Dünýä, durmuş, tebigat babatda türkmeniň öz garaýşy, öz hasaby bar. Bu hasap-garaýyş üstünden müňýyllyklaryň aşandygyna garamazdan özüniň takyklygy bilen haýran galdyrýar. Gadym döwürlerden bäri Gün, Aý we ýyldyzlar wagty hem-de tarap-ugry kesgitlemek üçin giňden peýdalanylypdyr. Şonuň netijesinde uzak taryhyň dowamynda halkymyz takyk aý we ýyldyz hasabyny düzüpdir. Älemde manysyz ýaradylan zat ýok. Her bir zadyň özüne ýetik sebäbi, hikmeti bar. Gadymy ýazgylardan mälim bolşuna görä, her gezek ýyldyz doganda howa üýtgemek bilen bolýar. Hiç wagt täsirini bildirmän dogýan ýyldyz ýokdur. Ýaldyragyň ýangyny, Garagyşyň gazaby... ýa-da pelegiň on iki burçuny kesip geçýän Zemin her gezek bir ýyldyzyň örüsine aralaşanda ýa jöwza möwjeýär, ýa howa sowaýar, ýa-da gar, ýagyş, ýel, tupan peýda bolýar. Aýyň, Günüň hem-de ýyldyzlaryň dogup-ýaşýan wagtlaryny bilmek ekerançylar üçinem, maldarlar üçinem örän ähmiýetli. Hasyllylygy artdyrmak üçin ýylyň haýsy möwsüminde nähili ekinleri, daragtlary ekmelidigi, baş sanyny we süýdüni, ýüňüni köpeltmek üçin haýsy wagtda mallara neneňsi ideg edilmelidigini bilmek zerur. Şeýle dürs we takyk hasaby bolan halk ekerançylygyň, maldarçylygyň, önümçiligiň ähli babatynda ýokary netijeleri gazanýar. Türkmenler taryhda hem takyk aý-gün hasabyny düzmekde beýleki halklardan mese-mälim tapawutlanýar. Häzirki güne çenli Omar Haýýamyň Mälikşa üçin 1074-nji ýylda düzen aý-gün hasaby takyklygy boýunça iň kämil kalendar hasaplanylýar. Bu kalendar häzirki döwürde ulanylýan Grigorian kalendaryndan hem örän takykdyr. Bu hasapdan başga türkmeniň milli Aý hasaby bar, muňa halk arasynda “hijri-kamary” hasaby hem diýilýär. Aý hasaby Aýyň Ýeriň daşyndan edýän bir öwrümine barabar bolup, ol her biri gezekleşip gelýän 29 we 30 günden ybarat bolan on iki aýdan düzülýär. Çünki Aý Ýeriň daşyndan 29 gün 12 sagat töweregi wagtda bir öwrüm edýär. Ýarym günüň hasaby indiki aýyň üstüne goşulýar we netijede birinji aý 29 günden, ikinji aý 30 gün diýlip, kabul edilýär. Halkymyz bu aýlary Aşyr, Sapar, Dört tirkeşiň I, II, III, IV aýy, Rejep, Meret, Oraza, Baýram, Boş aý we Gurban aýy ýaly atlandyrýar. Eger Aý has aşakda we çala görünse, ol egsigine doglan aý, ýagny aýyň 1-i, has ýokarda bolsa 2-si deregine kabul edilipdir. Bu hasap ekerançylar, maldarlar we hat-da lukmanlar üçin hem örän ähmiýetli görlüpdir. Aýyň ilki ýarymynda deňizleriň joşýandygy, daşgynyň ýüze çykýandygy, aýyň ikinji ýarymynda gaýtgynyň bolýandygy, Aý ýalkymynyň miwelere reňk, öwüşgin berýändigi, Aýyň ösýän we egsilýän döwrüne laýyklykda käbir adamlaryň süňňünde dürli biologik özgermeleriň, täsirleriň bolup geçýändigi gadymdan bäri mälim. Halkymyzyň ýyldyz hasaby hem ir eýýamlardan bäri ýörgünli. Toý tutmak, ýazlaga-gyşlaga gitmek ýa-da göçmek ýaly ýagdaýlarda ýyldyzlaryň we Aýyň orunlaryny üýtgedýän wagtlaryna garapdyrlar. “Ýyldyza garşy ýöremek” oňlanylmandyr. Haýsydyr bir işiň has rowaç we tutumly bolmagy üçin sähedine – bagtly gününe ýa-da wagtyna garamagy yrym edipdirler. Sähetli güni kesgitlemek üçin ýyldyzyň ýerleşýän ornuny bilipdirler. Halk yrymyna görä, şol ýyldyz Aýyň 1, 11, 21-ne gündogarda, 2,12,22-sine günorta-gündogarda (guşlukda), 3,13,23-ine günortada (ilerde), 4, 14, 24-ine günorta-günbatarda (kyblada), 5, 15, 25-ine günbatarda, 6,16,26-na demirgazyk-günbatarda, 7,17,27-sine demirgazykda (gaýrada), 8,18,28-ine demirgazyk-gündogarda, 9,19,29-na ýerde, 10, 20, 30-na asmanda (ýokarda) bolýar. Bu Aýa görä ýöredilýän “sähetli ýyldyz” hasabydyr. Mundan başgada ekerançylyga we maldarçylyga gönüden-göni täsiri bolan hakyky ýyldyz hasaby bar. Ir döwürlerden bäri çarwalar we daýhanlar ýagty ýyldyzlaryň hereketine, olaryň dogýan we ýaşýan wagtlaryna gözegçilik edipdirler. Şol möwsümde bolup geçýän tebigy hadysalary çuňňur öwrenipdirler. Şonuň üçinem ýyldyz hasaby halkymyzyň arasynda iň ýörgünli hasap bolup galypdyr. Ýyldyz hasaby Nowruzdan – gije bilen gündiziň ýazky deňleşik wagtyndan başlaýar. Ol 21-22-nji marta gabat gelýär. Nowruz – ýaz meýdan işleriniň giň gerim bilen başlanýan wagtyny aňladýar. Owlak-guzy möwsümine hem şol wagtdan girişilýär. “Ýylyň gelşi nowruzyndan belli”, “Nowruzda hiç bolmanda geçiň şahyny ezse-de, hasyla garaşyber” diýen sözler hem şuňa degişli. Nowruzdan soňra Ülker, Aralyk, Üçýyldyz, Ýaldyrak, Mizan, Akrap, Gyş, Garagyş, Uly çille, Kiçi çille, Türkmen nowruzy ýaly atlandyrylýar. Kiçi çille bilen Türkmen nowruzynyň aralygynda, 8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän döwür hem garagyş atlandyrylýar. Halkymyz bu ýyldyzlaryň her biriniň häsiýetine, aýratynlygyna laýyk sözleri, aýtgylary, nakyllary döredipdir. Şol mysallar arkaly her ýyldyzyň hakyky häsiýetini, täsirini we şoňa görä başyna barylmaly amallary kesgitläp bolýar. Ýylyň iň yssy wagtlarynyň biri iýun aýynyň 22-sine başlaýar. Ýylyň şu möwsüminiň juda yssy bolýandygy gadymy ýazgylarda hem beýan edilýär. Has irki taryhy çeşmelerde, “bu möwsümiň elli gün dowam edýändigi, şonuň üçin oňa “hamsin” (arap dilinde “elli” diýmekligi aňladýar) diýilýändigi, hatda şu möwsümde Sahara çölleriniň üstünden ösýän gyzgyn ýelleriň Merkezi Aziýa sebitlerini hem gurşaýandygy” nygtalýar. “Hamsin” öz içine 22-nji iýundan 9-12-nji awgust aralygyny alýar. Bu ýylyň iň yssy möwsümi. Ýakyp-ýandyryp barýan howruň döwri. Jöwzaly tomus diýilýäni. 22-nji iýunda Aralyk ýyldyzynyň dogmagy bilen başlanýan bu yssy döwür, 22-nji iýuldan – Üçýyldyzyň dogmagy bilen has-da örküjine ýetýär. Üçýyldyz döwri 22-nji iýuldan awgustyň 9-12-si aralygynda dowam edip, muňa tomsuň “Kiçi çillesi” ýa-da saryja tomus diýilýär. Açyk we gurak howa, ýalynly howruň ösmegi, howanyň yssylyk derejesiniň juda ýokary göterilmegi bu döwrüň aýratyn alamatlarydyr. Esasanam, Ýaldyrak dogmazyndan bir näçe gün öň we yz ýanlary howanyň derejesi has-da ýokarlanmak bilen bolýar. Çünki her ýyldyz doganda hökman howa täsirini ýetirýär. Ýaldyrak ýyldyzy doganyndan soňra howa az-kem çigreýär, otlaryň üstüne çyg düşýär. Mundan soň hem yssy howaly günler bolýar, emma saryja tomsuňky ýaly dowamly we juda ýalynly bolmaýar. Halk arasynda aýdylýan “Ýaldyrak dogandan soň keýik suwsamaz”, “Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar” diýen sözler muňa mysaldyr. Bu hasaplary bilmek ekerançylyk üçin örän ähmietlidir. Çünki haýsy daragt, dänäni, tohumy haçan we nirelerde ekip bolýandygyny bilmek, hasylyň has bereketli bolmagyna eltýär.

Köneler, Mirab tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir