Bu meýdanda arzuw meniň ýygýanym,
Otlar aýdym aýdýa, berýärin häsin.
Senem maňa gargaýamyň, sögýämiň,
Wysal bolman bagry ýanan yhlasym.

Goý, içikme, kalbym öýden halyçym,
Joşgun gaýtdy, kenaryna sygmandyr,
Düşün, janam, ahyr bir gün göwni üçin
Iň petigaraňam bagty çüwýändir.

Güýz gyýylyp takdyrynyň keçdigne,
Dökdi ýapraklaryn, egildi başlar.
Näderin bilenok ýalaňaçdygna
Namys edip telbe bolan agaçlar.

Yhlasym, uklapsyň, hany aýdymyň,
Göýä güýz gijesiniň armany deýin.
Bir ýerlerden sesi gelýär tüýdügiň,
Oýan, dünýäm, gözleriňe döneýin!

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir