• Adamlar köpri gurmaly ýerlerinde diwar gurýandyklary üçin ýeke galýarlar.
• Alkyş etseň ýarysy özüňe siňer, gargyş etseň barysy. #nakyl
• “Ruhum ardy ýedi müň ýyl usurgap,
Men halys ýadadym aýralyklardan...”
Seýitmyrat Geldiýew
• Çekilýän zatlaryň içinde iň peýdalysy zähmetdir.
• Göwnedegilmeler, kemsidilmeler, azabyň reýgan bolmagy sebäpli, gör, näçe adamlar ýogalyp gitdi. Ýöne entek muny duýanoklar. Ajaly ýetendir öýdýärler. Ýok, beýle däl...
• Durmuş agyrlaşdygyça, gaçybatalgaň arzuwlar bolýar.
• Eger-de bäş sekuntlyk ýylgyryş düşürilen suraty asyl bolup biljek ýagdaýyndan has owadan edýän bolsa, onda elmydama ýylgyrmagy başaran ýagdaýyňyzda siziň durmuşyňyz, gör, nähili ajaýyp hem gözel bolardy...
Bloknotymdaky setirlerden
-
yyldyz.
3 years ago
- Bazı insanları hiç tanımamak, bazılarını ise çok daha önceden tanımayı isterdim.
Käte özüňe gelmek üçin başgalardan gitmek gerek diýýär #Bikowski
Nirvana 3 years ago- Ýüzi agyr, äwmezek kişiler şadyýan zatlary ýazyp, güler ýüzlüleriň ýazanlary ýürekgysgynç bolarmyş.
A.Çehow