* * *
...Otly gelýä çyraly,
Içi doly ýaraly.
Serdarymyz Ysdalin,
Paşistleri gyraly.

9.

...Howwa, uruş gidip durdy. Ol hernäçe alysda bolsa-da, ýalnynyň howry Garagumuň iň bir çetki obalaryna çenli gelip ýetýärdi. Tyldakylaryň ýüzlerine çabraýardy. Halk onsuzam hor, açdy. Hususanda ekleýjileri fronta giden köp çagaly eneler horlanýardylar. Açlyklaryndan ölmezleri ýaly okuwçylara her gün günortan mekdepde ýarma bişirip berýärdiler. Halk welin, ruhdan düşmeýärdi. Gaýtam, gzyndan artdyryp, egnindäkini çykaryp, şaý--seplerini sypyryp fronta iberýärdi.
Haýatlaryň, diwarlaryň ýüzüne goýy, gyzyl reňk bilen ýazylan: «Gitlere ölüm!», «Ýok bolsun uruş!», «Faşizme nälet!», «Biz ýeňeris!», «Ýaşasyn Stalin!» diýen ýaly şygarlary görmek bolýardy.
Ýöne, hemişe-de bolşy ýaly, iliň şeýle aglak wagty doňuz dek depä çykmagy gowy görýänlärem tapylýardy.
...Bir wagtky gulluk edip ýören esgeriň durmuşyny tas, bulaşdyran «garaçomagam» şolaryň hilinden bolup çykdy.
Dogry, o-da urşa Gökböri dagy bilen edil bir günde bolmasa--da, deňeçerräg-ä gitdi. Ýöne, gidişi ýalam elini boýnundan asyp, dolanyp geldi.
Şondan biraz soňrak, bir aýagyny aldyryp gelen başga bir frontçynyň aýtmagyna görä, urşuň ilki döwürlerinde öýüne gaýtmak üçin, elinden atyp, öz-özüni ýaradar edýänler bolýan ekeni. Ýöne, olaryň bu emelini harby wraçlar basym aňypdyrlar. Şondan soň «dezertirler» elleriniň daşyna öl-myžžyk edilen keçe we letde böleklerini orap atypdyrlar. Ýöne, onuňam üsti açylypdyr. Çünki, her zat etseňem, ýakyndan atylan bilen daşdan gelýän onuň bedene edýän täsiri deň bolmaýan ekeni.
«Dezertirlerem» gaýtmyşym etmändirler. Iki bolup dilleşip, biri-birlerini bellibir aralykdan atyp başlapdyrlar.
Uzaga çekmän, onuňam üsti açylypdyr.
Şondan soň front ýolbaşçylary bu hadysa bilen çuňňur gyzyklanyp ugrapdyrlar.
Habar baryp hut Staliniň özüne ýetipdir. Ol: «Uruş başlanaly bäri kim elinden ýaralanyp öýüne goýberilen bolsa, täzeden barlamaly, eger-de ýara hakykatdanam «galp» bolup çyksa, gözümiz bilen-ä göremzok welin, «dezertir» halk duşmany hökmünde, süýtsiz-gatyksyz duran ýerinde tama söýäp atmaly, ony halk içinde «bigaýrat», «namart», «Watan dönügi» diýip yglan etmeli, masgaralamaly» diýen ýaly buýruk çykaranmyşyn» diýip, hopugyp-hopugyp gürrüň beripdi.
Hak ady Gandym bolan garaçomagyň uruşdan gaýdyp geleniniň yz ýanlary raýon harby komissarlygyndan gelen üç adamyň ony ilki kolhozyň kontoryna çagyryp, soň raýondaky otrýada äkidip telim günläp, näme üçin sorag edendiklerine, köne ýarasyny «rentgenden» we başga-da birnäçe medisina barlaglaryndan geçirendiklerine oba adamlary diňe şondan soň düşünip galdylar.
Ýöne, ol hakykatdanam «dezertir» ekenimi ýa däl, ýöne uruş başlandan tä soňuna çenli «bron» boýunça kolhozyň baş hasapçysy bolup oturan, hatda kolhozyň başlygy sylagly ýaşuly Begli aganyň ýanynda-da gepi ýöreýän agasy Çerkeziň arkasyndan «aklandymy», garaz hiç hili gep-gürrüň-ä bolmady.
Hiç kime hiç zat äşgär edilmedi.
Syr syrlygyna galdy.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir