Temmäki adamlaryň durmuşyna aňsatlyk bilen ornaşýan we şol bir wagtda öz ulanyjylaryny ýuwaşlyk bilen öldürýan serişdedir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, temmäki-сilim her ýyl 5 million adamyň ölümine sebäp bolýar. American Cancer Society guramasynyň görkezmelerine görä, çilimiň tüssesinde 7000-den gowrak zäherli himiki maddalar saklanýandyr. Şularyň 250-den gowragy adamyň saglygyna zyýanly, azyndan 69 sanysy bolsa rak keseliniň döremeginiň töwekgelçiligini artdyrýan maddalardyr. 600 müň adam çilim çekmeýän bolsalar hem, onuň zaherleýji tüssesiniň täsirinden ýogalýar. Inçekesel, AIDS we gyzzyrma kesellerinden ölen adamlaryň sanlaryny jemlaniňde hem, temmäkiniň önümlerini ulanmak sebäpli ölen adamyň sanyndan az bolýar. BSSG-nyň maglumat bermegine görä, eger çilime garşy gaýragoýulmasyz netijeli çäreler görülmese, 2030-njy ýylda çilimiň pidalarynyň sany 8 milliondan hem geçer. SANLAR BILEN NETIJELER BSGG-nyň hasabatyna görä, Ýewropa we Amerika (Latyn we Demirgazyk) çilim sebäpli adam ölümçiliginiň sany boýunça beýleki sebitlere garanyňda iň yokary sanlara eýe. Region-materikler Aýal Erkek Ortaça Amerika 15% 17% 16% Ýewropa 7% 25% 16% Afrika 1% 5% 3% Gündogar-Günorta Aziýa 5% 14% 10% Günbatar Pasifik 14% 11% 13% Gündogar Orta Ýer deňzi ýurtlary 2% 12% 7% Dünýä Boýunça 7% 16% 12% Çeşme : WHO Global Report Mortality Attributable to Tobacco-2012 Çilim sebäpli ölýän 5 milliona golaý adamlaryň 80%-i pes ýa-da orta girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylarydyr. ÇILIMIŇ GABYNA ÝAZYLAN GADAGANÇYLYKLAR – ŞEKILLI MASLAHATLAR Dürli ýurtlaryň häkimiýetleri çilime garşy göreşde dürli çäreleri görýärler, strategiýalary ulanýarlar. Urugwaý, Kanada, Awstraliýa ýaly ýurtlar çilimiň zyýany barada maglumaty çilim gabynyň daş görnüşinde görkezýärler. Belli öndürijilere mahsus reňkli şekiller renksizleşdirilip, söwda nyşanlaryny çilim gabynyň üstünde şekillendrimäne ýer bermän, çilimiň gabyny ýönekeýleşdirýärler. Meselem, çilimiň gabyna çilimden saglygyna zeper ýeten adamyň ýa-da beden agzasynyň suratyny goýmagy we şunuň ýaly duýduryşlaryň çilim gabynyň daşynyň 75%-den az bolmadyk ýerini tutmagyny talap edýärler. MAHABAT (REKLAMA) GADAGANÇYLYKLARY Panamada, Täze Zelandiýada we Norwegiýada bolsa mahabat işleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (internet we çilimiň satylýan nokatlaryny hem içine alýar) görkezilmegi gadagan edilendir. Şeýle-de, temmäki öndürýän kompaniýalaryň özleriniň mahabatlandyrylmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerine töleg tölemekleri we hemaýatlyk etmeklikleri hem gadagan edilendir. SALGYTLAR Beýik Britaniýa we Türkiýe bolsa, çilimiň bahasyna 77-78% salgyt goýup çilime garşy göreş yglan edipdirler. Netijede, Britaniýada 2000-nji ýylda çilimkeşler ilatyň 27%-ni düzen bolsa, 2011-nji ýylda bu san 20%-e çenli düşüpdir. Türkiýede bolsa çilim söwdasy 15,5%-e çenli azalypdyr, ýöne satuwyň azalmagyna garamazdan, türk hökümetine çilim satuwyndan düşen girdejiniň