01.12 2021.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň halky üçin ýatdan çykmajak gün. Ol gün, taryhy gün. Hut taryhylygy üçin Garaşsyz ýurdumyzyň agzybir halky bu güni uly baýramçylyga besleýär. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar edýän, onuň Garaşsyzlygyny, öz ygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewiligini sarpalaýandygyny subut edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasyny kabul etdi. BMG-niň şu mesele boýunça ýörite resminamasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilikli syýasatynyň, halkara derejesinde alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi. 26 ýyl taryh üçin uly möhlet däl. Ýöne şol ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, ýeten derejeleri Bitaraplygymyzyň döreden mümkinçilikleri, beren miweleri hakynda söhbet etmek, göwnüňi göterip, kalbyňy joşdurýar. Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlaryna, wezipelerine doly eýerýär. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda gazanan uly ýeňşi, dowamata dowamlydygy bilen şöhratlydyr. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza bahasyz gymmatlyk hökmünde garalýar. Bitaraplyk diýen beýik düşünje häzirki we geljekki nesilleriň baky bagtyýarlygynyň kepilidigini aňladýar. Bitaraplygymyzyň nurly kuýaşyna biziň halkymyz bilen birlikde dünýä halklary hem çoýunýar. Sebäbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz halkara bähbitli işleri giň gerimde ynamly amala aşyrýar. Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşini, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek baradaky başlangyçlara daýanýar. Döwletimiz Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan maksatlara eýermek arkaly BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem-de beýleki iri abraýly halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklary saklaýar. Dostlukly döwletler, şeýle-de abraýly halkara guramalary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşlerini has-da rowaçlandyrmakda, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi bütindünýä doldurmakda daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk derejämiz döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugruny kesgitleýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda eden çykyşlarynda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine berk eýerýändigini aýdyň beýan edipdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hemmetaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýýar. Bütin adamzadyň parahat, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň aladasy bilen ýaşaýan mähriban Arkadagymyza tutuş dünýä halklary uly sarpa goýýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçýändigine aýdyň güwä geçýän hakykatdyr.

Yhlasmyrat Ballyýew
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir