Gurban baýramynyz kabul bolsun

Agac yapragy guramasyn
Gyzyl guller solmasyn
Tutanynyz altyn bolsun
Geyjeginiz taze bolsun
Iyjeginiz suyji bolsun
Aljagynyz alkys bolsun
Arzuwlarnyz hasyl bolsun
Masgalanyz agzybir bolsun
Durmusynyz owadan bolsun
Her gunki eden doga-dileglerniz Allan dergahinde kabul bolsun
Gurba...

Dowamy »

1193 5
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 4 years ago

Internetde dörân söÿgi.

INTERNETDE DÖRÄN SÖÝGI
Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde...

Dowamy »

1042 3
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 4 years ago

......

Bir gün ogluň bolar.
Gyzyňam bolar.
(Şu gezeg-ä gyz bolaýjak öýdýän)
Haýsy bolanda-da parhy ýok maňa.
Owalda Allanyň halany bolar.
Ýöne ap-ak mämelerňi sokjalap
Emýän balajygy gujagňa gysyp,
"Bile bir düşekden örmedik" diýip,
"Söýgimiziň miwelerniň jykyrdap
Öýmüzi bazara öwrüşlerini

Dowamy »

1174 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Doglan gunum...

Ir bilen turup keyplije banya girip chykdym,sonam yylgyrypjyk ashhana ayalymyn yanyna bardym,"name sowgat bererka"diyp. A ol bolsa doglan gunumi yatdan chykaran yaly gutlamady,"ay borlay chagalam gutlarlay"diyp chagalan yanyna bardym,olaram gutlamady... Siz gozonune bir getirp gorun nahili keypsiz ishe gidenimi,ishe geldim welin sekretar gyz Maral...

Dowamy »

1290 9
Edebiýat, soho tarapyndan 4 years ago

Göriplik etmäň!

Göriplik etmäň!
Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. “Göribe rahatlyk ýokdur” diýilmeýärmi näme?! Ol mazlumyň geýimine giren zalymdyr. Guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Aýtmandyrlarmy näme, Allanyň göribe daraýşynyň adyldygyna gara, görip özüni...

Dowamy »

1011 3
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 4 years ago

Dünýäniň derdini gerdeniňden düşür!

Käbir adam bar, uky düşeginde ýatan ýerinden, öz aňlarynda jahan urşuny turzup, dawa-jenjeli gozgaýar. Onsoň her gün aňda gaýtalanýan bu “uruş” olaryň egnine hakyky labryny atyp başlaýar. Bularyň aň harasadyndan gazanýan zady näme: aşgazan agyrysy, gan basyşy, süýji kesel ýaly “oljalar”.
Olar bütin dünýäde bolup geçýän wakalara, hadysalara o...

Dowamy »

994 2
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 4 years ago

"Garabasma" yene-de ahlisi "G" harply gosgy.

Garabasma

Gülälekli gülzarlykdan,
Gyz gelýär görki görkana.
Gara gözli galamgashly,
Göz gerek görkün görmäge.

Gulagynda gulakhalka,
Gashy göwherden gupbasy.
Geýen geýnüwne gelishýär,
Guýma gashly gülýakasy.

Gözastyndan gyýa garap,
Gyzgelensoñ golaýyma.

Dowamy »

1096 4
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 4 years ago

"Gelnimiñ göwni galmasyn" (Konelerden)

Ilki bilen talyplar.comyn gadyrdan agzalary ahlinize salam! Giç ýagşy! Menem konelerden bir tema goyup goreyin diydim. Ol tema @aynash atly agzanyn blogy. Kabir harp yalnyslyklaryny dogurlap size tazeden ozim blog edip paylasmak isledim.
"Gelnimiň gowni galandan..."
bu temamda yazyjy-shahyrymyz Gurbangeldi Miralyyeving diňe "G" harpd...

Dowamy »

1382 10
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 4 years ago

Ene - Ata (Goşgyñ ady Kakam däl)

R.A.M
25.07.2020 / 12:46:21
"Gorkym" meni gorasyn..

Galam alyp ele ýazmak isledim,
Bugün az ýazylan ynsan barada.
Oñ söýgüsin, wah, men bilip bilsedim
Dessanam ýazardym sähel arada.

Ene keramatdyr, keremdir ene
Ol hakda sözleseñ sözläber ýene,
Onuñ waspyn edip gutaryp b...

Dowamy »

1173 9
Edebiýat, TrustORG tarapyndan 4 years ago

Şükür etmek!

sebapsiz çöp başy gymyldamazmysh,

sabyr eyleyip,şükür edelin hudaya,
kyrk yyl gyran gelse bile,ajaly yeten olermish,
\"ilde gelen,toyda bayram\"şükür edelin hudaga.
.............
owal ata bilinden damla-damla yol alyp,
sonra ene garnynda bolek,lagta gan bolup,
giň jahana geldik biz,yazgyt biz...

Dowamy »

1270 0
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 4 years ago

Namys ýesiri-15 (powest)

Gökböri ýaýdandy.
― Nirä? Nämüçin? Men şumatjyk gelip durşum ahyry... Men entek dyzymam epemog-a...
Oňa çenli Omar-a öýünde ýok ekeni welin, Osman, Annuşka we başga-da birnäçe goňşy-golamlar, üýşüşip geldiler. Çaga-çuga, garry-gurtular ýygnanyşdylar.
Nämeleriň bolup geçýändigine, gelen adamyň kimdigine, häzirlikçe jaýyň içinde...

Dowamy »

1206 18
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 4 years ago

Namys ýesiri-14 (powest)

* * *

...Ellinji ýyllaryň aýaklarynda kolhozçylar täze posýologa çykdylar. Peleň awçynyň köne ýurdunda, indi ejesinem ajala aldyryp, ýeke özi ýaşap ýören Zerkäkilede Omar daýysy öz ýanyndan ýer alyp berdi. Osman ikisi oňa bir özi girip çykar ýaly kiçiräjik, täze tipli, polly-potolokly, üsti şiferli jaýam salyp berdiler. Oba guramala...

Dowamy »

1227 12
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 4 years ago

Dasoguz gozeli.!

Ädimine nazar salyp yzlayyn, Tarypyny her pursatda sozlayin, Posa alyp-berip senden doymayyn, Lebine ashyk men Dasoguz gozeli.

Baylygyn gaygyrmaz yurtlar aylanar, Behisht perisi dey zyba shaylanar, Gozellikde yene Dasoguz saylanar, Ozune ashyk men Dasoguz gozeli.

Eli elmydama ishe elisher, Bitew-yyrtyk name geyse gel...

Dowamy »

1362 8
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 4 years ago

Sarygyz

Sarygyz
Misli ay dek jemalyñ, Baksam galmaz mejalym, Yshka köyen bu janym, Señki bolsun sarygyz.

Lebleriñden bal damar, Sorsam söküler damar, Gyzgyn-gyzgyn posalar, Meñki bolsun, Sarygyz.

Yashymyñ ter günleri, Misli bahar yelleri, Chemen baglan güllerim, Señki bolsun, Sarygyz.

Yshka baryan yoda...

Dowamy »

1182 0
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 4 years ago

Namys ýesiri-13 (powest)

* * *

― Şundan bir ýüz ýetmiş bäş kilometrlikde edil şular ýaly bir oba bar ― diýip, Roza özüniň uzak bolar öýden, emma juda basym gutaran gürrüňine başlady. ― Elini çen bilen lagere tarap salgady. ― Gapdalynda-da edil şular ýaly lager bar. Men başda şol obada ýaşaýadym. Aslymyz Irkutskili. Men ýaşlygymdan ýetim galdym. Ýeke özüm. Do...

Dowamy »

1223 14
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 4 years ago

Namys ýesiri-12 (powest)

Gep gutardy. Myhman alyşlarynyň düzgüni şeýlemi, o-da kireýiň içinde bamy ýa myhmanlaryna nebsi agyryp şeýtdimi, Anna Iwanowna hemmeleri stoluň başynda oturdyp nahar guýdy.
Aýallar nahar başynda-da adam-a bir gezekden ýelmediler. Şondan soň olaryň dilleri hasam açylyşdy. Tebip myhmanlaryň nähili ykballary bilen gyzyklandy.
Omar bar za...

Dowamy »

1335 13
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 4 years ago

Gyz Dogan.

Gyz dogan..
Gyz dogan barada hekayajyk yazayyn: Bir yigide sorapdyrlar, \"ayalyn, gyzyn we gyz doganyn 1ini saylamaly bolsan, haysyny saylardyn?\" diyip. Yigidem \"Gyz doganymy\" diyip jogap beripdir. \"Name üçin gyz dogan? Ayalyn ing yakyn dalmi sana yada gyzyn sen janyn dalmi?\" Yigit bolsa ona \"Ayalymyn yerine başgasyny alyp bilerin, gyz...

Dowamy »

1414 8
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 4 years ago

Diñle gelin

Salam, halan goşgymy sizň bilen hem paýlaşaýyn diýdim. * awtoryny bilemok. Okaň lezzet alyň :D Indi gutarandyr läläm hymmyldyň, Adam bolgun balam baran ýeriňde. Yssy, sowuk, ýadaw, yňňyl-jyňňyldyň, Bolmasyn kynçylyk gőren ýeriňde. Meňzeş ýalam hemmäň ýűz keşpleri, Iýýän nany, geýýän egin-eşikleri. Siňe syn et bardyr űýtgeşik ýeri, Tapawudy salam be...

Dowamy »

1366 3
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 4 years ago

Satyn alynan bir sagatlyk wagt

Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– B...

Dowamy »

1318 4
Edebiýat, bank tarapyndan 4 years ago

Ýönekeý hakykat

Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.

Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.

Dag däl-dä — bolmasa, dag g...

Dowamy »

938 0
Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 4 years ago