derejesi 124% ýokarlanypdyr. Ýokarda belleýşimiz ýaly, üýtgeşik strategiýalar adamlaryň çilime öwrenişmeginiň sebäplerini hemmetaraplaýyn öwrenip, teklip edilýär. Adamlaryň häsiýetleri, islegleri, endikleri olaryň mahabatlandyrmany kabul edişlerini kesgitleýär. Meselem, käbir ýaşlaryň çilim mahabatlandyrylmalaryna aldanyp, çilime höwesi döräp başlaýar. Käbir adamlar bolsa çilimiň elýeterli bahada bolmagyndan peýdalanyp, çilim çekmäge başlaýar. Çilime goýulýan ýokary salgytlar we bahalar, olaryň çilim çekmegini azaldýar. BSGG-nyň bellemegine görä, geçirlen barlaglaryň netijesi çilime ýokary salgydyň goýulmagynyň, ýaşlaryň we az girdejili adamlaryň arasynda çilimkeşligi azaldýan iň täsirli ýolydygyny görkezýär. Şuňa görä hem, çilimiň salgydynyň 10% ýokarlanmagynyň, çilimkeşleriň ýokary girdejili ýurtlarda 4%, pes ýa-da orta girdejili ýurtlarda bolsa 8% sanynyň azalmagyna sebäp bolýar diylip bellenilýär. ÝURDUMYZDAKY ÝAGDAÝLAR Çilim we temmäki önümlerine garşy göreşde Türkmenistanyň alyp barýan işleri hakynda, BSGG-nyň Ýewropa sebitinde iş alyp barýan edarasynyň çilime gözegçilik edýän maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Kristina Mauer-Ştender turkmenistan.gov.tm saýtyna beren interwýusynda şeýle belleýär: "2000-nji ýyldan bäri Türkmenistan temmäkä garşy göreşmekde guwandyryjy ösüşler gazandy. Bu bolsa 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt diýen derejäni almak barada öňde goýlan maksatnama ýetiljekdigini tassyklaýar. Şonda Türkmenistanyň ilatynyň diňe 5%-i çilim çeker". 2013-nji ýylda geçirlen barlag işleri netijesinde Türkmenistanyň ilatynyň 8%-niň çilim çekýändigi anyklanyldy. Bu diňe bir BSGG-nyň Ýewropa sebitinde hasaplanýan pes dereje bolman, eýsem bütin dünýä boýunça hem pes dereje hasaplanýar. Bu ugurda ýurdumyzda birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi: 1. 2000-nji ýyldan bäri jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi. 2. 2003-nji ýyldan başlap awtoulaglarda çilim çekmek gadagan edildi. 3. 2004-nji ýyldan başlap nas atmak gadagan edildi. 4. 2008-nji ýyldan başlap nasy taýýarlamak, importy we ýaýradylmagy gadagan edildi. 5. Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-nyň Çarçuwaly Konwensiýasyny kabul etdi we soňra temmäkä garşy göreş boýunça Milli edarada utgaşdyryjy komitet döredildi. 6. 2012-nji ýylda "2012-2016-njy ýyllar aralygynda temmäkä garşy göreşmegiň Milli meýilnamasy" Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan kabul edildi. 7. 2013-nji ýylda "Temmäki tüssesinden raýatlary goramak we temmäkiniň ulanylmagy netijesinde ýetýän zyýandan goramak" hakyndaky kanun kabul edildi. Tobaccoatlas.org maglumatyna görä, Merkezi Aziýada çilimiň bahasyna goýulýan salgytlar boýunça Gazagystan iň ýokary derejäni eýeläp, ondan soň Gyrgyzystan bilen Türkmenistan durýar. Täjigistan bolsa 3% derejede gaty pes salgyt goýýar. https://ertir.com/#blog.php?view=129643&api=mGgwB

Köneler, Mirab tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir