Salam Käbäm! Seni göresim gelýär,
24 aý bolupdyr görmeýänime eýýäm,
Bilýän ýollar açylar inşallah ýakynda,
Telefonda däl, gujaklasam ýakyndan.
Käbäm berýän nesihatlaryň gulagyma küpe,
Diňe iş - öý çykamogam köpe,
Gazansakda köpük, hiç bolmadyk köpek,
Işlerine gelmez köpüň, sorasaň kömek!
Başyňa düşşe bela, dost kömege gelä,
Bularyň derdi pula, barysynyň derdi pula,
Durmuşa çykýanam ýok, gyzlaram dula,
Öýlenýänem az indi, ýigitler düşdi bola.
Saga gideli ädim - ädim, ylgaýar sola,
Öz namysyňy gora,
Süýji dilim bilen ajy hakykaty aýtjak,
Eje! Menä ýadadym, indi öýe gaýtjak!
Ýadadym men ýalan-ýalan sözlerden,
Ýadadym men ýalan-ýalan ýüzlerden,
Çynym aýtsam özümem-özümden,
Ýadadym men, men ýadadym!
Ýadadym men ýalan-ýalan sözlerden,
Ýadadym men ýalan-ýalan ýüzlerden,
Çynym aýtsam özümem-özümden,
Ýadadym men, men ýadadym!
Işleri düşse adym Serdar dälde, Serdarjan,
Işleri düşmese bular üçin ýönekeý bir san,
Aýda-ýyldä jaň edýänem aýda-ýylda bir ýazýan,
Sähel puluň bolsa ýagdaýyň bilen gyzyklanýa.
Ölüp ýatsaň hiç kim äkelmez bir käse suw,
Ýarammok diýseň, hökman biri, seň ýaraňa seper duz,
Dost diýenlerim ýüzüme gülüp dur,
Yzyňa seret eýýäm arkamdan gepim gidip dur.
Bularyň barysy gurt! Ejiz iýip semreýä,
Bularyň ýüregi buz! Olam hiç haçan eremeýä,
Bularyň burunlary un! Beýniňi zäherleýä
Ýöne söz berýän eje! Bulara hiç haçan meňzemeýän men.
Dostlarym azaldy,tanyşlarym köpeldi,
Eşek ýaly ýençdiler, endam janym söküldi,
Gapjyk ýaly silkdiler, günälerim döküldi,
Günälerimi gördüm, ynanaý ökündim ýeee.
Ýadadym men ýalan-ýalan sözlerden,
Ýadadym men ýalan-ýalan ýüzlerden,
Çynym aýtsam özümem-özümden,
Ýadadym men, men ýadadym!
Ýadadym men ýalan-ýalan sözlerden,
Ýadadym men ýalan-ýalan ýüzlerden,
Çynym aýtsam özümem-özümden,
Ýadadym men, men ýadadym!
Ýadadym men!
-
Wrestling
3 years ago
- Goşgy dälä, rep äýdym.
Arsi. B Ft SerdarMr
zumerchi 3 years ago- Kiminki bu rap!?