Ähli döwürleriň iň gyzykly we arzyly zady – okamak. Okyjylara gowşan täze kitap bolsa iň uly sowgatlaryň biri. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän dürli ugurlara degişli ylmy we edebi kitaplar bezegi, hili we mazmuny babatda hemmäniň ünsüni çekýär. Kitap okamaga endik eden adam sähel maý tapdygy kitaba göz aýlap başlaýar. Aslynda kitaby köp okamaklyk türkmeniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri. Orta asyrlarda ýaşan we apbasy halyflarynyň köşgünde işlän türkmen alymlarynyň biri hemişe ýanynda kitap göterer eken. Onuň kitaphonlygy nakyllara öwrülmegi başarypdyr. Häzirki döwürde tehnikanyň ýokary derejede ösendigine garamazdan, kitaba bolan höwes asla kiparlanok. Täze zatlary öwrenmekde we olaryň manysyna düşünmekde kitap okamagyň ähmiýeti beýleki her bir zatdan öňde durýar. Okamak – aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýäsi giň, ruhy belent, ýüregi kararly bolýar. Ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinde gaýta-gaýta tekrarlanýan nesihatlaryň biri hem kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Täze kitaplaryň yzygider peýda bolýandygyna garamazdan, özüňi gyzyklandyrýan we maksadyňa tekge boljak şol bir kitaby öwran-öwran okamak hem aýratyn nygtalýar. Sebäbi, her gezekde her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar. Okasaň, göwnüň ynjalykly, ýüregiň giň bolýar. Onsoňam, okamak kär-hünär dannaýan zat däl, haýsy ugurda zähmet çekip, der dökýän bolsaňam, iňňän gerekli zat. Öz zähmet çekýän ugruňda kämilleşmek üçinem hökman okamaly. Kitap okamagyň ähmiýeti-peýdasy hakda aýdylan pendi-nesihatlar örän kän. Gyzyla gaplaýmaly ol pikirleriň her biri häzirki döwrümizde hem uly ähmiýete eýe. Kitap okalýan ýerde jemgyýet ösmek, kämilleşmek bilen bolýar. Taryhdan mälim bolşuna görä, kitaby köp okaýan jemgyýet dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýär. Ussat alymlar kitap okamagyň berýän birnäçe peýdalaryny belläp geçipdirler. Olar, gysgaça, şulardan ybarat : 1.Kitap okamaklyk ýürege ornaýan waswasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýyrýar. 2.Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär we hereketleriňde nähaklyk etmekden saklaýar. 3.Kitap okaýan wagtyň bikär, işýakmaz adamlardan çetde bolýarsyň. Wagtyňy haýyrly zatlara sarp edýärsiň. 4.Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar. Sözlerde sakynyp-säginmekden saklap, çeperlik we şirinlik çaýýar. 5.Kitap okaýan adamyň akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. 6.Kitap okaýan adam bilime baý bolup, ýatkeşligi we düşünjesi ýitileşýär. 7.Kitap okasaň, ynsanlaryň tejribelerini, hekimleriň hikmetlerini, alymlaryň ylymlaryny öwrenip we özleşdirip bolýar. 8.Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar. 9.Kitap okamaklyk akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan, wagty bimany geçirmekden (zaýalamakdan) saklaýar. 10.Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir