Düýş
J.I.Kustonyň tymsalyna ýanama
Şu günler üýtgeşik duýga sepleşdim,
Düýn düýşümde ýylan bilen gepleşdim.

Diýdim "Zäher neçüýn saňa berildi,
Çakan zadyň sagat geçmän serildi.

Aýaksyzam bolsaň batly ýörediň,
Adamzada gorky bolup dörediň.

Bize berlen bolsa köp bordy derman,
Sagdyn borduk, beýle kösenip ýörmän"

Ýylan seretdi-de "Pikir et..." diýdi,
"Hemem sen bir zada şükür et" diýdi.

Diýdi "Zäher berlen bolsa adama,
Garaşmak gerek däl asla ýardama.

Dünýäni adamsyz soldurardyňyz,
Bir-biriňi çakyp öldürerdiňiz..."
Kerimhally

11.10.2021 13:16

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir