Bu günki gün bilimde, medeniýetde, sungatda, lukmançylykda uly sepgitlere ýetilýär. Taryhda yz galdyran alymlaryň döredijilik ýoly öwrenilýär. Dünýä taryhynyň sahypalarynda öçmejek yz galdyran, adamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan beýik alymlaryň biri Lukman Hekim adyna mynasyp bolan Abu Aly al-Huseýin ibn Abdullah bin Aly ibn Sinadyr (980 – 1037). Orta asyrlarda Gündogar ylmynyň pälwany bolan Ibn Sina lukmançylyk, filosofiýa ylymlaryny esaslandyrýar. Özüniň taýsyz tagallasy, ýiti zehini bilen “Şeýhur – Reis” adyna mynasyp bolýar. Gündogar edebiýatynda bolsa, ol “Awisenna” ady bilen tanalýar. Ibn Sinanyň döredijiliginde iň meşhur ensiklopedik eserleriniň esasylary: “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” we “Şypa kitaby” eserleridir. Alym ylmyň dürli ugurlaryny ösdürmekde uly hyzmat bitiripdir. Şonuň bilen birlikde, alymyň garaýyşlary, pikirleri, filosofiýasy diýseň özboluşlydyr. Alymyň ömür beýany hem örän gyzykly, çünki alymyň durmuş ýoly, onuň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine uly täsir edipdir. Alymyň ömür ýoly onuň öz şägirdi Seýit Ysmaýyl Jürjany tarapyndan ýazylyp alnypdyr. Ol ýazgylar “Ibn Sinanyň ömür beýany” ady bilen taryha giripdir. Bu kitap her bir döwürde alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Ibn Sinanyň kakasy Nuh Ibn Mansur Balhdan bolupdyr. Soňra olar Buhara göçüp gelipdirler. Ibn Sinanyň bilimli bolmagyna kakasy hem itergi beripdir. Ony alymlaryň ýanyna ugradypdyr, onuň bilimini artdyrmagy barasynda alada edipdir. Ibn Sina ýaşlygyna garamazdan, öwredilen zady artykmajy bilen özleşdiripdir. Algebrany, fizikany, logikany öwrenipdir. Lukmançylykdaky sepgidi has-da ýokary bolupdyr. On ýaşly ýetginjekden hatda alymlar hem öwrenipdirler. Alym toplan tejribesi esasynda birnäçe dermany (ösümliklerden) oýlap tapypdyr. Bejerginiň usullaryny, ýollaryny tapypdyr hem öwredipdir. Olary soňky nesillere galdyrypdyr. Ibn Sinanyň eserleri dünýäniň ähli lukmançylyk mekdeplerinde peýdalanylyp gelinýär. Tebipçilik ylmy iň gadymy ylymlaryň biridir. Bu ylmyň düýbüni tutan Gippokrat hasaplanýar. Orta asyrlarda deňi-taýy bolmadyk Ibn Sina bu ylmy has-da ösdürýär. Ibn Sina özünden öňki alymlaryň eden işlerini kemsiz öwrenip, olaryň kemçiliklerini, üstünliklerini seljerip bilipdir. Ibn Sinanyň “Lukmnçylyk ylymlarynyň kanunlary” kitaby tebipçiligiň iň ygtybarly ýygyndysy hasap edilip, tebipleriň ýan kitabyna öwrülipdir. Bu kitap bäş tomdan ybarat bolup, arap dilinde, talyplary okatmaklyga niýetlenilip ýazylypdyr. Onda keseliň sebäbi (etiologiýsy), kesel degenden tä ötüşýänçä adam bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeleri (ptogenezi), keselleriň her döwründe doly alamatlary, nämäniň esasynda keselleri kesgitläp boljakdygyny we olaryň bejerilişi beýan edilipdir. Ondan başga-da özünden öňki awtorlaryň (Gippokrat, Galen we başg...) maglumatlaryny getirip, olar bilen haýsy meselede ylalaşýandygyny, haýsysynda ylalaşmaýandygyny görkezýär. Alymyň lukmançylyk ylmynda ýeten sepgidine türkmen tebigatynyň täsiri uly bolupdyr. Çünki müň derde derman bolan dürli dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň müňlerçesi biziň sähralarymyzda, dag-düzlerimizde müňlerçe ýyl mundan öňden bäri ösýär. Lukman Hekimiň adyna birnäçe rowaýatlar hem aýdylýar. Taryhy maglumatlara görä, Ibn Sina Kaka töwereklerinde ýaşan, pir Mänebaba bilen dostlaşypdyr. Olar türkmen düzlerinde ösýän dermanlyk häsiýetli ösümlikler barasynda gürrüňdeşlik gurapdyrlar. Şonda ösümlikleriň dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan düşündirmekde Ibn Sina ökde gelipdir. Muny Mänäbabanyň özi aýratyn belläpdir. Mänebabanyň kaksy-da, Kaka çölünde bitýän ot-çöpleriň esasynda lukmançylyk edýär eken. Başga bir gürrüňe görä, Lukman Hekim ýagşyzadalaryň pata bermeginde, türkmen toprgynda bitýän ot-çöpleriň diline düşünipdir. Alym keseli diňe, melhemiň kömegi bilen däl, mylaýym sözüň üsti bilen hem bejeripdir. Ol bir gün onuň ýanyna gelen aýal maşgalanyň eline çykan kiçijik ýara üns berman goýberipdir. Ýöne soň ol ýara ulalyp, gelin haly harap bolup täzeden lukmanyň ýanyna gelipdir. Lukman şonda gelne göwünlik berip, melhem berip, näsagy öýüne ugradypdyr. Zenan maşgala şondan soň tiz gutulypdyr.

Köneler, Mirab tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir