********

Gözleriň jadysyn unutmalymy,
Hem-de mähir doly ýylgyryşlarňy.
Eştmedimi kalbyň duýgularymyň,
Gideňde yzyňdan gygyryşlarny.

Gozgamadyk borly duýgularyňy,
Sensizligmi inkär edýän goşgylam.
Söýgümiziň paşmadygna ýylgyrýan,
Ýalňyzlygyň haly örän hoşgylaw.

Bir çetde gizlenip duran bagtyňam
Ýüzi bizden sowulypdyr bireýýäm.
Asman bolsa bulutlardan tikilen,
Gara reňkli köynegini geýinýär.

Bulutlardan seçelenýän damjalar,
Diňe bir ýagyş däl, yşgyň agysy
...Eştmedimi kalbyň duýgularymyň,
Gideňde yzyňdan gygyryşlarny.

Awtor: Isa HOJAMERDANOW

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir