Her kim Täze ýylda nähilidir bir üýtgeşiklige garaşýar. Garaşylýan we garaşylmaýan wakalar biziň durmuşymyzyň tagamy. Käbir wakalar süýjä meňzeýär, käbiri turşy duza. Duzy şeýle datsaň tursy, ýöne şol bolmasa nahar-şorda tagam bolmajagy düşnükli. Garaşýan zatlarymyz bilen birlikde, garaşylmaýan wakalaryň hem ýüze çykmagy bolup biljek ýagdaý. Megerem, täze 2015-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap käbir zatlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna köpümiz garaşan däldiris. Benziniň bahasynyň ýokarlanmagy we dollaryň gymmatlamagy muňa mysal bolup biler. Ýöne, dünýä ykdysadyýetinden habarly bilermenler üçin bu geň galarlyk ýagdaýdyr öýdemok. Çünki, geçen ýylyň dowamynda özüniň milli puly dollara garanyňda hümmetsizlenmedik, hümmetini ýitirmedik ýekeje döwlet hem ýok. Oba hojalyk önümleri babatda özüni doly üpjün edip bilýän Türkiýäni alyp görsegem, ösen senagat pudaklary bolan Russiýany alyp görsegem, ýa-da Ýewropa döwletlerini, Aziýa-Ýuwaş ocean döwletlerini, arap döwletlerini… haýsy birini alyp görsegem, şolarda hem dollar öz durkuny saklanan däldir ýa arzanlanam däldir. Milli puluň dollara baglylykda hümmetiniň az-kem tapawut etmegi hökman bolaýmaly hadysalaryň biri. Sebäbi, Türkmenistan hem dünýä bileleşiginiň bir wekili we dünýä ýurtlary bilen jebis ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar. Netijede, bir ýurtda bolýan ykdysady ýagdaý beýleki ýurda hem täsir edip bilýär. Benzin we dollara baglylykda käbir beýleki hyzmatlaryň, bahalaryň hem ýokarlanmagy bolup biljek ýagdaý. Ýöne, howsala düşere hiç hili esas ýok. Döwlet mundan öň bolşy ýaly, mundan soň hem halkyň aladasyny ünsden düşürmez. Hatda käbir zatlaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň özi biziň uzak geljegi nazarlaýan bähbidimizedir. Biz diňe şu güni görmek bilen çäklensek, ýeterlik bolmaz. Ertirki günüňi hem unutmazlyk gerek. Üstesine, ýurdumyzda hususyýetçilik, telekeçilik giň gerim bilen ösdürilýär we ilatymyza zerur gerek bolan azyk önümleriniň agramly bölegi öz ýurdumyzda ýetişdirilýär. Bu bolsa, ilkinji nobatdaky zerur önümleriň - azyk-iýmitiň elýeter bahalardan hemişe tapdyryp durjakdygyny aňladýar. Onsoňam, hut özüm-ä gazanç-girdeji babatda şeýle bir düşünjä uýýaryn: “Biribar beren zadyny bereketi bilen bile bersin!” diýýärin. Aýda 100 000$ dollar gazanyp, nämä sowýanyny, pulunyň nirä gidýänini bilmeýän adam bilen, aýda 2000 manat gazanyp, ýeterlik derejede iýip-içýän, geýinýän, üstesine az-owlajyk aňry süýşürip bilýän adamyň arasyndaky tapawut – olaryň gazanan zadynyň bereketinde. Çeken zähmetiň halal boldugyça, şonça-da bereketiň artýar. Diýmek, howsala düşere hiç hili esas ýok. Ýene edil öňki ýaly belent ruhda halal zähmetlerimize dowam edibermeli.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir