DIÝDIŇ SEN MAŇA
Gabat geldim sen näzenin jenana,
Sorsam «Başym boş-la» diýdiň sen maňa.
Öňem ýaşap gören ýaly hamana,
«Yşga başyň goşma» diýdiň sen maňa.

Durna ýaly sakdym, barladym yzyn:
«Başy boş däldir-le seň ýaly gyzyň?!»
Buýsançlyrak diýdiň:«Meniň ýek özüm!
Şu gün göwnüň hoşla» diýdiň sen maňa.

Söýgiň tagamy bar, bar onuň reňki...
Bu dünýäde söýgi bilen meniňki.
«Ellerim seniňki, lebim seniňki,
Şondan aşak düşme» diýdiň sen maňa.

«Gül syýa batyryp tawus ýelegin —
Diýdim — seni wasp edeýin, melegim»
«Olam bir alydyr tersa pelegiň,
Şygyr-gazal goşma» diýdiň sen maňa.

«Söýgi betbagtlykdyr, ah bilen zardyr,
Dünýä giň bolsa-da, aşyga dardyr,
Gepi gepe sepläp ýörenler bardyr,
Bir özüňe osma» diýdiň sen maňa.

Süňňüm syzsa näme meniň ýazygym,
Aýtdym ähli aýallar dek azjagyň.
Diýdiň: «Näbileýin ula ýazjagyn,
Oýun bildim başda» diýdiň sen maňa.

Parran geçmän, peýkam galdy arada,
Tapylmady derdimize çäre-de.
Men takal okadym söýgi barada,
«Ümsüm otur öç-de» diýdiň sen maňa.

Ýyldyza ýörän dek boldum men bu gün,
Goýduň ýüregimde dag bilen düwün.
«Bir gadyrbilmeze berdim men göwün,
Meň kerwenim göçdi» diýdiň sen maňa.

Gaty gördüm öň aýtmadyk sözüňi,
Men öpmezdim dodagyňy, gözüňi.
«Ýigrenmeli edersiňiz özümi
Meni irde-giçde» diýdiň sen maňa.

Italmaz Akmyrat

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir