Ynam.
[Biriniň ak ýürekliligine, dogruçyllygyna, yhlaslylygyna ýa-da bir zadyň dogrulygyna, nädogrulygyna bolan ynanç, ygtybar, kepillik, garaýyş.]
"Ynam doslugyñ esasy şertidir!"
Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek..
Gurbannazar EZIZOW
"Ynam"
Ynam!!
-
Tiko
3 years ago
- Ynam-manY çykarmagy başar.
-
Barbary
3 years ago
- Men seniň meni aldanyňa gynanamok, gaýdyp saňa ynanyp bilmejekligime gynanýan—diýipdir biri.
-
Tiko
3 years ago
Menem şol pikirde
-
Tiko
3 years ago
- 《[Barbary25 minutes ago
Men seniň meni aldanyňa gynanamok, gaýdyp saňa ynanyp bilmejekligime gynanýan—diýipdir biri.]》
Menem şol pikirde
Mister X 3 years ago- Dogry aydylan. Ynanan adamyñ arkañdan uryan döwür bolly indi.