Eliñden gidirip arzyly zadyñ,
Dünýäñ derdi bilen aglap gördüñmi ?
Gözden gam inende, soralsa halyñ,
"Aý gowy-la" diýip aldap gördüñmi ?

Gijelerne ýalñyz galyp gördüñmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyñ ?
Gülkiñe gussañy garyp gördüñmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala ?

Gördüñmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir birzady küýsän mahalyñ ?
Awunyp gördüñmi minnetli gepden ?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyñ ?

Käte-käte adam gözläp gördüñmi ?
Elewräp gördüñmi ýüregiñ gysyp ?
Uzak menzillere ugrap gördüñmi,
Kiçijik haltañy arkañdan asyp ?

Dañlyp gördüñmi soñsuz soraga,
Jogap tapman ýüregiñi çişirip ?
Garaşyp gördüñmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap ýatyp işige ?

Awtoryny bilýän ýazaýsyn

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir