “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär“ diýip, buýsanç bilen belleýşi ýaly, türkmen bedewiniň gadymy şan-şöhraty bu gün täze ruhda, täze öwüşginde halkara derejesinde dabaralanýar.
Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklaryň gatlaryna uzap gidýän şöhratly taryhy nurana we ýyndam bedewlerimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna örän gymmatly goşandy bolup durýan täsin ahalteke tohumynyň ösüşiniň özi türkmeniň zähmetsöýerligine, ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär. Çünki ähli güýjüňi, zehiniňi asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp gymmatlygy – ahalteke bedewini döretmek mümkindir.
Hormatly Prezidentimiz döwlet ähmiýetli işleriniň köplügine garamazdan behişdi bedewlerimize bagyşlap hem-de olary öz ylmy we edebi-çeper döredijiliginde wasp edip, atlara örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Alym Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly kitaplarynda türkmen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda, milli däp-dessurlarynda, edim-gylymynda ahalteke atlarynyň eýeleýän ornuny ussatlyk bilen açyp görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Köpetdagyň eteginde, gözel ýerde 114 hojalyga niýetlenen, özbaşdak çagalar bagyny, mekdebi, dükany we beýleki durmuş hajatly desgalary öz içine alýan, ýörite atşynaslar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumy, ýagny Aba Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän oba gurlup ulanylmaga berildi. Şöhratly ýyllarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taryhda yz goýan meşhur ahalteke bedewleri Polatlynyň, Ýanardagyň ýadygärlik heýkelleri dikeldildi, Aşgabat şäherinde Okuw merkezi we ýapyk manež hem-de Ahal welaýatynyň çäginde Halkara karantin merkezi gurlup ulanylmaga berildi.
Mähriban Prezidentimiz «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» diýip yglan eden ýylymyzyň ilkinji günlerinde, täze ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşgünli taýçanaga ýylyň şygary bilen baglanyşykly «Rowaç» diýip at goýmak bilen, uly hakykaty gaýtadan açdy: «rowaçlyk» düşünjesinde jemlenýän ähli gowluklaryň behişdi bedewleriň keşbinde açylýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli we möhüm işleriň rowaçlyga beslenjekdiginiň ýene bir ýakymly nyşanydyr. Şundan ugur alyp hem döwlet Baştutanymyz bu taýçanagy Rowaç diýip atlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk toplumyndaky iş otagynda ylhamly dünýäsine berlip, täze ýyldaky ilkinji eserini ― «Rowaç» diýen ajaýyp şygryny Rowaç atly nurana taýçanagyna bagyşlamagy gözelligi tutuş durkuň bilen duýmagyň, onuň waspyny ýetirmegiň mynasyp mysalyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň halk atşynasy we ussat çapyksuwary hökmünde ahalteke bedewlerimiziň gylyk-häsiýetlerine, haýran galdyryjy ukyplaryna we başarnyklaryna has beletdigi aýratyn nygtalýar. Hut şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna özüniň seýisläp kemala getiren Ruhybelent atly atyny sowgat berdi. Ol bolsa bu owadan, syrdam behişdi bedewiň öz başarnyklarynyň we ukyplarynyň sirk sungatynda hem-de milli at üstündäki oýunlarda aýdyň ýüze çykmagy üçin şertleri döredýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede Hormatly Prezidentimiziň Akhan diýen gyr atynyň çarpaýa galyp çalasyn ýöremekde görkezen netijesi: 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, özüniň täsin çykyşy hem-de çalasynlygy bilen dünýä rekordyny täzeläp, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi başardy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde atly sportuň marafon, konkur bäsleşikleri hem-de ýetginjekleriň we halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi hem-de Halkara sergi-ýarmarkasy we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ömrüni ahalteke bedewlerine bagyş eden, atçylyk pudagynda uzak wagt aralygynda zähmet çeken atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” hem-de “Türkmenistanyň Halk atşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň gurduryp ulanmaga beren Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem-de welaýatlardaky Atçylyk sport toplumlarynda baýramçylyk at çapyşyklary şeýle-de, atly sportuň marafon, konkur we «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilip, ýeňijiler Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlary bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» meýilleşdirilýän döwürde milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ägirt uly maýa goýum taslamasy, ýagny welaýatyň dolandyryş merkeziniň gurluşygy amala aşyrylar. Baş meýilnama boýunça şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmünde meşhur bolan Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bina ediler. Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer.

Edebiýat, Mirab tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir