Meşhur ,,Görogly’’ eposynda Jygalybeg öz agtygyna şu sözleri wesýet edýär. Ýalňyz balam,algyn pendim, Ýurdy terk ediji bolma. Özüňden gaýry namardyň Minnetin çekiji bolma Adam balasy üçin dogduk depeden mährem ýer hiç ýerde ýok bolsa gerek. Ata babalarymyz ,,Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar,ýurdundan aýrylan ölinçä’’, ,,Towşana dogduk depe’’ diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ýöne gynansakda,şu günler ýeňil eklenjiň gözlegine çykyp, maşgalasyny, öýüni, çagalaryny taşlap daşary ýurda gidýän zenanlar görmek bolýar. Мениñ гоňшым Тüркменабат шäхериниň яшайjысы Малика Йовбасарова 2010-нjы йылда resmi ýagdaýda Türkiýe respublikasyna işlemäge gidýär. Birnäçe wagtdan soň, deport бilen Türkmenistana gaýdyp gelýär.Bu ýagdaý ýeňil eklenje öwrenen МаликаЙовбасарова sapak bolmaýar. Kanun taýdan daşary ýurda gitmeklige haky ýok zenan Eýrana gidýär. Eýranda ýalan gürrüňleriň, wadalaryň pidasy bolýar. Ol “Али” атлы Эйраныň раятына ynanyp, öz resminamalaryny berýär. “Али” hem Türkmenistanly raýatyň islegini kanagatlandyryp bilmeýär. Netijede Малика Йовбасарова Eýranyň serhedini bozup, Türkiýe respublikasyna geçjek bolanda tutulyp, jenaýata çekilýär. Ýeňil eklenjiň gözlegi diýip, adam kanagata bereket edip bilmedik ýagdaýynda, çagalaryny taşlap gidýär. Ene terbiýesini görmedik çaga köçeden nähili terbiýe alyp biler? Açlyk, horluk, sütem, basybalyjylykly ýagdaý ýok ýerde nähili kynçylyk bolup biler? Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzda özüni ekläp bilmedik, çagalaryna iýer ýaly zat tapyp bilmedik, ýaşamaga öýi ýok maşgala ýok bolsa gerek. Her bir adam ýaşaýşyny gazanjyna hem ruhy derejesine görä gurýaýar. Her bir jemgyýetiň gurluşam gazanjyna, paýhas kämilligine, ruhy jomartlygyna görä gurulýar. ,,Görogly’’ şadessanyny ýadymyza salsak, Görogly söweşde ýa başga ýerde işi oňman, şowsuzlyga uçrap ugrasa, dessine söweşden çykyp gidýändir. Bir çete çykyp ýuwnup, ardynyp, namaz okap, Hudaýyndan ýagşy dileg edýär. Durmuş çylşyrymly, hatda Görogly bolsaň hem senden rüstem geljek güýçler bar. Söýgüli işiňe, mähriban halkyňa, Watanyňa bolan söýgi saňa egsilmez gujur-gaýrat berip, bagtyýar edýändir.Oýlanyşyksyz nebsewürlik ömrüňi kül edýär. Watançylyk duýgusy –türkmeniň iň adamkärçilikli duýgusydyr. Şu manyda ol enä bolan söýgi bilen manydaşdyr. Adamy ene bilen diňe ýüregi däl, eýsem on iki süňňüi hem baglanyşdyrýar. Şonuň üçin türkmen näçe kynçylyk görsede, horluk çekse-de, ene sözüne uly hormat goýýar. Her bir adam Watanyny hem enesini söýşi ýaly söýse, onda onuň gursagynda halallyk emele geler. Biziň hemmämiz Watan üçin jan çeksek,onuň bähbidini ileri tutsak, halal zähmetimiz bilenem özümiz baýarys. Watany baýatman, baýap bolar,ýöne bu baýlygyň yzy puçdur. Watany beýgeltmän, beýgelip bolmaz. Watan bähbidi diýmek, seniň çagaň bähbididir

Köneler, Mirab tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir