Gerek zadyň tapylmasa özüňde,
Haýry ýokdur saňa ilden ne peýda.
Manysy bolmasa diýýän sözüňde,
On garyş hem bolsa dilden ne peýda.
Ser etseň dünýäniň göti-başyna,
Gymmaty ýok bir sagatlyk hoşuna,
Näçesi ynjydyp döwre-daşyna,
Biderek kal bilen kyldan ne peýda.
Özüňden öngüniň bolmasa eger,
Öz isiňi bermez her önen jiger,
Zurýatsyza ogul dünýäýe deger,
Zer bilen alynan guldan ne peýda.
Ýeňňesi dakylan ýigitler ýüzi
Açylmaz ümürden gyzdadyr gözi,
Soraşsaň özünden diýr bu sözi,
Gyz bolan ýerlerde duldan ne peýda.
Bagban bolmasa bir gülüstana,
Dogry gül bitäýmez şeýle bostana,
Saýramaz hiç bilbil şad-u mestana,
Her zag-u zagana gülden ne peýda.
Haýry ýetişmese garyba baýyň,
Hormaty köp bolar sahy gedaýyň,
Razylygny aljak bolsaň hudaýyň,
Sarp eýle "Serhoş" sen puldan ne peýda.
Tagy
Ne peýda
-
BeýikÝazyjy
3 years ago
- Dowam et
zumerchi 3 years ago- Hakyky zat!!! Yetirenine minnetdar!!