GÜÝZ GIJESINIŇ OÝLANMALARY

Bu meýdanda arzuw meniň ýygýanym,
Otlar aýdym aýdýa, berýärin häsin.
Senem maňa gargaýamyň, sögýämiň,
Wysal bolman bagry ýanan yhlasym.

Goý, içikme, kalbym öýden halyçym,
Joşgun gaýtdy, kenaryna sygmandyr,
Düşün, janam, ahyr bir gün göwni üçin
Iň petigaraňam bagty çüwýändir.

Gü...

Dowamy »

538 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

!!!Zenan!!!

Keşbi bahardandyr uz gözelleriň.(Payhaslar ummanyndan)
Zenan birini soyse, oz jylawyny soygulisinin eline berip, onun guluna öwrülýar. (Etýen Reý)
•••
Tilkiler eyjejik jandarlardyr, yone olaryn akylyňa-oýuňa gelmejek usullar tapýarlar. Zenanlar hem...(Ambroz Birs)
•••
Zenanlaryň näme isleýändigini Hudaýam bilenok....

Dowamy »

719 5
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago

Sag bol, durmush!

Sag bol, durmush!
Sag bol bereniñ uçin.
Shukur, saçagymda kemenok çorek.
Yone adam çorek bilen, adam dal,
Oña bashga-da kan, kan zatlar gerek.

Sag bol, durmush!
Sag bol bereniñ uçin.
Yagyshlaryñ uçin, garlaryñ uçin.
Yone yagysh, gara juda howrugip,
Adamyñ hasratdan olmegi mumkin.

Dowamy »

565 10
Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago

“Günler kalendar deý tüketdi meni....”

Pursatlar duşumdan geçip gitdiler,
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.

Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.

Meger, şu...

Dowamy »

534 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Aýdyma öwrülen şygyrlar

Bolmasa
Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy
Dünýä dardyr sagat janyň bolmasa.
Adam doýmaz berseň müň dürli aşy,
Saçagyňda bugdaý nanyň bolmasa.

Ýüregiň sap sakla ile garasaň,
Alkyş ýagar toý-ýasyna ýarasaň,
Lukman bolup hassa halyn sorasaň,
Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa.
...

Dowamy »

727 0
Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago

Aýdyma öwrülen şygyrlar

Dost
Oýlanyp saýlap al juwanlyk çagyň,
Gatnaşjak çyn dostuň dogandan beter.
Hiç dostsuz bilinmez barlygyň-ýoguň,
Ilki çyn dost gazan aş-nandan beter.

Çyn dost şärik at-abraýyňa, aşyňa,
Çyn dost hormat goýup geler gaşyňa,
Çyn dost bagt guşudyr, täç et başyňa,
Çyn dost derdiň aňar lukma...

Dowamy »

655 7
Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago

....

Bir zad-a ýürege salýar howsala,
Bilemok oň näme sözleýänini.
Ýa bir uly zadyn ýitirdi göwün,
Ýa-da tapdy ömür gözleýänini...

Dowamy »

689 10
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

BIZ — PARALLEL...

Täk ömrüme jübüt-jübüt dert berip,
Takdyryma tagma basdyň gyýylman.
Setirlermiň ýangynyny geňleme,
Umytlarmyň gözýaşyna gyýylýan.

Boşadanňa “Söýgi” diýen dünýämi
Dag deý arman düwün bu gün gursakda.
Biz — parallel, kesişmeris hiç haçan,
Bir-birege näçe ýakyn dursak-da.

Belki, ý...

Dowamy »

531 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Aşyga hat

AŞYGA HAT

Bar zatda gara bagtym,
Garpyz ýardym ak çykdy.
(Halk döredijiliginden)

Alma atdym, nar geldi,
Köýnek biçdim dar geldi.
Kölege düşdi üstüme,
Öýe girdim, ýar geldi.

Yşk çolaşdy kelebe,
Döndüm galdym Seneme.
Barabilmen, Garybyň,
Ha...

Dowamy »

644 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Goşgy

AÝDYM
Söýmese-de söýenim,
Gözüm ýolda goýaryn.
Hassa men, emim tapyp,
Bu söýgüden oýaryň!

Aldyryp huşum, aklym,
Saňa soragly bakdym.
Geçip müň bir synagdan,
Adyma Leýli dakdym!

Köretdiň, tutaşmadyň,
Alawly ataşmydyň?
Ykbalyňda nämüçin,
Men ilki sataş...

Dowamy »

634 6
Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago

...

Hakyky ogul, hakyky gyz oz enesini hiç mahal owmeyar, yone mydama soyyar. Sebabi ene owulman soyulyan gudrat. Watan hem sheyle gudrat. Watana "Seni soyyan" diyip gygyryanlar Watany soyyan daldirler.

Atajan Tagan (40 yylda yazylan kitap)

Dowamy »

527 2
Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago

Ýazgy (düýş)

Ýagyşly gün, gara bulduñ astynda,
Duşuşyk geçýärdi zemin üstünde.
Duşuşykda durdy, ölen hossarlar.
Bir gapdalda bolsa, durdy dost-ýarlar.

Yns-jyns ýokdy gözleri bizde
Bi bolsa gorkydan gözümiz yzda.
Şol wagt bir bende çökdi-de dyza,
Bir ýazgy galdyryp dolandy yza.

Birden tümlik...

Dowamy »

627 4
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago

*****

********

Gözleriň jadysyn unutmalymy,
Hem-de mähir doly ýylgyryşlarňy.
Eştmedimi kalbyň duýgularymyň,
Gideňde yzyňdan gygyryşlarny.

Gozgamadyk borly duýgularyňy,
Sensizligmi inkär edýän goşgylam.
Söýgümiziň paşmadygna ýylgyrýan,
Ýalňyzlygyň haly örän hoşgylaw.

Bi...

Dowamy »

665 7
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago

Namys ýesiri-7 (powest)

Barybir o ýere baranyňyzdan soň aýrarlar. Tak çto... 

8. 

...Hupbatly günler başlandy. Hä diýmänem gyş düşdi. 
Gazy-haşar işleri gelip ýetdi. 
O-da bu ýyl eli pilli ýigitlerini urşa ugradan gyz-gelinleriň, eneleriň başyndan indi. 
...Raýonyň ähli obalaryny suw bilen üpjün ederlik suw sygymy bolan e...

Dowamy »

712 9
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago

Italmaz Akmyratdan goşgy

DIÝDIŇ SEN MAŇA
Gabat geldim sen näzenin jenana,
Sorsam «Başym boş-la» diýdiň sen maňa.
Öňem ýaşap gören ýaly hamana,
«Yşga başyň goşma» diýdiň sen maňa.

Durna ýaly sakdym, barladym yzyn:
«Başy boş däldir-le seň ýaly gyzyň?!»
Buýsançlyrak diýdiň:«Meniň ýek özüm!
Şu gün göwnüň hoşla» d...

Dowamy »

630 0
Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago

ALP ARSLANYŇ ŞAZADALYK DÖWRI

Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletiniň meşhur soltany Alp Arslan Türkmen milletimizden çykan iň beýik gahrymanlaryň biridir. Ol Horasanyň meşhur häkimi Dawut Çagry begiň ogludyr.

Entek, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň gurulmasyndan has öň, Çagry beg Türkmen öz inisi Togrul beg Türkmen bilen birlikde Garahanlylar neberesinden...

Dowamy »

564 2
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago

HER HAL...

O gündiz gatnady, gije gatnady,
Ýel sübseläp ýetişmedi yzyny.
Nätsin pahyr, göwni karar tapmady,
Göräýmese aşyk bolan gyzyny.

Ýöne welin gyzy görse dymdy ol,
Eden hyýallary boldy biderek,
Bir gowy zat, her ädimde gürsülläp,
Dünýä bir setiri bagyş etdi ýürek?

Ýolda dörän şygra p...

Dowamy »

558 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Başda bellidir

Boljak ýigit ýaşlykdan,
Ol owwal başda bellidir;
Ula-kiçä özün aldyr,
Deň bilen duşda bellidir.

Birewe ýoldaş bolanda,
Gatnaşyp, gardaş bolanda,
Ýagşy-ýaman iş bolanda,
Çyn dost geňeşde bellidir.

Bir niçe adam çen bilen,
Çeni gatadyr çyn bilen,
At tanatdyrmaz syn...

Dowamy »

537 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Iş bolsa

Namart öýünde gabarlar,
Bir zerre ýakmaz iş bolsa;
Özüni bilmez, göterler,
Eger on öýe baş bolsa.

Öýde bolar gyňyr kişi,
Çöle çyksa, köp teşwüşi,
Namardyň edejek işi —
Saklar, gorkusyz goş bolsa.

Namart owal öýden gitmez,
Eger gitse, goşdan ötmez,
Goç ýigit hergiz...

Dowamy »

509 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Aglar

Beň çeken sermest humarbaz
Galar bergä, «pul» diýp aglar;
Gündiz roza, gije namaz,
Çyn derwüşler «ýol» diýp aglar.

Azmaz zaty dogry är çyn,
Ýaman ýolun alar peri, jyn,
Aşyklar magşugy üçin,
Şeýda bilbil «gül» diýp aglar.

Sugun, hyrs jeňňeli söýer,
Keýik, gulan çöli söýer...

Dowamy »

692 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago