Hatyra edebi 2(Adam yogalanda,edilyan edim gylymlar barada).
Geçen gezeki blogyň dowamy
Mazar gazylanda dörän gum üýşmegine haýrandepe diýilýär. Merhum ýere dulanylmazyndan öň tabydy bilen haýrandepäniň ütüne goýulýar. Soňra merhumy ütüne ýapylan matadyr beýleki ýapgylary aýryp, diňe kepeni bilen içki öýde ýerleşdirjeklere alyp berýärler. Olar jesedi emaý bilen içki öýde ýatyryp, kepeniň daňylaryny çözýärler. Merhumyň ýüzüni üç ýola ýelpeýärler. Türkmenlerde jeset mazar çukurynyň özünde goýulman, kybla tarapdan edilen içki öýde goýulýar. Oňa lahat diýilýär. Jesedi lahadyň içine salyp, onuň agzyny çig kerpiç bilen ýapmalydyr. Lahadyň agzyny bişen kerpiç ýa agaç bilen ýapmak bolmaýar. Eger toprak çägesöw bolup, lahadyň opurylmak howpy bar bolsa, onda mazar çukurynyň özünde ýene bir çukur edilip, jeset şonda jaýlanylýar. Oňa türkmenler "şak" diýip at berýärler.
Jeset ýerlenip, lahadyň agzy çig kerpiç bilen berkidilensoň, süňk hossarlar üç gezek gum oklaýarlar. Diňe şondan soň beýleki duranlaryň gum oklamaga haky bardyr. Gabyr diňe şol çukurdan alnan gum bilen basyrylýar, mazaryň üsti örküç şekilli edilip goýulýar. Mazaryň baş we aýak uçlaryna daş goýlup, merhumyň ady, atasynyň ady, doglan we ýogalan ýyllary ýazylýar.
Merhum depin edilenden soň, şol ýerde oturyp, aýat okalmalydyr. Mazarlykda uzyn aýat okalmasyn. Käte mazarlykda uzyn aýat okaýarlar. Aýady bir adamyň okany ýeterlikdir. Şondan soň, hossarlarynyň biri merhumyň algyly, bergili adamlaryna ýüzlenip, algy-bergiň kimiň boýnuna galandygyny yglan edýär. Şol pursat ýogalanyň nähili adamdygy baradaky mesele goýlup, oturanlar üç gezek berlen soraga üç gezegem:"Gowy adamdy!" diýip, jogap berilýär.
Gölegçiler ýas ýerine gelip, pillerini ýerde ýatyryp dälde, tama söýäp goýmaly we ýene bir gezek aýat-doga okalandan soň, märekä taňyrýalkasyn aýdyp, rusgat berilýär.
Merhumyň belli günlerini bellemek örän gadymy oguz dessurlarynyň biridir. Bu dessur köklerini yslamdan öňki türkmen ynançlaryndan alyp gaýdýar we manysy boýunça merhumy hatyralamagy, merhum bilen hoşlaşmaklygy aňladýar. Merhumyň belli günleri üçi, ýedisi, kyrky, ýüzi hem-de ýylydyr. Hut şol günlerde jesediň dargamagynda täze döwür başlanýar. Munuň özi jesedi birbada jaýlamadyk otparazlaryň jaýlanyş dessurynyň yslym döwründe täze röwüşe geçmegine, täzeçe düşünilmegine getiripdir we belli günler diýen adatyň döremegine esas bolupdyr.
Merhum ýogalandan soň geçen üç günüň dowamynda onuň gany gutarnykly doňýar. Türkmen-oguzlar şondan soñ merhumyñ gany şu dünýäde galan ganybir garyndaşlar bilen çekişmegini bes edýär hasaplapdyrlar. Diýmek, üç gün ganybirleriñ ýas möhletidir.
Ýedi günden soñ merhumyñ gözi zaýalanyp, gözi gören, gatnaşan kişiler üçin ýas möhleti tamam bolýar.
Kyrk günüñ dowamynda merhumyñ aşgazan-garny ýarylýar, kyrk gün garyndaşlar üçin ýas möhletidir.
Ýüz günden adamyñ ýüz-keşbi tanar ýaly bolmaýar, onsoñ ýüzüni görenler, ýagny garyndaşlary, nebereleri ýasdan çykýar.
Süñk hossarlary üçin ýas möhleti bir ýyldyr, çünki, bir ýyldan soñ jesetden diñe süñk galýar diýip ynanç edilipdir. Süñk hossarlara ata, ene, äri ýa-da aýaly, doganlary we çagalary degişlidir. Merhumyñ ruhy hoş bolar ýaly juma agşamlary öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okamagy durmuşyñyza giriziñ.
Türkmen edebi boýunça belli günlerde sadaka berilmelidir we degişlilikde toparlaýyn ýasdan çykylmalydyr.
Nahar çekilende, diñe bir eliñde tabak bolmalydyr. Ýasa barylmagynyñ manysy merhumyñ hossarlaryna gynanç bildirmekdir.
Merhumy jaýlamak adatynda türkmenleriñ özboluşly däp-dessurlary bar. Ýasda erkek adamlaryñ telpek geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär. Ol "başymda gam bar" diýen manyny añladýar. Ýasda aýallar bürenjek atynýar. Ölen adamyñ hossarlary kyrk gün geçýänçä, aýdym-saz diñlemeýärler, belli günleri geçýänçä toý tutmaýarlar.
Merhumyñ üçi berilýänçä ýas tutýan öýde nahar bişirilmeýär, merhumyñ ýakynlary, goñşy-golamlary ýas tutýanlara nahar bişirip eltýärler. Türkmençilikde ýas ýerine eltilýän saçaga täk çörek dolaýarlar. Ýas ýeri üç çöregiñ birini alyp galyp, öýüñde mydama jübütlik, abadanlyk bolsun diýen manyda, iki çörekli saçagy eýesine berýär ýa-da deregine süýji-köke gaýtarýar.
Toý ýerine diñe jübüt çörekli saçak eltilýär.
Adam agyr günde-de, şat gününde-de göwündeş küýseýändir. Hoşamaý söz süñk döwýändir. Adamlara hoş sözleriñizi gysganmañ, köpräk aýdyñ!
Bu maglumatlar
Saparmyrat Türkmenbaşy
RUHNAMA ikinji kitabyndan alynan.
1.12.2021 21:22
Hatyra edebi 2
-
DonMaxx
3 years ago
- yetirip dur ++
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Mende Mukaddes Ruhnama kitabynyn ikisem bar.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Atamyzyn kop kitaplary bar. Hemmesem gyzykly, gowy...
the_end 3 years ago- ++