Bolmasa
Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy
Dünýä dardyr sagat janyň bolmasa.
Adam doýmaz berseň müň dürli aşy,
Saçagyňda bugdaý nanyň bolmasa.

Ýüregiň sap sakla ile garasaň,
Alkyş ýagar toý-ýasyna ýarasaň,
Lukman bolup hassa halyn sorasaň,
Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa.

Mydam gulluk etseň ýagşy niýete,
Eýe eder at-abraýa, döwlete,
Agzybir maşgalaň dargar her çete,
Adylly aksakgal ulyň bolmasa.

Aga diýr, aýby ýok garyp bolanyň,
Beterdir baý bolup garyp öleniň,
Doýurmaz diläniň, mugt alanyň,
Rysgal ojagynda paýyň bolmasa.




Garrytma meni
Hemmäni garrydan, eý, köne dünýä,
Ýaş kimin ýaşaýyn, garrytma meni!
Göwnümde galmasyn hiç kine dünýä,
Ýaş bolup joşaýyn, garrytma meni!

Razy edip ene-ata, gaýyny,
Saýlap aldym gözelleriň aýyny,
Nesip etse agtyklarmyň toýuny,
Arkaýyn göreýin, garrytma meni!

Bahar pasly bulutlaryň göçüşin,
Toýnak gurap durnalaryň geçişin,
Dag maralnyň çeşmeden suw içişin,
Ýene-de synlaýyn, garrytma meni!

Seýle çykyp, gülälekli meýdana,
Dostlar bilen bolup şat-şadyýana,
Suwa düşüp, Derýaboýda howdana,
Erkana ýüzeýin, garrytma meni!

Duýdurman deňimden ýigitlik basym,
Geçipdir çagyrsam eşitmez sesim,
Ýürekde galmasyn arzuw-höwesim,
Arzuwma ýeteýin, garrytma meni!

Dünýäden doýmadym, ynan, sözüme,
Gördügimçe gözel görner gözüme,
Watanmyň topragyn sürtüp ýüzüme,
Erkana gezeýin, garrytma meni!

Aga Teke

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir