Student we geday

Ine, ýene ýöräp barýan köçeden
Howa-da şeýlebir, şeýlebir sergin.
Maltepäñ ýanyndan geçiberemde
Bir garryja mama uzatdy elin.

Eşiklerem gaty horaşajady
Mümkin, ýokdur onuñ hiçbir hossary.
Şol garypja mamañ ýowuz kysmaty
Oýandyrdy meniñ gaýgy-gussamy.

Undup men özümiñ studentli...

Dowamy »

422 5
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 8 months ago

Uýma şeýtana

《Uýma şeýtana》

Dogry ýola çagyrlanda gelmeseň
Allahym halamaz uýma şeýtana
Il günüň içinde ýalan sözleseň
Allahym halamaz uýma şeýtana

Ýagşylyk et haýyr gazan özüňe
Allanma adamzat nadan sözüne
Günä alma haram iýip özüňe
Allahym halamaz uýma şeýtana

Özüň h...

Dowamy »

303 0
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 8 months ago

Bolan waka

Düýn, 21:18
《Kabul edilmedik söýgi》
《 Durmyşdan alynan 》
《Bolan waka》



Men öz ýanymdan Aýşagülden soňra başga gyzy söýmerin diýýädim näme güýziň ajaýyp günleri hem köp zadt ýatlatýara. Öz işlerime gümra bolup ýörün ýatdan çykarmak maňa aňsat düşenokdy üste üstine güýziň howasy hasam ýüregimi...

Dowamy »

475 0
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 8 months ago

"Yşk şerbedi" hekaýasyny okamak üçin

Milli prozanyñ muşdaklaryna !!!

Gowgaly XIII asyr....
Eýýamlar ýapyp, eýýamlar açan şan-şöhratly türkmen halkynyñ döwletli döwranynyñ sowulyp, salpaýak mongol basybalyjylarynyñ halklara gan ýuwutdyran asyry. Hut şol asyryñ birinji çärýeginden tä XX asyryñ 91-nji ýylyna çenli, tas sekiz asyrlap (790 ýyl) türkmen halky başga ýu...

Dowamy »

470 2
Edebiýat, wagt tarapyndan 8 months ago

Yhlasgeldi Orazow Nygmaty bolar

Bäş günlik dünýe bu göz açyp synla,
Bu dünýe kapyryñ Jenneti bolar.
Ynsan içre her nadana iş buýrsañ,
Işe goýulmazdan minneti bolar.

Kiramen, Katibin sagy-soluñda
Her iş, sözüñ ýazar galam golunda
Namaz okyp panyñ dogry ýolunda
Ýöräne Allanyñ rehmeti bolar.

Nämährem ýigit, gyz...

Dowamy »

254 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 8 months ago

"Meni"

"Meni"

Arzymy aýdaýyn Merjen gyz saña
Gara gözleñ bilen söýdürdiñ meni
Ýürek doly aýtjak sözlerim saña
Aýtmankam bagladyñ özüñe meni.

Şondan bäri gaçdy sabyr-takatym
Göz öñümde janlanyp dur syratyñ
Şol gün ýylgyrjyrap sereden wagtyñ
Erkim alyp däli eýlediñ meni.

...

Dowamy »

366 5
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 8 months ago

Amanmuhammet Nepesden üç roman sowgat

Milli edebiýatymyzyñ muşdaklaryna !!!

▶ Ýazyjy Amanmuhammet Nepesden sowgat üç roman

Ýaşuly ýazyjy Amanmuhammet Nepesowyñ şöhratly türkmen soltany Alp-Arslan Soltandan söz açýan "Alp-Arslan", ady dünýä dolan türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýewiñ ömründen söz açýan "Ýere duwlanan ägirt", geçen asyryñ birinj...

Dowamy »

369 0
Edebiýat, wagt tarapyndan 8 months ago

Gitme ýanymdan

《Gitme ýanymdan》

Bu dünýäde ýeke geze bilmerin,
Gitme gülüm, gitme meniñ ýanymdan
Ykbalymda sensiz ýaýnap-gülmerin,
Ýalbarýan ezizim gitme ýanymdan.


Mydam söýüp gezjegiñe söz berdiñ,
Şondan soñ kalbymyñ közüni dördüñ,
Näme boldy meni müñ derde goýdyñ,
Gitmesene, g...

Dowamy »

329 2
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 8 months ago

Nebis

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: «Wah, üstünden don bolsa!»
«Baş saglyk» diýp, Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder – on bolsa.
Magtymguly


Adam diýgen garynja deý bor eken,
Şam-u-säher daşar eken içerik....

Dowamy »

329 1
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 8 months ago

Mugallym

O döwürler mekdep ikinji öýdi,
Mugallym ikinji ene-atady.
Howlugsagam ir ertirki okuwa,
Säher daňy öz wagtynda atardy.

Mekdep sary toýa barýan mysaly,
Uçardyk ökjämiz degirmän ýere.
Uly arakesme gutaran wagty
Ýüwrüp yzymyza girerdik ýene.

Gep diňe bir ylym-bilimde däldi,

Dowamy »

328 1
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 8 months ago

Neýläýin(goşgy)

Ýazdym çyg galamym bilen,saña ýazýan depderime,
Ýazaryn,barmaklarym galamy tutsa,çyzsa ýene,
Kagyzym uçdy gitdi,azwagtlyk öwsenje ýele,
Dünýäñ düzülişi şeýle,elde çäre ýok,neýläýin.

Köçä çyksam,daşdyr öýdüp zyñardylar bir gapdala,
Awyny bagyşlap,göýbermeklik gelşermi gaplaña,
Rüstem Zal dek edermen...

Dowamy »

207 0
Edebiýat, garagolja03 tarapyndan 8 months ago

Syyasat

Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer.

«Nätdik!» diýşip, owkalarlar ellerin,
Soňra garaşarlar indiki pida.
«Hapa batsaň boýuň bile» diýleni,
Başaşak çümenden eşdilmez seda.

Şahyr bol...

Dowamy »

287 0
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 9 months ago

Göresim gelýär

《Göresim gelýä》

Niçeler jan etdim, Ýatdan çykmadyň
Mähribanym seni göresim gelýä
Gözümde ýaşym bar elde suratyň
Eziz ýarym seni göresim gelýä


Şeýdip gutardymy biziň söýgümiz
Birleşmezmi indi biziň ýolymyz
Şeýle ýazyldymy bu ykbalymyz
Gözüm ýaşly seni göresim gelýä

Dowamy »

328 2
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 9 months ago

Durmush nira baryar,biz nira baryas.

Siz durmushda nira ylgayanyz?!
Bugune cenli yashanlarynyz size berilen zatlaryn hemmesini bir tarapda goy.Siz goymasanyzam onsuzam olar siz bilen.Yalnys dogry,govy erbet shu wagta cenli yashanlarynyzy we gecmishinizi uytgedip bilmersiniz.Yone bugununize gora geljeginizi saylap,uytgedip bilersiniz.
Diyersiniz her zat oz elimizdemi?!

Dowamy »

272 1
Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 9 months ago

Koneler

OGLANLAR NAHILI GYZY SAYLAMALY?!

Sonky dowurde, bizin yurdumyzda bolup gechyan uytgeshmeler sebapli kop gyzlarymyz, oglanlarymyz azyp, gowy dal durmush alyp baryarlar we herkimin ozune gowy yanyoldash tapmagy biraz kynlashdy. Koplench biz oz dostlarymyzyn ya joralarymyzyn gepine gidyaris we sholaryn pikiri bn yashayarys. Sholaryn ide...

Dowamy »

510 6
Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 9 months ago

Durdaneler

In uly baylyk-akyldyr,
in uly gedaylyk-akmaklykdyr.
Gorkularyn in gorkunjy-ozuni soymekdir.
Yagshylygyn in gudratlysy acyk govunlilikdir.
Akmak bilen dostlashmakdan uzakda durun,sebabi ol size komek etmek islese-de zyyan berip biler.
Gysganc bilen dostlashmakdan uzakda durun,sebabi siz ona matach wagtynyz hem kome...

Dowamy »

399 2
Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 9 months ago

Oylanma

Hic hacanam "men beyleki adamlardan pesde,menden has beter guychliler kan " diyp oz umytlarynyzdan el cekman.Oz arzuwdyr-isleglerinizi oz elleriniz bilen gömmäñ.
"Beyigi gorup pikir et,pesi gorup shukur et " diylishi yaly.Oz arzuwdyr-islegleriniz ugrunda goreshin,dogumly, maksada okgunly bolun.
Her bir adamda "men belki bashararyn...

Dowamy »

225 0
Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 9 months ago

Aşyr Salyh ogly Görmäge geldim

(Eýranly doganlarymyzyñkyda okalan goşgy)

Köpetdagyñ her derisin gulaçlap,
Mähribanlar sizi görmäga geldim.
Ýürek biýre baglap, bar işim taşlap,
Derdu ahwalyñyz sormaga geldim.

Gözden uçsañyzam ýūrek zary siz.
Dogalarymyñ heñi çekilen tary siz
Ýarym göwräm onda,galan ýary siz
...

Dowamy »

246 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 9 months ago

Jelaletdin Rumy Hökümdar hem halypa (hekaýa)

Ýurduň hökümdary günleň bir güni
Öz halypasyndan soranmyş şuny:

«Kemiň bolsa iýmek-geýmek babatda,
Maňa duýduraýgyn ýagdaýyň hakda.

Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa,
Meniň üçin batma gaýgy-endişä,

Iki sany gul bar meniň elimde,
Olar ykbalyňy çözýär seniň-de!»

Ş...

Dowamy »

266 2
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 9 months ago

Nowruz Güýjowden iki goşgy

Akar suw

Şirrildisi şirin mukam,
Durna göz suw akyp barýar.
Badyn gowşatman elmydam,
Teşneleri ýakyp barýar.

Janly-jandaryň arzuwy,
Bütin dünýäde arzyly,
Wada berip bol hasyly,
Menzilleri söküp barýar.

Topraga bagş edip baryn,
Ösdürip alma-enaryn,
G...

Dowamy »

242 3
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 9 months ago