Barybir o ýere baranyňyzdan soň aýrarlar. Tak çto... 

8. 

...Hupbatly günler başlandy. Hä diýmänem gyş düşdi. 
Gazy-haşar işleri gelip ýetdi. 
O-da bu ýyl eli pilli ýigitlerini urşa ugradan gyz-gelinleriň, eneleriň başyndan indi. 
...Raýonyň ähli obalaryny suw bilen üpjün ederlik suw sygymy bolan ene ýabyň sakasy derýanyň dagdan çykan ýerindäki äpet uly, ýaşajyk Gün ýaly ýeke özi gyzaryp oturan gyzyl gaýanyň deňinden gözbaş alyp gaýdýardy. 
Gazynyň başky çäkleri has agyr. Içi jygrama, ownuk, öl çagyl daşjagazlaryndan doly suwjaryp duran ürgün çäge gatyşykly gök läbik. Onam iki göterim dagy etmeli. Soň bişen kerpiçleriň böleklerinden, küýze döwüklerinden doly, ýüregedüşgünç her gezek «jarkyldadyp» uranyňda şol zatlara degip, piliňi «zarňyldadyp» yzyna zyňýan, beýniňe pyçak sokulan ýaly edýän, ýüregedüşgünç çäkler başlanýar. 
Şondan geçensoň gazy ýeňleýär. «Çöpsyrdy» edip gidibermeli. 
Gaza raýonyň ähli gelin-gyzlary gatnaşýar. 
Gazy her oba çäkme-çäk, agyr ýerdenem, ýeňil ýerdenem obalara deň-derman bölünip berilýär. Soň ony her obanyň gelin-gyzlary öz aralarynda bölüşýärler. Kim ejizlese ýa ýeri bijaý agyr bolup yza galsa onda oňa beýlekiler kömekleşýärler. 
Bäş-üç bolup birleşip, brigada görnüşinde işleýänlerem bar. Odun-çöplerine, biş-düşlerine we beýleki zerurçylyklaryna sereder ýaly urşa alynmadyk, maýyp-müjribräk, golak-çolagrak, kör-kerräk ýa ýaşy ötüşenräklerden, şeýle hem arabakeşlerden, ölçegçi-hasapçylardan ybarat erkek göbeklilerem bar. 
Howanyň sowukdygyna, üstesine-de dag ýeridigine garamazdan öý-öwzar ýagdaýlary öwerlikli däl. Çatma-çalmar we merthana şekilli penalar bolaýmasa başga sümelge ýok. Sümelge ediner ýaly eglenilýän ýerem däl. 
Aksoltan, Zerkäkil, Aždaryň dessandan çykaryp alan gelni gelen gününden başlap, özüni obanyň iň owadan hem daýaw gelni hökmünde tanadan Hallygözel, Zerkäkiliň klasdaşy we jorasy Solmaz, onuň gelnejesi Gyzylgül dagy hem özlerini bir «brigada» diýip, yglan etdiler. 
...Gazynyň ilkinji iki güni diýseň içgysganç boldy. Üçünji gün diýlende ondan-mundan özara edilýän gep-gürrüňler eşidilip ugrady. Dördünji gün alşylýan sözleriň bady gataldy. Kä ýerlerden gülki seslerem çykyberdi. Şol gün günortan arakesme wagty çaý--suw içilip, nahar iýlip bolandan soň Zerkäkiliň klasdaş jorasy Solmaz onuň ýüzüne bakyp: 
― Ejeş jan, şu ýerde-de şahyrlygyňy görkezäýmeseň-ä içgussa boljak bular... ― diýdi. 
Şu ýerde biz Zerkäkiliň özüni obada şahyr hökmünde adykdyryşy barada birki agyz gürrüň edeliň. 
...Günlerde bir gün, ýagny, Gökböri dagynyň entek uruş turmazdan öň, gulluga giden döwürleri olardan bir ýyl öň ugran Zaman atly oglandan ilki obany, soň tutuş raýony haýrana galdyran geň-taň bir hat geldi. 
Öýlerine iberen şol hatynda ol özüniň gulluk edip ýören ýerinde bir ors gyzy bilen tanşandygyny, onuň bilen gowy görüşýändigini, halaşýandygyny, gullukdan soň alyp baraýmagynyň gaty ahmaldygyny habar berýärdi. 
Ata-eneleri birbada-ha bu habary il-günden ýaşyrdylar. Ýöne, temeni haltada bukup bolýamy näme? 
Äşgär bolan gününiň ertesi Zamanyň halaşýan gyzy Gyzylgül-ä: «Seň ýüzüň aňry bolsa, meň ýüzüm bäri! Ondanam aňryk git! Atamyň aýak ujuna git!.. ― diýen ýaly ýangynly sözler bilen jogap ýazdy-da, bir demde bellisini etdi oturyberdi. 
Zamanyň kakasy Mülki aga: «Gitjek! Şol köpeý ogluna iň soňky sözümi aýdyp gaýtjak!..» diýip, birbada dyzady. Ýöne, daş ýer, näbeletçilik, harjysyzlygam üstesine. Baryndan beterem täze partorg Medet aga ýanyna çagyrdy-da: «Ogluň gowy iş edipdir. Megerem, ol şol ýerde partiýa geçen bolsa gerek. Çünki, biziň kommunistik partiýamyzyň syýasaty — internasionalizm!.. Ýer ýüzünde «o millet, bu millet» diýen düşünje bolmaly däl. Seň ogluň türkmenlerden uly başlangyjyň başyny başlapdyr. A tak... bu ýerden beýdip, çişip barsaň, o ýerde seni saklaýmaklaram, işiňe seredäýmeklerem ahmal...» diýdi welin, Mülki aganyň ýap-ýaňyja--da jaýtaryp duran murty «küsserdi» ýatyberdi. 
Zamanyň jigisi Solmaz welin ynjalmady. Ol derhal, aram-aram ýönekeýje goşgujyklar ýazyp ýören Zerkäkiliň ýanyna geldi-de: «Jan dogan, şoň bir «jaňkyny» döwüp bäş-üç beýt goşgy ýazyp bersene, meň adymdan» diýdi. 
Bar zatdan habarly Zerkäkil birmeýdan böwrüni diňläp, gözüni süzüp oturdy-oturdy-da indi öňküsine görä-de birneme terlenen, ýukaja dodaklaryny adatdakysyndanam has çommaldyp: «Bo-o-or...» diýdi. 
...Ilki söýgülisinden, soňam jigisinden baran howsalaly hatlar, haýbatlar, zarynlap ýazylan goşgular asuda gulluk edip ýören ýigidiň aňkasyny aşyrypdyr. Bir bulaşyklygyň bardygyny aňypdyr. 
Şonuň üçinem, ol bar zady bolşy-bolşy ýaly edip komandirine aýdypdyr we öýlerine gidip geler ýaly rugsat sorapdyr. 
...Ol gelen gününiň ertesi bar zadyň anygyna ýetdi.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir