Täk ömrüme jübüt-jübüt dert berip,
Takdyryma tagma basdyň gyýylman.
Setirlermiň ýangynyny geňleme,
Umytlarmyň gözýaşyna gyýylýan.

Boşadanňa “Söýgi” diýen dünýämi
Dag deý arman düwün bu gün gursakda.
Biz — parallel, kesişmeris hiç haçan,
Bir-birege näçe ýakyn dursak-da.

Belki, ýazgyt,
belki-de, öz islegmiz,
Sowa düşdi ykbalyňdan ykbalym.
Ýöne ýene "Arman" derdin çekemde
Ýada düşýäň, maral gözli “lukmanym”.

Suwdan alyp, oda atýar yzýany
Otdan alyp, suwa salan ýatlamam.
Erk-ygtyýar menden ýüzün öwrüpdir,
Wah, oňamok seni sekunt ýatlaman.

Köýdürlen arzuwlaň agysyn aglap,
Ýanyp ýazmak bolup galdy bir kärim.
Taplanyşy ýaly otda poladyň,
Belki, menem ýanyp-ýanyp berkärin...

2012ý.

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir