Ynha ýene sanagly günlerden halkymyzyň giňden belläp geçýän bayramy bolan gurban bayramy ýetip gelýär. Yslam dinimiziň esasy baýramlarynyň biri bolan we ata babalarymyzdan bize miras bolup gelen bu baýramçylyk bütin dünýä musulmanlary bilen bir hatarda biziň türkmen halkymyzda hem uly dabara bilen bellenip geçilýär. Bu aýda ýagny ذو الحجة – Gurban aýynda emlägi, mal mülki zekat nysabyna yeten her bir adamyň gurbanlyk mal (düýe,sygyr,goýun, geçi) çalmagy gerekdir. Bu dessur yslam dininiň bäş sütüniniň biri bolaн haj ybadaty bilen baglydyr, ýagny gurbanlyk çalmak haj ybadatynyň dowamynda ýerine ýetirilýän parzlaryň biri bolup durýar. Şeýlelikde gurban aýy haj ybadatynyň yerine ýetirilýän aýy hasaplanýar. Haj ybadaty gurban aýynyň 8-13 aralygynda Mekkede mukaddes käbäni özüne has düzgünler bilen zyýarat etmekden ybaratdyr. Bu ybadat yslam esaslarynyň biri bolup mümkinçiligi bolan her bir musulmana parzdyr. Gudraty güýçli Allatagala Kurany Kerimide “Äl Ymran” süresiniň 97 nji aýatynda şeýle diýýär: و لله علي الناس حج البيت من استطاع اليه سبيلا و من كفر فان الله غني عن العالمين “Eger gurby ýetýän bolsa adamlara beýtulla haj zyýaratyny etmek Allatagalanyň öňündäki parzdyr kimde kim näşükürlik etse Allatagala bütin alemlere (hiç kime we hiç zada) mätäç däldir” Bu aýat haj zyýaratynyň ýöne bir zyýarat däl-de eýsem ýagdaýy ýetýän her bir musulmanyň gudraty güýçli Allatagalanyň öňündäki borjy ekenligini aç açan beýan edýär. Pygamberimiz Muhammet mustafa sallallohu aleýhi we sellemden bize ýetip gelen hadyslarda haj zyýaraty, onuň zeruryýeti, ähmiýeti barada aýdylan köp maglumatlary görmek bolýar. Mysal hökmünde aýtsak şu aşakdaky hadys haj zyýaratynyň yslam dininde örän möhüm orun eýeleýändigini beýan edýär. عن ابن عمر رضي الله عنهما: ان رسول الله صلي الله عليه و سلم قال:(بني الاسلام علي خمس: شهادة ان لا اله الا الله و ان محمدا رسول الله و اقام الصلاة و ايتاء الزكاة و حج البيت و صوم رمضان). متفق عليه Abdulla ibn Omar (Alla olardan razy bolsun) aýdýar: “Pygamberimiz aleýhissalam şeýle diýdi: (Yslam dini bäş sany zadyň üstüne bina edilendir: Bir Alladan başga hudaý ýoklugyna we Muhammet onuň ilçisi ekenligine şaýatlyk bermek we belli bir mukdara ýetenden soň mal mülküňden zekat bermek we käbä haj zyýaratyny etmek we remezan aýynda oraza tutmaklyk)” Haj zyýaratynyň artykmaçlygy, onuň ähmiýeti barada başgada köp hadyslarda beýan edilen. Biziň ýurdumyzdan hem her ýyly aýal we erkek, ýaşuly we ýaşykiçilerden ybarat bolan köpläp zyýaratçylar Allataгаlanyň öňündäki parzlaryny berjay etmek üçin mukaddes Mekke şäherine yol alýarlar. Döwletimiz tarapyndan hajylar üçin döredilip goýulan uly mümkinçilikler we ýeňillikler bolsa olaryň haj ybadatyny hiç bir kynçylyksyz we bökdençsiz ýerine ýetirmeklerine goldaw berýär. Yslam dinimize ýürekden sarpa goýýan türkmen halkymyzdan bu ýyl hem köp ildeşlerimiz haj saparyna ýola çykdylar. Bizem öz gezegimizde saparyňyz sag aman geçsin diýesimiz gelýär. Goý bu ildeşlerimiziň etjek haj zyýaratlary, özleri we maşgalalary barada, bagtyýar türkmen döwletimiz we halkymyz barada etjek ýagşy dilegleri Beýik Allataglanyň dergähinde kabul bolsun. Akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragynyň: “Imanym ýoldaş bolsa Barsam käbäni görsem” дiýip arzuw eden şeýle mukaddes zyýaraty hemmämize nesip etsin.

Köneler, Mirab tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir