Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
Baýlyga däl, imana ýoldaş bolsun,
Dünýäde ýamandan mydam daş bolsun,
Kyn günüňde azyndan syrdaş bolsun,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
Goý, adyňa müňläp setir düzmesin,
Ýeke sözde barlygyny duýursyn,
Çyn dost bolup köňül taryň üzmesin,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
Goldasyn elmydam dogry ýoluňda,
“Dost” diýip gezen köp sagy-soluňda,
Ýalňyşaýsaň dogryn görkezen bolsun,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
Doýansoň, har deýin duzuň depmejek,
Goldap elmydama hiç wagt gitmejek,
Tutan bilegini asla bükmejek,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
Aýlar Atajanowa
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
-
yyldyz.
3 years ago
- dost diyeniñ syryny hickime aytmasa. barde gulup bakyp yzyñdan pyçak urmasa. maglumatlaryñy paýlamasa!
-
the_end
3 years ago
- шу гошгыса говшак болупдыр
-
Barbary
3 years ago
- Haladym oňat goşgy ekeni
-
Tiko
3 years ago
- Dogry
yyldyz. 3 years ago- Tuweleme Aýlarka gowy yazyar.meñ pikirimça