Bloknotymdaky setirlerden

• Adamlar köpri gurmaly ýerlerinde diwar gurýandyklary üçin ýeke galýarlar.

• Alkyş etseň ýarysy özüňe siňer, gargyş etseň barysy. #nakyl

• “Ruhum ardy ýedi müň ýyl usurgap,
       Men halys ýadadym aýralyklardan...”
                                  Seýitmyrat Geldiýew

• Çekilýän zatlar...

Dowamy »

880 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

YNAM

...Kynçylyk ýok ejizlik bar dünýede
G. Ezizow
Durmuşda maksadymyza ýetmek üçin ýa-da haýsyda bolsa bir işi etjek bolanymyzda ähli zatdan öň özümize bolan ynamymyz iň uly ýaragymyzdyr. 1000000 sanynyň öňündäki birlige ynam diýsek onda onuň yzyndaky nolluklar ukyplarymyz we başarnyklarymyzdyr. Öňündäki birlik bolmasa nolluklaryň sanynyň...

Dowamy »

672 2
Edebiýat, DREAMFOL tarapyndan 3 years ago

Söýgä garaýyş

Ýaşaýyşyň çeşmesi, durmuşyň manysy, päkligiň nyşany bolan söýgi adamzadyň bu dünýäde ýaşaýyşyna dowam etdirmegine sebäp bolýan jadyly duýgudyr. Duýgularyň naýbaşy bolan söýgi hakda ençeme görnükli şahyrdyr ýazyjylar öz garaýyşlaryny pikirlerini wasp edip aňyrsyna çykyp bilmändirler. Eýsem diňe şahyr ýazyjylar däl dünýädäki her bir adamyň söýgä gara...

Dowamy »

632 0
Edebiýat, DREAMFOL tarapyndan 3 years ago

KAKAMA

Selçeňläpdir, gyrawlapdyr saçlaryň,
Ýyllar maňlaýyňa salypdyr gasyn.
(Ulaldymmy, oňaldymmy — bilemok)
Kaka, juda eziz eşdilýär sesiň.

Çagalykda gazabyňdan gorkardym,
Indi maňa ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyňa tutsana,
Öňküje ogluňa dönerin, belki.

Gözýetimi nazarlaýa...

Dowamy »

839 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Ynam!!

Ynam.
[Biriniň ak ýürekliligine, dogruçyllygyna, yhlaslylygyna ýa-da bir zadyň dogrulygyna, nädogrulygyna bolan ynanç, ygtybar, kepillik, garaýyş.]

"Ynam doslugyñ esasy şertidir!"

Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup...

Dowamy »

675 5
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 3 years ago

Öçe başlady...

Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen g...

Dowamy »

751 0
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago

Nuhty Nazar: It rysgaly

Ýubileý sowlup, kružogyň aladalary azalyşandan soň Nuhty Nazar giriş döwürleri, gürleşip goýan edarasyna garawulçylyga girdi. Ýüzüne “Konstruktorskoýe býuro” diýlip ýazylan şol edaranyň näme bilen meşgullanýandygyny dogrusy ol tä, şol ýerden gaýdýança bilibilmän geçdi. Ýöne, ol ýerde Nuhty Nazary has geň galdyran zat – şol howlynyň içine bir gireni...

Dowamy »

640 0
Edebiýat, Nol tarapyndan 3 years ago

Ýadadym men!

Salam Käbäm! Seni göresim gelýär,
24 aý bolupdyr görmeýänime eýýäm,
Bilýän ýollar açylar inşallah ýakynda,
Telefonda däl, gujaklasam ýakyndan.

Käbäm berýän nesihatlaryň gulagyma küpe,
Diňe iş - öý çykamogam köpe,
Gazansakda köpük, hiç bolmadyk köpek,
Işlerine gelmez köpüň, sorasaň kömek!

Dowamy »

748 2
Edebiýat, Wrestling tarapyndan 3 years ago

Gyzlar (degyşme äheňde)

Bizar boldum telefonyñ jañyndan

Oglumy gününe goyuñ siz gyzlar

Jyññyrdap baslayar günüñ dañyndan

Oglumy gününe goyuñ siz gyzlar

***

"Söyyän" diyip ony oda salyañyz

Söyeñzogam söyen kisi bolyañyz

Gas kakyp, göz gypyp aklyn alyañyz

...

Dowamy »

912 7
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 3 years ago

Komek gerek, please! #2

Salam talyplar, mana Nowcha Alyyewanyn "26 yyl yashashyp bir telefon janda mashgalan dagamagy" atly hekayasy gerekdi, kyn gorman shu yere kopyalap berayin...
Please!

Dowamy »

606 0
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago

NÄMEDIR BIR ZAT...

Nämedir bir zada howlugýan ýaly,
Nämedir bir zada umyt edýän men.
Nämedir bir zada ýetip barşyma,
Hem nämedir bir zatdan-a gidýän men.

Hiç maza berenok nämedir bir zat,
Nämedir bir zatdan kineli ýörün.
Kalbyma ynjalyk bererim ýaly,
Nämedir bir zad-a etmeli borun.

Bu mymyk gij...

Dowamy »

700 1
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

SENI KÜÝSEDIM

Gussam gursagyma sygmadyk çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
Asman gözýaş döküp, diňmedik çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Ýelleň şuwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Gülleň uwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Adyňa, özüňe mesgendi dünýäm,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Gö...

Dowamy »

798 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

ADYM

Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.

Dowamy »

724 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

"Aýdyñ köçeler"

AÝDYÑ KÖÇELER
Reýimbaý Sabyrow

Şäheriň gül pürkülen ýaly uly köçeleriniň birinden barýan süýt ýaly ak "Mersedesiñ" tigriniň aşagynda bir zat “gyjyrt” etdi. Onuň nämedigini bilmek üçin ulagy saklap, ondan düşen näzenin gyzyň gözi ilki kellesini ahmyrly ýaýkap duran sary keltekçeli ýigide düşdi. Ýigit:
-Sübsämi döwdüňiz-...

Dowamy »

843 4
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 3 years ago

Ýoldaş Goturow

– Kyrk birinji ýylyň ýigrimi ikinji iýun gijesi ýatyryn welin, gapym “tark-tark” kakylýa. Kimkä janlarym diýip açsam iki sany milisge üstüme abanyp dur. Özlerem ses ýok, üýn ýok, elime bir kagyzy tutdurdylar-da zut gitdiler. Görsem tiligram. Ýüzünde-de: “Seberşenne sikritne. Liçnyý ýoldaş Goturowa gowşurmaly” diýlip ýazylan. Kimden-kä bi janlarym d...

Dowamy »

946 3
Edebiýat, Nol tarapyndan 3 years ago

GORKÝAN...

Gorkýan. Özümi unudaryn diýip gorkýan... Bu dünýäň hödür edip biljek ajaýyp we o diýen ajaýyp däl zatlary üçin açyk bolan günlerimi unudaryn diýip gorkýan. Wagtyň geçmegi bilen ýüzümde adamlara bolan ynamdan, mähirden nam-nyşan galmaz öýdüp gorkýan. Adamlara hem duýgulara, hamana, öz bahasy bar bolan haryt hökmünde garap başlaryn öýdüp gorkýan. Şu...

Dowamy »

850 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär

Я помню чудное мгновение...
А.С. Пушкин

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär,
Al ýaňaga, ak maňlaýa yz salan.
Duýgyma her näçe bolsam-da hüşgär,
Sen hak söýgi ýüregime köz salan.
Süýji düýş mysaly hyýala meňzeş,
Ykbalyma şugla saçdyň az salym.

Şol ajaýyp pursat ýadyma düşýär...

Dowamy »

836 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

Eýnşteýniň dälilik hakdaky sapagy

EÝNŞTEÝNIŇ DÄLILIK HAKDAKY
SAPAGY


On bäş ýyldan bäri dostum Jelil şol bir zatlary ýerine ýetirýär... Ol henizem şol şereketde işleýär, şol öňküsi ýaly pikir edýär. Ol henizem şol öňküsi ýaly ýol-ulag gatnawynyň ýaramazdygyndan, aýlyk gazanjynyň azlygyndan, janköýerlik edýän sport toparynyň
ýeňlendiginden we iş...

Dowamy »

890 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

Ar almagy öwren

AR ALMAGY ÖWREN


Hemişe süýji arzuwlara garylyp, gowy netijelere umyt etsek-de, wakalaryň hemmesi göwün halar netije bilen tamamlanyp duranok. Bir gün durmuş meýdanlarynyň birinde kimdir birinden asgyn gelip, ahmyra gaplansak, hökman ar alasymyz gelýär. Meniň maslahatym – ar al! Bir maksat üçin çalyşýan wagtyňda biri senden öň...

Dowamy »

802 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago

Käbäňdigini bil!

Öwredendir saňa agy, garany,
"Balam" sözi bitir her bir ýarany,
Her gün mähir bilen saçyň darany,
Ol mukaddes käbäňdigin bilginiň!

Durmuş aýry-aýry synar her kimi,
Bir ýerlere elter ýazgyt ýelkeni.
Her haçan ýykylsaň perişde kimin,
Ýetişjegin käbäňdigin bilginiň!

Şol bolmasa se...

Dowamy »

741 0
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago